INNOWASION USULLARYŇ IŞJEŇLIGI
16-10-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda alnyp barylýan işleri döwrebap ösdürip, öz milli köklerimiz esasynda guramak, ösüp gelýän ýaş nesli ata-babalarymyzyň göreldesinde terbiýelemek mugallymlaryň öňündäki esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Ýurdumyzda sanly bilim esasynda üznüksiz bilim üçin giň mümkinçilikler döredilip, okatmagyň usullary yzygiderli baýlaşdyrylýar. Innowasion usulda sanly bilim we dünýä tejribesi okuw işine ornaşdyrylýar. Bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalary ýokary hilli elektron göterijilerdäki maglumatlar esasynda kämilleşdirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly dolandyryş ulgamyna geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şol sanda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” hem-de “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” esasynda mekdeplerde, bilim edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak işiniň gerimi barha giňeýär. Innowasion tehnologiýalardan işjeň peýdalanmak biologiýa sapaklarynda berilýän bilimiň okuwçylar tarapyndan aňly-düşünjeli özleşdirilmeginiň bir serişdesidir. Olar sapagyň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga, okuwçylaryň işjeňligini artdyrmaga täsir edýär. Biologiýa sapaklarynda multimedia tagtasynda geçirilýän test soraglary okuwçylaryň nazaryýetde alan bilimlerini anyklamaga, olary tejribede ulanyp bilmek endiklerini ösdürmäge gönükdirilýär.
Testler öwredilýän maglumatlaryň aýdyň, gyzykly bolmagyna we mugallymyň sapakda wagtyny tygşytlamagyna täsir edýär. Olarda berilýän soraglaryň durmuş we dersara baglanyşykly bolmagy, maglumatlaryň okuwçynyň ýaş aýratynlygyna görä ýerlikli ulanylmagy her bir okuw maglumatynyň yzygiderli, tema bilen bitewi bolmagyna, ýaş nesillerimizi özbaşdak pikirlendirmäge gönükdirýär. Biologiýa sapaklarynda ulanylýan adalgalary öwretmek ýaly maksatly işler yzygiderli alnyp barylýar. Testlerde berilýän jogabyň söz ýa-da sözler toplumy görnüşinde berilmegi okuwçylaryň biologik adalgalary çalt, dogry öwrenmeklerine täsir edýär. Biologik köpdürlilikler bilen baglanyşykly testler geçirilende Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplaryndan peýdalanmak bolar.
Meselem, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopedik kitabyndan dermanlyk ösümlikleriň ähmiýeti bilen baglanyşykly testleri ulanmak bolar. Ýurdumyzda bitýän dermanlyk ösümlikler hakyndaky maglumatlar sapagyň bilim we terbiýeçilik maksadyny dersara baglanyşykda amala aşyrmaga kömek edýär. Birnäçe saýaly we miweli agaçlar barada umumy düşünjeleri bolan okuwçylar olaryň ýurdumyzda duş gelýän ýerlerine, aýratynlyklaryna we ynsan saglygy üçin nähili zerurlygyna göz ýetirýärler. Geçilenleri umumylaşdyrmak boýunça alynýan jemleýji testlerdäki maglumatlaryň manysy temalaryň yzygiderliligi boýunça guralýan sapaklarda düşündirilýär. Olary okuwçylaryň aňly-düşünjeli özleşdirmekleri gazanylýar. Şeýlelikde, biologik köpdürlilikleriň ähmiýetini okuwçylara testiň geçiriliş dowamynda düşündirmek zerurlygy ýüze çykmaýar. Biologiýa sapaklarynda testleri yzygiderli peýdalanmak okuwçylaryň öz güýjüne, ukybyna akyl ýetirip bilmeklerini üpjün edýär. Bu işler ýurdumyzda bilim ulgamyny sanlylaşdyrmaga we netijede ösüp gelýän ýaş nesle ýokary hilli, kämil bilim bermäge ýardam edýär.
Dünýäniň ösen tejribeleriniň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimli, terbiýeli, tejribeli şahsyýetleriň taýýarlanmagyna we kemala gelmegine oňyn täsir edýär. Şoňa jogap edip, biz bilim işgärleri ýaş nesliň Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepaly bolup ýetişmegi hem-de dünýä ülňülerine laýyk bilim almagy üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sag bolsun aýdýarys!
Merdan ATAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Çaga hirurgiýasy kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.