GADYMY HEM MÜDIMI HALY SUNGATY

24-10-25

Haly - bu mährem enelerimiziň, gelin-gyzlaryň el hünäriniň gudraty bilen döreýän nepis sungat, özem gadymy sungat. Göreniňden özüne maýyl edýän halynyň taryhyna ser salsaň, özüň şol sungatyň eýesi bolan halkyň perzendidigiňe guwanýarsyň. Gadymdan bäri inçe sungat hökmünde tanalýan türkmen haly görnüşlerine teke, ýomut, beşir, ärsary, çowdur taýpa halylary girýär. Her taýpanyň, toplumyň haly gölleriniň özüne laýyk gelýän manysynyň bolmagy hem bu sungatyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýandygyna aýdyň subutnamadyr. Munuň özi ene-mamalarymyzyň çeper ellerinden dörän, türkmen dünýäsiniň taryhyny, tebigatymyzyň gözelliklerini, zenan kalbynyň tämizligini özünde jemleýän halyçylyk sungatymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilmegidir.

Türkmen halysynyň gadymy wagtlardan bäri dokalyp gelinýändigine taryhy maglumatlar, ylmy çeşmeler, dünýäniň muzeýlerinde gabat gelýän halylar we haly önümleri, taryhçy syýahatçylaryň ýazgylary, gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan haly önümleri we beýleki maglumatlar şaýatlyk edýär. Häzirki durmuşymyzda ulanylýan halylaryň we haly önümleriniň gadymy kökleri türkmen taryhynyň gadymylygyna, onuň geçmişde beýik sungatynyň bolandygyna biziň ata-babalarymyzyň häzirki Türkmenistanyň topragynda hemişe ýaşandygyna güwä geçýär. Eneolit we bürünç eýýamlaryndan başlap türkmenleriň ata-babalarynda halyçylyk sungatynyň bolandygyny, bu sungatyň gündelik hojalyk durmuşlarynda uly orun tutandygyny tassyklaýan garaşylmadyk we jedelsiz maglumatlaryň käbirine ser salalyň.

Köp ýyllaryň dowamynda gazuw-agtaryş işlerini geçiren belli alym I.N.Hlopiniň ýolbaşçylygynda XX asyryň 70-nji ýyllarynda arheologiýa agtaryş topary tarapyndan Sumbar jülgesinden bürünçden ýasalan kesiji gurallaryň tapylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Alym Sumbar jülgesinde geçirilen gözleg işleriniň netijesinde biziň eýýamymyzdan öňki II müň ýyllyga degişli gatlaklardan bürünçden ýasalan haly keserlerini hem tapmagy başardy. Bu tapylan haly keserler barada I. N. Hlopin: “Biziň döwürdeş zenanlarymyzyň haly erşini kesmek üçin ulanýan demir keserleriniň şol gadymy döwre degişli tapyndylardan birjigem üýtgeşik däldigi haýran galdyrýar. Eýýäm biziň eýýamymyzdan ozalky II müňýyllygyň soňky asyrlarynda türkmen zenanlary halyçylyk senedinde kämil görnüşli haly keserlerden peýdalanypdyrlar. Muňa esaslanyp, haly sungatynyň döreýşiniň kökleri ol döwürden hem has uzaklara, mümkin eneolit eýýamynyň ösen we giçki döwürlerine degişli bolmagynyň hem ahmaldygyny aýtsa bolar” - diýip türkmen halylarynyň köklerini çuňluklardan alyp gaýdýandygyny taryhy deliller bilen beýan edýär.

Türkmen haly önümçiliginiň gadymylygyna şaýatlyk edýän delilleriň ýene-de biri hem gazuw-agtaryş işleri geçirlende tapylýan taňsyk önümlerindäki nagyşlardyr. Bularyň has gadymylary biziň eýaýmymyzdan öň V-III müňýyllyklara degişli bolup, häzirki Tejen we Sakarçäge etraplarynyň aralygynda ýerleşen Göksüýri ýadygärliklerinden tapyldy. Bu meňzeşlikler halylarymyzyň biziň eýýamymyzdan V müň ýyl öň hem häzirki Türkmenistanyň topragynda dokalandygynyň şaýadydyr. Türkmenistanyň gadymy obalarynda eýýam onlarça ýyllap gazuw-agtaryş işlerini geçiren belli arheolog W.I.Sarianidi hem şeýle netijä gelýär: “Garagumyň yssysynda dokma önümleri köp saklanmaýar, emma gadymy döwürlerden gaplaryň ýüzlerinde bir-birine meňzeş haly nagyşlaryny görüp bileris. Bu bolsa türkmen halylaryna örän meňzeş. Bu keramikalardaky şekiller pars, kawkaz halylarynda ýok, olar diňe türkmen halylarynda bar. Türkmen halylarynyň düşegi syk açyk gyzyl. Bular ýaly reňkler Günorta Türkmenistandan tapylýan gaplaryň ýüzünde-de bar” - diýip ýazýar.

Bu barada sungatşynas G.A.Pugaçenkowa bolsa: “Günorta Türkmenistanyň nagyşly taňsyk önümleri nagşyň şol gadym zamanlaryň gadymy sungatynda gazanylan şeýle beýik üstünlik bolandygyny görkezýär. Onda bezegleriniň gurluşlarynyň dürlüligini kesgitleýän sazlaşygyň, deňölçegliligiň, ýönekeý açyk reňk utgaşmalarynyň tebigatda gözegçilik edilen we adam zähmeti bilen işlenip taýýarlanylan kanunalaýyklyklary tejribä esaslanyp tapyldy” - diýip belleýär. Arheolog Öwez Gündogdyýew hem Günorta Türkmenistandan biziň eýýamymyzdan öňki II ýyllyklara degişli ýadygärliklerden tapylan taňsyk önümlerindäki nagyşlaryň türkmen zenanalarynyň häzirki döwürde dokaýan halylaryndaky “ahal-teke”, “zerbaf”, “aýna göl”, “gapyrga” ýaly nagyşlaryna meňzeşdigini delilleriň üsti bilen düşündirýär. Bu aýdylan delilleriň ählisi türkmenlerde haly önümçiliginiň gözbaşyny gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýtýandygyna şaýatlyk edýär.

Häzirki döwürde Angliýa, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Ispaniýa, Awstriýa, Şwesiýa, ABŞ, Eýran, Türkiýe, Müsür we başga-da birnäçe döwletleriň muzeýlerinde hem türkmen halylary görnükli ýerleri eýeleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halyçylyk sungatymyzyň şeýle belent derejä ýetirilmeginde Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň halyçylygy ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän işleriniň, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly kitaplarynyň ähmiýeti örän uludyr. Milli mirasymyzy, buýsançly gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda, medeni gatnaşyklarymyzy ösdürmekde, dost-doganlyk ýollaryny berkitmekde bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly  Gahryman Serdarymyza hoşallyklarymyzyň çägi ýokdur. Bize işlemäge, ýaşamaga şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

Leýli ÖWEZBERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.