GEÇMIŞIŇ ŞÖHRATLY, GELJEGIŇ AÝDYŇ

24-10-25

Uzak Gündogardan gözbaş alyp, Günbatarda Ortaýer deňzine çenli uzap gidýän Beýik Ýüpek ýoly Türkmenistanyň çäginde hem birnäçe şäherleriň, galalaryň, kerwensaraýlaryň üstünden geçipdir. Bu bolsa türkmen topragynda ýerleşen şäherleriň ählitaraplaýyn gülläp ösmegine amatly şert döredipdir. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen halkymyzyň baý taryhyny öwrenmäge we ýaş nesle wagyz etmäge uly ähmiýet berilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistan dürli ulag ýollarynyň sazlaşykly ösüşi bilen özüniň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky möhüm söwda merkezleriniň biri hökmündäki gadymy şöhratyny döwrebap görnüşde dikeldýär.

Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ýollarynyň köp ugurlary Ortaýer deňzinden tä Hytaýa çenli baryp, gadymy geçmişde we orta asyrlarda söwda gatnaşyklary we Günbatar bilen Gündogaryň medeniýetleriniň arabaglanyşygyny üpjün etdi. Beýik Ýüpek ýolunyň has köp bölegi Orta Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň üstünden hem geçipdir. Hytaýyň ýüpegi, Hindistanyň hoşboýlary we gymmat baha tebigy reňkli daşlary we ençeme başga-da harytlar bilen ýüklenen kerwenler Garagumuň içinden Merwiň we Horezmiň jülgelerinden, Murgabyň we Amyderýanyň üstünden aşypdyrlar.

Kerwenleriň ugrunda baý-baý şäherler, söwda-senetçilik ilatly ýerler, kerwensaraýlar, metjitler we medreseler gülläp ösüpdir. Şol wagtlardan galan ençeme taryhy ýadygärlikler bar. Olaryň arasynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä taryhy ýadygärlikleriniň sanawyna giren gadymy we orta asyr binagärligiň merjenleri — Gadymy Nusaý, Köneürgenç we Gadymy Merw ýadygärlikleri bar. Diýarymyzda alnyp barylýan gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde gadymy taryh dikeldilýär, dürli etniki jemgyýetleriniň döreýşi we ösüşi, ykdysadyýeti, ýaşaýşy, medeniýeti şeýle-de özara medeni täsirleri we halkara hyzmatdaşlygy öwrenilýär.

Iri şäherleriň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýoly söwdanyň we senetçiligiň ösmegine ýardam beripdir. Taryhy çeşmelerde Merw, Sarahs we Nusaý söwda-satuw we pul dolanyşygyň ösen ýerleri hökmünde tanalýar. Iri şäherlerde bazarlar söwdanyň we senetçiligiň merkezleri bolup, olaryň içinde dokmaçylyk has giňden ýaýran önümçilik bolupdyr. Dokma önümleri ýüňden, kendirden, pagtadan we ýüpekden dokalypdyr. Merwde, Abywertde, Nusaýda dokalan matalar bolçulygyň we aňrybaşlylygyň nyşany hasaplanypdyr. Dokma önümçiliginden başga-da bu şäherlerde küýzegärlik, zergärlik, çüýşe we deri önümçiligi giňden ýaýrap, ol daşky we içki bazarlary gerek zatlar bilen üpjün edipdir. Orta Aziýanyň we Ýewropanyň arasyndaky söwda we medeni gatnaşyklarynyň ösmeginde Horezmiň merkezi şäheri bolan Ürgenç uly ähmiýete eýe bolupdyr. Arap çeşmelerinde harytly kerwenleriň Bulgariýadan Horezme we yzyna hemişe gatnaýandyklary baradaky maglumatlar bar.

Türkmenistan häzirki wagtda gadymy Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldýär, ýagny transmilli awtoulag, demirýol we gazgeçirijileriň üsti bilen daşary ykdysady hyzmatdaşlygy, medeni we syýahatçylyk gatnaşyklary ösdürýär. Ýurdumyzda demir ýollaryň halkara ähmiýetli müňlerçe kilometri çekildi, täze deňiz we howa duralgalary gurulýar hem-de hereket edýänleri döwrebaplaşdyrylýar. Olaryň hemmesi bir bitewi uly logistik zynjyryň halkasy bolup, onuň işiniň oňat guralmagy milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, halkara söwda gatnaşyklaryny we ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin zerur şertleri döretmäge hyzmat eder.

Şeýle üstünlikler gazanylýan ýokary netijeler bilen gadymy hem müdimi türkmen halky hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny uly ruhubelentlik bilen bellemäge taýýarlyk görýär. Şeýle bagtyýarlyklaryň başynda duran, halkyň arzuw-umytlaryny myrat edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, beýik işleri rowaç bolsun!

Şöhrat HUDAÝBERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Mikrobiologiýa kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.