SANLY YKDYSADYÝET — DÖWLETIMIZIŇ DURNUKLY ÖSÜŞINIŇ MÖHÜM UGRY
02-10-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda kabul edilen «Türkmenistanda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli amala aşyrylýar. Bu resminama pudaklary tehnologiýa taýdan özgertmegiň hem-de döwlet tarapyndan dolandyrmagyň, ýurdumyzyň serişdeler we önümçilik kuwwatynyň esasynda ykdysadyýeti ösdürmegiň özboluşly serişdesi bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda goýýar. Sanlylaşdyrmak — milli ykdysadyýetimizi hil taýdan täze derejä çykarar. Bu babatda döwlet Baştutanymyzyň takyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasy esas bolup durýar.
Sanlylaşdyrmak — milli ykdysadyýetimiz üçin hil taýdan täze döwür bolup, durmuş-ykdysady ösüş babatda döwlet Baştutanymyzyň takyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasy esasynda oňa geçmek mümkin boldy. Ol ösüşiň durnukly oňyn depginini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, degişli şertleriň üýtgemegine uýgunlaşmagy, daşarky ýagdaýlar bilen şertlendirilen töwekgelçilikleriň azalmagyny üpjün etdi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bu ugurda yzygiderli maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar, şol sanda zerur düzümi döretmek boýunça çäreler görülýär. Degişli ugurda kadalaşdyryjy-hukuk binýady kämilleşdirilýär. Bu babatda «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumatlar we olary goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem-de beýlekiler kabul edildi.
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topary döretmek hakynda Kararyň kabul edilmegi möhüm ädimleriň biri boldy. Bu toparyň esasy wezipesi öňde goýlan wezipeleri iş ýüzünde çözmekden ybaratdyr. Şonuň netijesinde hem diwersifikasiýa ýoly bilen ösüşi we senagatlaşdyrmagy, ýokary goşulan bahaly taýýar önümiň öndürilmegini ugur edinýän ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň düzümi üýtgeýär. Hususylaşdyrmak işi dowam edýär. Ýokary tehnologiýaly, ylmy işleri talap edýän we innowasion pudaklary, hususan-da, elektron senagatyny ösdürmegiň binýady goýuldy. Bu ugurda maliýe pudagyna aýratyn orun degişlidir. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň arasynda pul görnüşindäki serişdeleriň çeýe, netijeli paýlanylmagyny üpjün etmek durmuş wezipelerini çözmäge, maýa goýum işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de durnukly ykdysady ösüşi saklamaga, ähli pudaklary öňdebaryjy tehnologiýalara geçirmäge giňden ýardam eder.
Dünýäde tehnologiýa esasly ösen ýurtlaryň tejribesinden görnüşi ýaly, hut sanlylaşdyrmak işi olara batly depginler bilen öňe gitmäge hem-de dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmaga uly mümkinçilik berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz hökümeti, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylaryny ählumumy meýillere hem-de ähli derejede halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirýär.
Ýurdumyzyň ösüşiniň geljegi daşarky şertleriň güýçlenmegi: dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmak, özara bähbitli söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ylmy-tehniki ösüş babatda özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň peýda bolmagy, adamzat üçin umumy meseleleriň ylalaşylan çözgütlerini işläp taýýarlamak bilen gös-göni baglydyr.
2030-njy ýyla çenli döwür üçin dünýäniň gün tertibi hem-de milli syýasat ýurdumyzda amala aşyrylýan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek boýunça işler bilen ýakyndan baglydyr. DÖM babatda Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň amala aşyrylmagy bar bolan ähli serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmakda jemlenip, durmuş ulgamy şol wagtda halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, ekologiýa ulgamy bolsa daşky gurşawyň goralmagyny üpjün etmäge hem-de tebigata aýawly garamaga gönükdirilendir.
Döwlet maksatnamalaryna we iri ykdysady taslamalara ornaşdyrylan DÖM-ni ýerine ýetirmek üçin sanly tehnologiýalaryň artykmaçlygy aýdyňdyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda telelukmançylygyň, onlaýn bilimiň hem-de uzak aralykdan okatmagyň, elektron hökümetiň gurallarynyň ösdürilmegini höweslendirýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi bilen, bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýokary we orta okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlar hem-de bilim ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler «Sanly bilim» portalyndan giňden peýdalanmaga mümkinçilik aldylar.
Berkarar döwletimizde sanly ykdysadyýetiň pugtalandyrylmagy, halkymyza hödürlenýän hyzmatlarynyň hil derejesiniň barha ýokarlanmagy, ilatymyzyň häzirki zaman tehnologiýalaryndan elýeterli peýdalanmagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, Watanymyzy gülletmek ugrunda alyp barýan beýik başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Gymmat AKYÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.