Daşary ýurt dillerini öwretmekde sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

13-12-24

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda bilim ulgamynyň işiniň netijeliliginiň ýokarlanmagyna yzygiderli üns berilýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň uly ösüşlere eýe bolýandygyny orta we ýokary okuw mekdeplerde innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylýanlygyndan hem görmek bolýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşyň ähli ugurlarynda täze tehnologiýalaryň mümkinçiliginden giňden peýdalanylýar. Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde ulanylýan döwrebap serişdeleriň biri hem kompýuterlerdir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlarymyzyň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan islegleri artýar.

Beýleki dersler bilen bir hatarda, daşary ýurt dillerini öwretmekde tehniki serişdeleriň yzygiderli ulanylmagy oňyn netije berýär. Tehniki serişdeler arkaly döredilýän «janly sözleýişler» talyplaryň daşary ýurt dilini öwrenmäge bolan höwesini artdyrýar. Daşary ýurt dili öwredilýän sapakda häzirki döwrüň ösen tehnologiýalaryndan peýdalanyp, talyplaryň bu dili çuňňur öwrenmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Talyplara daşary ýurt dilini öwretmek üçin interaktiw tagtada beýan edilen maglumatlardan peýdalanmaga, öwredilýän dilde ýazyp, okap, terjime etmäge we onuň ses ýazgylaryny diňlemäge, wideoşekillere tomaşa etmäge uly mümkinçilikler bar. Islendik dersi alanymyzda hem, talyplaryň ünsüni sapaga çekip, olarda öwrenilýän derse bolan höwes döretmegi başarmak mugallymyň baş maksady bolup durýar. Interaktiw materiallaryň, görkezme esbaplaryň, degişli suratlaryň peýdalanylmagy talyplaryň ünsüni sapaga gönükdirýär. Şeýle usuldan peýdalanylmagy talyplarda sözleýiş endigini kemala getirip, dili özleşdirmäge ýardam berýär.

Portal arkaly mugallym bilen talybyň hyzmatdaşlygy ilki bilen wagty tygşytlamaga, her bir talyp bilen anyk işlemäge, daşary ýurt dillerini sanly ulgamyň syrlaryna içgin aralaşmak bilen utgaşykly öwrenmäge mümkinçilik berýär. Häzirki döwrüň tehnologiýasyndan habarly, okatmagyň döwrebap usullaryndan netijeli peýdalanmagy başarýan, daşary ýurt dilini okadýan mugallym sapagyň temasyna görä slaýdlardan, ses we wideoşekillerden ýerlikli peýdalanyp, talyplaryň bilim derejesini artdyryp bilýär.

Talyplara eşitdirilýän we görkezilýän şekilleriň düşnükli bolmagyny gazanmak üçin, ilki bilen, mugallym talyplary görkeziljek wideoşekiliň mazmuny bilen tanyşdyryp, olara ulanylýan täze sözleri we söz düzümlerini öwretmeli. Şeýle hem talyplaryň sözleýiş dilini baýlaşdyrmak üçin täze öwrenen sözlerini gepleşik dilinde ulanmagyny gazanmak zerurdyr. Islendik daşary ýurt dilini öwretmek üçin talyplaryň gündelik sözleýiş endiklerini artdyryp, gepleşik dilde ulanmaklaryny ýola goýmak dil öwretmegiň iň ygtybarly usuly hasaplanýar.

Sanly bilim ulgamy arkaly uzak aralykdan sapagy dolandyrmak, elektron resminamalaryň dolanyşygyny girizmek möhümdir. Bu bolsa elektron žurnal, elektron maglumat üpjünçiligi, bir wagtyň özünde ähli talyplar bilen birlikde işlemek we göni aragatnaşyga girmek, teleköpri arkaly sapak geçmek, talyplaryň bilim derejelerini barlamak we olary bahalandyrmakda gözegçiligi ýola goýmak, baý maglumatlar toplumy bilen üpjün etmek ýaly ençeme ýeňillikleri döredýär.

Nurgözel ATDAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.