MILLI SUNGATYMYZ ÝUNESKO-nyň SANAWYNDA

21-12-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent maksatly tutumlar barha rowaçlanýar. Döwletimizde medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, kämilleşdirip, ösdürip, geljekki nesillere ýetirmäge uly üns berilýär. Türkmen halylarynyň şan-şöhraty älem-jahana ýaýylýar. Asyrlaryň dowamynda halkymyz haly we haly önümlerini dokamagyň inçe syrlaryny, olaryň özboluşly tilsimlerini örän aýawly saklap, biziň häzirki günlerimize ýetirdi. Halylarymyzyň gölleriniň, nagyşlarynyň özboluşly, täsin dünýäsi bar. Türkmen zenanlarynyň zehin-başarnygynyň, yhlasly, irginsiz zähmetiniň miwesi bolan bu sungaty synlanyňda, ajaýyp duýgyny başdan geçirýärsiň.

Bu günki günde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy, öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda türkmen gelin-gyzlarynyň çeper elleriniň hünäri bolan älemgoşar öwüşginli halylarymyzyň şan-şöhraty has-da artýar. Şunuň bilen birlikde gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli mirasymyzy gorap saklamakda, kämilleşdirmekde, ýaş nesle ýetirmekde we dünýä ýaýmakda hem uly işler edilýär. Ýyllar geçdigiçe bolsa. olara täze öwüşgin çaýylýar. Bu ugurda ýetilen sepgitler dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň ylym, bilim we medeniýet boýunça guramasynyň Kolumbiýanyň Bogota şäherinde geçirilen hökümetara 14-nji mejlisinde türkmen milli halyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüdi halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrdy. Munuň özi ene-mamalarymyzyň çeper ellerinden dörän, türkmen dünýäsiniň taryhyny, tebigatymyzyň gözelliklerini, zenan kalbynyň tämizligini özünde jemleýän halyçylyk sungatymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilmegidir. Gahryman Arkadagymyzyň halyçylyk sungatynyň gadymy nusgalaryny dikeltmekde, täze döwrebap nusgalary döretmekde, türkmen öýlerini, toýlaryny bezeýän milli halylarymyzyň ajaýyp nagyşlaryny dokamakda öz ussatlyklaryny, şahsy başarnyklaryny açyp görkezýän, on barmagyndan dür dökülýän halyçy gelin-gyzlarymyza döredijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli şertleri döretmek boýunça amala aşyrýan tutumly işleriniň dabaralanmasydyr.

Halkymyzyň şöhratly taryhyny, gaýduwsyz gahrymançylygyny, gözel tebigatymyzyň ajaýyp keşbini hem-de pederlerimiziň çuň mana ýugrulan pähim-parasadyny zenanlar öz nepis halylarynyň öçmejek göllerine siňdirip, gadymy döwürlerden biziň günlerimize ýetiripdirler. Halyçylyk sungatymyzyň şeýle belent derejä ýetirilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň halyçylygy ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän işleriniň, jöwher paýhasyndan dörän «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplarynyň ähmiýeti örän uludyr.

Milli mirasymyzy, buýsançly gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda, medeni gatnaşyklarymyzy ösdürmekde, dost-doganlyk ýollaryny berkitmekde bimöçber aladalary edýän milli Liderimize we hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýarys! Il-ýurt bähbitli we umumadamzat ähmiýetli beýik işleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Merjen DURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Jemgyyeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.