TÜRKMENIŇ BUÝSANJY GÖZEL AŞGABAT
24-10-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz rowaçlyklara beslenýär. Beýik ösüşleriň ýolundan ynamly öňe barýan ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli, netijeli işler halkymyzyň geljegine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda paýtagtymyzy ösdürmegiň barşynda birnäçe işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzyň ajaýyp gözelligi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şonuň üçin gözel paýtagtymyz Aşgabat Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ajaýyp günlerinde hem tanalmaz derejede özgerýär. Gülläp ösýän paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyklar, ýerine ýetirilýän ykbal özgerdiji işler rowaçlyklara beslenýän ýurdumyzyň sahypalaryna zer harplar bilen ýazylýar. Bu amal edilýän her bir işde anyk netije, taryhy hakykat, geljegimiz aýdyň şöhlelenýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň binagärlik-şähergurluşyk maksatnamasynyň esasynda gün-günden pajarlap ösýän paýtagtymyz milli binagärlik sungatymyzyň iň soňky gazananlarynyň Ýewropa biçüwleri bilen utgaşdyrylmagyndan bütinleý diýen ýaly täze keşbe girdi. Nesillerimize ebedi miras galan gadymy binagärlik senedi türkmen halkynyň häzirki eşretli hem-de nurana günlerinde, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde beýik sungat derejesine ýetirildi. Muňa Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, ak şäherimiz Aşgabatda bina edilen depesi tylla gümmezli köşgi-eýwanlary, başy bulutlary guçýan belent ymaratlary, otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan köp gatly, has oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny, türkmen myhmansöýerliginiň nusgasyna öwrülip öwşün atýan ak mermerli owadan myhmanhanalary, göwünlerimiziň joşgunyna, kalbymyzyň perwazyna meňzäp asmana atylýan, biri-birinden täsin suw çüwdürimler toplumlaryny, gözel Diýarymyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýän, ynsanlary biri-birine golaýlaşdyrýan rowana ýollary mysal getirmek mümkin.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrülen Diýarymyzda, şeýle hem Aşgabat şäherinde giň gerim bilen gurulýan ak mermerli binalar hem-de desgalar türkmen halkynyň guwanjyna öwrülýär. Şeýle bagtyýar döwürde raýatlarymyzyň abadan durmuşy baradaky alada netijesinde Arkadagly Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen baş ýörelgesi üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bahasyna ýetip bolmajak bu beýik işler bagtyýar halkymyzda durmuşa we ýaşaýşa söýgi, höwes döredýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen paýtagtymyzy durmuş ykdysady taýdan ösdürmek, şähergurluşyk maksatnamalaryny durmuşa geçirmek işleri tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan ösüşleriň, üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň ählisi, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň asuda durmuşda parahat ýaşaýşyny üpjün etmeklige gönükdirilendir. Türkmen halky “Ak zat alnyňa ýagşy” diýip, ýagşy ýörelgä eýerýär. Paýtagtymyzyň ak mermer binalary türkmeniň ak kalbyna çalymdaşdyr. Ady älem içre aýdym bolup ýaňlanýan Aşgabat şäherimiz agzybirligiň, asudalygyň we baky abadançylygyň merkezidir. Täze eýýamda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen gurlup, ulanylmaga berlen ajaýyp desgalaryň birnäçesiniň, şeýle hem gözel paýtagtymyzyň özüniň ak mermer bilen örtülen binalarynyň köplügi bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendigi bolsa türkmen döwletiniň binagärlik sungatynyň belent sepgitlere ýetendiginiň nyşanydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ak şäherimiz Aşgabat gün-günden ösýär, gözelleşýär. Bu edilýän işleriň ählisi hem hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş-durmuş derejeleriniň gowulandyrylmagy, ata Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Aýdyň geljegi nazarlap, bedew bady bilen öňe barýan asuda, abadan döwletimizde eşretli eýýamly, döwletli-döwranly halkymyzyň ykbalyny özgerdýän täze röwşen zamanany - Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni peşgeş beren, mermer paýtagtymyz Aşgabat şäherimizi dünýä nusgalyk şähere öwürmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzyn, belent başlary aman bolsun!
Halyk MÄMMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Trawmatologiýa we ortopediýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.