Diýarymyzyň gözel tebigatyny goralyň!
28-10-24

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen topragynda güýz pasly dowam edýär. Ösümlik we haýwanat dünýäsine örän baý türkmen tebigatynyň daglary, düzleri, derýalary, sähralary özüne mahsus bolan aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Bedew batly ösüşlere beslenen ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen, bag ekmek, daşky gurşawy, tebigatyň bize eçilen täsinliklerini, baýlyklaryny goramak ýaly asylly işlere giňişleýin badalga berilýär.
Bag nahallaryny ösdürip ýetişdirmek, tokaý zolaklaryny döretmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasatly başlangyjy bilen, ählihalk işine öwrüldi. Sanlyja ýylyň içinde paýtagtymyzyň, welaýat merkezleriniň töwereklerinde, dag eteklerinde müňlerçe gektara uzap gidýän tokaý zolaklary döredildi. Häzirki wagtda baýyrlyklarda belent başly, hemişe gök öwüsýän tokaýlar kemala geldi. Her ýylda bolsa olaryň çägi barha giňelýär. Bu bolsa halkymyzyň yhlasly zähmetiniň aýdyň miwesidir. Alymlaryň hem-de hünärmenleriň bellemeklerine görä, şeýle tokaý zolaklary howada kislorodyň artmagyna we onuň dürli tozan galyndylaryndan arassalanmagyna, ynsan saglygyna uly täsir edýär. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynda şeýle gök zolaklary döretmek we gowulandyrmak, olary aýawly saklamak ählumumy ýörelge edilip goýulýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekdäki beýik işleri biziň her birimiz üçin nusgalyk mekdepdir.
Halkymyzyň ýiti pähim-paýhasyndan döräp, biziň günlerimize ýetip gelen «Bagy baryň saýasy bar», «Bagy baryň miwesi bar» diýen parasatly jümleler bag ekmek, baglara ideg etmek, tebigaty goramak ýaly asylly işleriň örän gadym döwürlerden gözbaş alýandygyna güwä geçýär. Şeýlelikde, Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler ýurtda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň möhüm bölegine öwrüldi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gök zolaklary döredýän hem-de ýaşajyk bag nahallary bilen gurşalan ýaýlalar göreni haýrana goýýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky başlangyçlary ildeşlerimiziň giň goldawyna eýe bolup, soňky ýyllarda ekilýän millionlarça agaç nahallary Diýarymyzda aňyrsyna göz ýetmeýän tokaý zolaklarynyň emele gelmegine getirdi. Ajaýyp paýtagtymyzyn gözelligine görk goşup, daş-töweregiň howasyny arassalaýan, adamyň saglygyny berkidýän ýakymly ysly bezeg agaçlary tutuş ülkämizde köpçülikleýin ekilýär. Şäherleri, şäherçeleri, oba ýerlerini bezemek we sagdynlaşdyrmak bilen birlikde, agaçlar gorag, estetika, arhitektura ähmiýetlerine-de eýedir. Saýaly agaçlaryň, gyrymsy bezeg baglarynyň gymmatly tarapy, olar diňe sagaldyş ähmiýeti bilen çäklenmän, eýsem, adatdan daşary estetik ähmiýete-de eýedir. Olar şäherleriň, obalaryň daş-töweregini gözel keşbe getirip, adamlarda gözellige bolan duýgyny döredýärler. Tebigat bilen ýakyndan ysnyşmagy adamlaryň nerw ulgamyny rahatlandyryp, şähdini açýar. Şeýle-de, baglar «ýaşyl süzgüç» bolup hyzmat edýär. Bir gektar ýerde ösýän agaçlar her ýylda howadan 50-70 tonna tozany sorup alýar. Dürli görnüşli agaçlaryň köpüsi kükürtli gazy, azodyň, uglewodyň birleşmelerini, hlory özüne siňdirýär. Howany mehaniki arassalamak usullaryndan başga-da, baglaryň täsiri bilen biologik taýdan arassalanma-da bolup geçýär.
Köpimize mälim bolşy ýaly, baglaryňdyr tokaýlaryň howanyň hapalanmagynyň öňüni alýandygyny hünärmenler tarapyndan tassyklan hakykatdyr. Tokaý agaçlarynyň täsiri bilen howanyň himiki düzümi, fiziki ýagdaýy hem gowulanýar. Bir gektar meýdandaky agaçlar her sagatda 8 litre golaý kömürturşy gazyny sorup alýarlar. Bu mukdar 200 adamyň dem alanda çykarýan gazyna barabardyr. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, Yer togalagynyň ösümlik örtügi bir ýylyň dowamynda ynsanyň ýaşaýşy üçin zerur bolan organiki maddalaryň 177 million tonnasyny öndürýär.
Gury ýer tarapyndan bugardylan suwuň öweziniň 90 göterimini ösümlikler dolýar. Bir düýp agaç 24 sagadyň dowamynda 3 adamyň dem almagy üçin zerur bolan tämiz howany daşky gurşawa bölüp çykarýar. Bir gektar agaç ösüş döwründe 5-7 tonna kömürturşy gazy sorup alyp, öwezine 4-6 tonna kislorod bilen howany baýlaşdyrýar. Baglaryň howany çyglylandyrmakdaky ähmiýeti-de ondan pes däldir.
Adam, jemgyýet tarapyndan tebigy serişdeleriň sarp edilmegi, olardan peýdalanylmagy hem-de tebigatyň aýry-aýry bölekleriniň hojalyk we beýleki wezipeleri çözmek üçin uýgunlaşdyrylyp üýtgedilmegi daşky gurşawyň ýagdaýyna täsir edýär. Netijede tebigy gurşawda bolup geçýän özgertmeler adamyň özüne hem täsir edýär. Şoňa görä-de, häzirki zaman şertlerinde tebigatdan peýdalanmagyň rejeli amala aşyrylmagy möhüm ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzda howa şertleriniň ygally gelmegi bilen, tebigatymyzyň dürli görnüşli ösümlikleri uly boý alyp, tomus aýlarynda howanyň gyzmagy bilen gurap, tebigatyň gaýtalanmajak gözelliginde ýangyn ýüze çykmak howpy döreýär. Şeýle bolansoň ýangyn howply möwsümde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Aşgabat şäheriniň etegindäki we welaýatlardaky tokaý-seýilgäh zolaklarynda, ýurdumyzyň beýleki tokaý, öri, ekin meýdanlarynda, döwlet serhet ýakalarynda, döwlet goraghanalarynda, dag eteklerinde, 8 we 25 kilometr saglyk ýollarynda, şeýle hem tokaý zolaklaryndan geçýän elektrik howa liniýalarynyň ugurlarynda, elektrik transformatorlaryň daş-töwereklerinde ýangynlaryň öňüni alyş sürüm işleriniň geçirilmeli zerur çäreleriň biridir.
Biziň hemmämiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gözel we baý tebigatynyň, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň abat bolmagyna, haraplanmazlygyna jogäpkärdiris. Şol jogapkärçiligi bir kemsiz ýerine ýetirmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Goý, halkynyň asuda, parahat, bolelin ýaşamagy, ýaş nesilleriň erkin dynç almagy ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Ýazmuhammet ÝUSUPOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýer gurluşygy we kadastrlar taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.