BEHIŞDI BEDEWLER

27-04-23

Türkmen halkynyň uçar ganaty bolan gamyşgulak bedew atlary bu günki gün öz gözelligi bilen bütin dünýä ýüzüni haýrana goýýar. Öz gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan bedew atlary duýgurlygy bilen türkmeniň kyn gününde syrdaşy, uzak ýolda ýoldaşy, gardaşy hasaplanylypdyr. Görogla ýoldaş bolan Gyrat, Döwletýara syrdaş bolan Serhoş hem taryhyň gymmatly gatlarynda öz yzlaryny goýupdyr.

Häzirki wagtda hem ýurdumyzda bedew atlaryna uly üns berilýär. Gözelligi we ýyndamlygy bilen öňe saýlanan atlarymyzyň ady bu günki gün kitaplaryň gatlarynda, şahyrlaryň setirlerinde özleriniň mynasyp orunlaryny tapýarlar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda atçylyk toplumlary gurlup, ulanylmaga berilýär.

Haýwanlaryň arasynda abraý-derejesi babatda ýolbarsa «haýwanlaryň şasy» diýilse, adamlar ahalteke atlaryna «asman şasy» ýa-da «behişdi bedew» diýip, ony has arşa çykarypdyrlar. Türkmenistanda atly sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, halkara derejesindäki ýaryşlary geçirmek, şeýle-de bedewleriň häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda saklanylmagy babatynda zerur bolan ähli şertler döredilýär.

Tohum atlarynyň sany köpeldilip, olara ideg edilýär. Zergärlerimiziň sünnäläp ýasan şaý-sepleri bedewlerimiziň gözelligine gözellik goşýar. Bedewleriň türkmen halkynyň durmuşyndaky we ykbalyndaky möhüm ähmiýeti barada Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ganatly bedewler», «Atda wepa-da bar, sapada», «Gadamy batly bedew» ýaly ajaýyp eserleri atlaryñ gadymy tohumynyň gelip çykyşynyň we kemala gelmeginiň taryhy barada giňişleýin gürrüň berýär. Bu bolsa gyzdan gylykly, ýelden ýyndam gamyşgulak bedewlerimiziň öñem belent derejesiniñ bu günki günde has-da arşa galýandygynyñ aýdyň nyşanydyr.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň türkmen bedewlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, atşynaslyk sungatyny ösdürmek boýunça başyny başlan işleri üstünlikli dowam edýär. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döredip, dünýäde ykrarnama eýe bolan milli gymmatlyklaryna uly sarpa goýulýar. Bu bolsa biziň her birimizde çäksiz buýsanç duýgusyny döredýär.

Gözellikde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleri türkmen toýlarynyň bezegidir. Ajaýyp şaý-seplere bezelen ahalteke bedewlerini göreniňde buýsanjymyz goşalanýar. Türkmen edebiýatynda mynasyp orun alan bedewler bu gün biziň göz guwanjymyzdyr. Pederlerimizden miras galan eserleri gorap saklamak, olary nesillere geçirmek biziň jana-jan borjumyzdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen bedewleriniň waspy has-da belentden ýaňlansyn!

Jangeldi NOBATOW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.