HAZARYŇ HALKARA HÖZIRI

22-07-25

Ajaýyp eýýamda ýurtda ösüşleriň ösüşlere beslenýändigine, tebigatynyňam gözelligine gözellik goşulýandygyna biz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mysalynda bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirdik. Ynsanyň paýhasy hem-de yhlasy bilen tebigatyň görlüp-eşidilmedik derejede owadanlaşyp bilýändigi bolsa, Hazar deňziniň türkmen kenarynda sanlyja ýylyň içinde döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň mysalynda öz aýdyň beýanyna eýe boldy. Bu ajaýyp mekanda, Hazar deňziniň türkmen kenarynda döredilen gözel zolakda geçirilýän çäreleriň, duşuşyklaryň, okuw maslahatlarynyň sanasaň sogaby bar.  Ýakynda Gahryman Arkadagymyz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça III maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işleri bu uly halkara çäräniň taýýarlyk derejesi we bu babatda amala aşyrylýan taslamalar bilen tanyşdy.

Türkmenistan dünýä döwletleri bilen dostlukly we netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýär. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleri bilen alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mysalynda hem görmek bolýar. Häzirki wagtda Hazaryň parahatçylygyň, dostlugyň we ylalaşygyň deňzi hökmünde ykrar edilmegi deňiz bilen çäkleşýän goňşy döwletleriň tagallalarynyň birligini, sebit hyzmatdaşlygynyň oňyn netijelerini şöhlelendirýär. 

Sebit döwletleri üçin strategik ähmiýete eýe bolan deňiz baýlyklaryny özleşdirmek, sebitiň amatly ýerleşiş nukdaýnazaryndan bolsa, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk mümkinçiliklerini peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlygy toplumlaýyn ösdürmek esasy ugurlaryň biridir. Häzirki wagtda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Munuň özi Hazaryň ekologiýa ulgamyny goramaga hem giň mümkinçilikdir.

Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň we beýleki iri forumlaryň münberinden beýan eden hem-de daşky gurşawy goramak, suw-energetika serişdelerini rejeli peýdalanmak we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini çözmäge, Hazar deňziniň ekologiýasyny goramagyň ygtybarly ulgamyny döretmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary halkara bileleşigiň giň goldawyna eýe bolýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň hatarynda Hazar deňziniň daşky gurşawyny, onuň bioserişdelerini gorap saklamak, şeýle hem birnäçe ekologiýa meselelerini çözmek bilen baglanyşykly wezipeleriň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlyk etmäge halkara meýdança boljak “Hazar ekologiýa başlangyjyny” döretmek baradaky teklipleriň bolmagy aýratyn bellenmäge mynasyp ýagdaý boldy.

Hazary parahatçylygyň we ylalaşygyň deňzine, dost-doganlygyň nusgasyna öwürmek ugrundaky umumy maksatlar özara gatnaşyklaryň kesgitleýji şerti bolup durýar. Mundan başga-da, Hazarýaka sebitiniň ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde 2019-njy ýylyň awgustynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumyň ähmiýetini aýratyn bellemek gerek. Forumyň netijeleri Hazar deňziniň diňe bir Hazarýaka döwletleriniň hazynasy bolman, eýsem, onuň geljegi uly mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy arkaly tutuş adamzada hyzmat etmeli tebigy baýlyk hökmünde ykrar edilýändigini äşgär etdi. Durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler syýasaty netijesinde iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak boýunça ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ösüşiň ýokary derejesi üpjün edilýär. Munuň özi halkymyzyň ynsanperwerlik, adalatlylyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň tejribede amal edilmegidir.

Hazaryň ekologik taýdan arassa türkmen kenarynda dünýä derejeli dynç alyş we şypahana toplumy emele geldi. Gönüden-göni Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallasyndan binýat bolan bu syýahatçylyk zolagynda dynç alşa we şypahana ulgamyna degişli döwrebap düzümleriň toplumy halkymyza ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýär. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň ajaýyp kenarynda ýerleşýän «Awaza» köpugurly sport toplumyna BMG-niň howandarlygynda geçiriljek halkara foruma görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz toplumyň binalarynda we onuň çäginde ähli zerur mümkinçilikleriň döredilmelidigini, merkezi girelgäniň öňünde häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda döredilen enjamlaryň ornaşdyrylmalydygyny, olarda bolsa halkara maslahata degişli nyşanlaryň göze gelüwli görnüşde ýerleşdirilmelidigini belledi. 

Milli Liderimiz toplumyň ähli çäginde, ilkinji nobatda, ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.  Dolandyryş merkezinde maslahatyň guramaçylyk ýagdaýynyň ähli ugurlaryny gözegçilikde saklamalydygyny içgin belledi. Forumy guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleriniň anyk meýilnama esasynda alnyp barylmalydygyna ünsi çekip, Gahryman Arkadagymyz bu ugra degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygynyň ähmiýetini belledi. 

Milli Liderimiz toplumyň enjamlaşdyryş işleri bilen hem gyzyklandy. BMG-niň howandarlygynda geçiriljek bu forumda çykyş etjekler, terjimeçiler hem-de forumyň geçişini beýan etjek žurnalistler üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini forumyň köp ugurlary öz içine almalydygyny aýdyp, bu babatda degerli maslahatlaryny berdi.

Umuman, özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýan Hazar deňziniň mümkinçilikleriniň iş ýüzünde netijeli peýdalanylmagy sebitde ýaşaýan halklaryň we tutuş adamzadyň bähbidi üçin Hazarýaka döwletleriniň umumy garaýyşlarynyň berkidilmeginiň wajyplygy bilen baglanyşyklydyr. Hut şonuň üçin-de, bu gün eziz Watanymyzda ýaşaýan her bir türkmenistanlynyň joşgunly kalby Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan mähirli alkyşlara, hoşallyklara beslenendir. Goý, halkymyzy röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri rowaç alsyn!

Aýjeren GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.