SANLY BILIM - TÄZE MÜMKINÇILIKLERE BADALGA
30-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilime aýratyn üns berilýär, ýaşlar döwrebap bilim alýarlar. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär, bilim ulgamynda döwrebap özgertmeleri durmuşa geçirýär. Häzirki täze taryhy eýýamda ýurdumyzy ösdürmegiň milli nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunda iň döwrebap ugurlar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri ylmy esasda öwrenilýär. Bu wezipäni durmuşa geçirmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýaşlara döwrebap bilim bermegiň aýdyň ugurlary kesgitlendi. Şeýle hem bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meselelerinden ugur alynýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlarymyzyň bilimli bolup ýetişmegi üçin dünýä ylmynda gazanylan iň täze, döwrebap tehnologiýalar bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Türkmenistanda bilim ulgamyny ösen döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy toplumlaýyn durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda iň täze, döwrebap kompýuter tehnologiýalary, multimedia ulgamlary bilen üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň giň ulgamy döredildi.
Durmuşa geçirilýän innowasion özgertmeleriň barşynda bilim ulgamynda giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi bu ulgama ylmy-tehniki täzelikleriň ornaşdyrylmagy bilen onuň has-da rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle ösüşleriň hatarynda internetiň we öýjükli aragatnaşygyň 4G hilini, mekdepleriň internet ulgamyna birikdirilmegini, “emekdep” portalynyň işe girizilmegini, multimedia serişdeleri bilen üpjün edilmegini, agzalan ugura ýöriteleşdirilen sergileriň guralmagyny, bäsleşikleriň geçirilmegini, elektron maglumatlar ulgamyny döretmäge girişilmegini, sanly bilim ulgamyna badalga berilmegini... görkezmek bolar. Bilim ulgamynda innowasion özgertmeler tiz durmuşa ornaşdyrylýar. Munuň özi sanly bilim ulgamynyň mümkinçiligini artdyrýar. Sanly bilim ulgamynyň ösdürilmeginde ýaşlaryň iň kämil bilimlere eýe bolmak mümkinçilikleri has-da ýokarlanýar, çünki sanly bilim ösen tehnologiýalaryň üsti bilen amala aşyrylyp, wagtyň tygşytlanmagyna, tiz maglumatlary öwrenmäge mümkinçilik berýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan bilim özgertmeleri ýokary okuw mekdeplerininde-de üstünlikli durmuşa geçirilýär. Täze ýokary okuw mekdepleriniň döredilmegi, ozal bar bolanlaryna täze, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän okuw binalarynyň sowgat edilmegi, olarda täze hünärleriň girizilmegi, ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sanynyň artdyrylmagy, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin zerur bolan şertleriň, mümkinçilikleriň döredilmegi bilim ulgamynyň belent sepgitleri nazarlaýandygyna şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen bilim ulgamyny gurşap alan toplumlaýyn özgertmeler diňe bir ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almaklaryny, olaryň giň dünýägaraýyşly, çuň gözýetimli kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerine ýardam etmän, eýsem mekdeplerde işleýän mugallymlaryň sanyny artdyrmak bilen birlikde goşmaça iş orunlaryny döredýär, hünärmenleriň iş bilen üpjünçiligini, ýaşaýyş durmuş şertlerini ýokarlandyrýar. Özleri barada döwlet derejesinde şeýle uly aladalaryň edilmegi mugallymlaryň hünär derejesiniň ýokarlanmagyny, olaryň öz kärlerine söýgi we jogapkärçilik, ynam we maksada okgunlylyk, belent borja wepalylyk duýgulary bilen çemeleşmeklerini talap edýär. Bu aladalar mugallymlaryň hünär taýýarlygyna döwlet derejesinde berilýän ünsüň artýandygynyň nyşanydyr.
Döredilýän bilim portallarynda hem internet ulgamynyň kömegi arkaly kitaplar, dürli maglumatlar bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe bolýarlar. Munuň özi bolsa, esasan, ýaşlaryň sapaklaryna ýetişmeklerine we tiz maglumat bilen tanyşmaga, ylmy kitaplary sanly ulgamdan okamaga ýardam edýär. Sanly bilim portaly internet arkaly uzak aralykdan bilim almaga we bilim bermäge uly mümkinçilik döredýär. Munuň özi zehinli ýaşlarymyzy ylym, bilim we täze tehnologiýalar boýunça gözleg işlerine höweslendirýär. Şonuň üçin hem bilim bermegiň iň döwrebap usuly häzirki bi-limlerden habarly kämil hünärmenleri ýetişdirmäge ähli mümkinçilikleri döredýär.
Ýaşlara berilýän bilimiň we terbiýäniň hiliniň ýokary bolmagy olaryň ösýän jemgyýetimiziň ähli talaplaryna doly laýyk getirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Şeýle sazlaşyk ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň berk binýady boljak ylymly-bilimli, zähmetsöýer, Watana wepaly ýaş nesliň kemala gelmegini üpjün edýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkyna, esasan hem, ýaşlara şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Jeýhunaý HEMRAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Adam anatomiýasy topografiki anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.