SANLY BILIM ULGAMY - MÜMKINÇILIKLERE BADALGA
15-10-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilime aýratyn üns berilýär, ýaşlar döwrebap bilim alýarlar. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär, bilim ulgamynda döwrebap özgertmeleri durmuşa geçirýär. Häzirki täze taryhy eýýamda ýurdumyzy ösdürmegiň milli nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunda iň döwrebap ugurlar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri ylmy esasda öwrenilýär. Bu wezipäni durmuşa geçirmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýaşlara döwrebap bilim bermegiň aýdyň ugurlary kesgitlendi. Şeýle hem bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meselelerinden ugur alynýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlarymyzyň bilimli bolup ýetişmegi üçin dünýä ylmynda gazanylan iň täze, döwrebap tehnologiýalar bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Türkmenistanda bilim ulgamyny ösen döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy toplumlaýyn durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda iň täze, döwrebap kompýuter tehnologiýalary, multimedia ulgamlary bilen üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň giň ulgamy döredildi.
Durmuşa geçirilýän innowasion özgertmeleriň barşynda bilim ulgamynda giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi bu ulgama ylmy-tehniki täzelikleriň ornaşdyrylmagy bilen onuň has-da rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle ösüşleriň hatarynda internetiň we öýjükli aragatnaşygyň 4G hilini, mekdepleriň internet ulgamyna birikdirilmegini, “emekdep” portalynyň işe girizilmegini, multimedia serişdeleri bilen üpjün edilmegini, agzalan ugura ýöriteleşdirilen sergileriň guralmagyny, bäsleşikleriň geçirilmegini, elektron maglumatlar ulgamyny döretmäge girişilmegini, sanly bilim ulgamyna badalga berilmegini... görkezmek bolar. Bilim ulgamynda innowasion özgertmeler tiz durmuşa ornaşdyrylýar. Munuň özi sanly bilim ulgamynyň mümkinçiligini artdyrýar. Sanly bilim ulgamynyň ösdürilmeginde ýaşlaryň iň kämil bilimlere eýe bolmak mümkinçilikleri has-da ýokarlanýar, çünki sanly bilim ösen tehnologiýalaryň üsti bilen amala aşyrylyp, wagtyň tygşytlanmagyna, tiz maglumatlary öwrenmäge mümkinçilik berýär.
Döredilýän bilim portallarynda hem internet ulgamynyň kömegi arkaly kitaplar, dürli maglumatlar bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe bolýarlar. Munuň özi bolsa, esasan, ýaşlaryň sapaklaryna ýetişmeklerine we tiz maglumat bilen tanyşmaga, ylmy kitaplary sanly ulgamdan okamaga ýardam edýär. Sanly bilim portaly internet arkaly uzak aralykdan bilim almaga we bilim bermäge uly mümkinçilik döredýär. Munuň özi zehinli ýaşlarymyzy ylym, bilim we täze tehnologiýalar boýunça gözleg işlerine höweslendirýär. Şonuň üçin hem bilim bermegiň iň döwrebap usuly häzirki bi-limlerden habarly kämil hünärmenleri ýetişdirmäge ähli mümkinçilikleri döredýär.
Ýaşlara berilýän bilimiň we terbiýäniň hiliniň ýokary bolmagy olaryň ösýän jemgyýetimiziň ähli talaplaryna doly laýyk getirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Şeýle sazlaşyk ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň berk binýady boljak ylymly-bilimli, zähmetsöýer, Watana wepaly ýaş nesliň kemala gelmegini üpjün edýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkyna, esasan hem, ýaşlara şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bilim işgärleri tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan edýärler. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR
Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar.
BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.