Halklaryň dost-doganlygyny pugtalandyrmagyň hatyrasyna

30-07-25

Türkmenistanyň Hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçirmek babatda ylalaşmalar hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi möhüm ähmiýetli wakadyr. Bu, ylaýta-da, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG bilen strategik hyzmatdaşlygynda aýdyň görünýär.

Ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy bu gün bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi Türk­me­nis­ta­ny bag­ty­ýar­ly­gyň ýur­dy, pa­ra­hat­çy­lyk mer­ke­zi hök­mün­de ta­na­ýar. Di­ýa­ry­myz­da yk­dy­sa­dy­ýet­de, me­de­ni­ýet­de, ylym-bi­lim­de, umu­man, äh­li ul­gam­lar­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler ýur­du­my­zyň halk ho­ja­ly­gy­nyň kuw­wa­ty­nyň we hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň art­ma­gy­na alyp bar­ýar. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, şol üs­tün­lik­ler ösüp gel­ýän ýaş nes­le be­ril­ýän bi­li­mi dün­ýä de­re­je­si­ne çy­kar­mak­da, ola­ry ylym­ly-bi­lim­li, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan oňat baş çy­kar­ýan adam­lar edip ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek­de mu­gal­lym­la­ryň jo­gap­kär­çi­li­gi­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­ýar.

Pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny hök­mün­de Türk­me­nis­ta­nyň Ýer ýü­zün­dä­ki ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gal­dyr­jak 2025-nji ýyl­da öňü­miz­de asyl­ly mak­sat­la­ra gö­nük­di­ri­len mö­hüm we­zi­pe­ler dur­ýar. Bu ýyl äh­li ba­bat­da şan­ly wa­ka­la­ra baý bo­lar. Şu ýy­lyň dün­ýä we ýurt de­re­je­sin­de yg­lan edi­len şy­gar­la­ry­nyň bi­ri-bi­ri bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly we meň­zeş bol­ma­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň hem-de BMG-niň öza­ra gat­na­şyk­la­ry aý­dyň be­ýa­ny­ny tap­ýar. Döw­le­ti­mi­ziň da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ry we Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­niň işi bü­tin dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, aba­dan­çy­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­me­gi mak­sat edin­ýär. Çün­ki pa­ra­hat dur­muş eş­ret­li ýa­şa­ýyş­dyr.

Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty araly­gynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçi­riljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty ählumumy mesele­leri bilelikde çözmekde taryhy ähmiýetli waka bolar. Bu halkara forum je­mi 7 sa­ny esa­sy ug­ry öz içi­ne al­ýar. Şu ugur­lar bo­ýun­ça ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­jek gep­le­şik­le­riň we du­şu­şyk­la­ryň jem­le­ri bo­ýun­ça ka­bul edil­jek çöz­güt­le­riň, ga­za­nyl­jak yla­la­şyk­la­ryň öza­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe bol­jak­dy­gy­ny ynam bi­len aý­dyp bi­le­ris. Şeý­le iş­le­riň oňyn ne­ti­je­le­ri umumadamzat bähbidine, ýurtlaryň hoşniýetli hyzmatdaşlygy üçin ni­ýet­le­nen­dir.

Halklaryň dost-doganlygyny pugtalandyrmakda Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bar. Goý, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, be­ýik iş­le­ri ro­waç bol­sun!

Annabaýram ŞAMUHAMMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň öwreniji mugallymy. 

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.