Halkara foruma ýokary derejede taýýarlyk

30-07-25

Mälim bolşy ýaly, ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda halkara maslahaty we onuň çäklerinde guraljak ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly meselelere seredildi hem-de şu wagta çenli bu ugurda ýerine ýetirilen işlere baha berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň şu ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen 63-nji plenar mejlisinde bu maslahatyň ýurdumyzda geçirilmegi bilen bagly degişli Kararnamanyň kabul edilendigine we dünýäniň 57 döwletiniň şol resminamanyň awtordaşy hökmünde çykyş edendigine aýratyn ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 4-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekendigi we onda bu maslahaty hem-de onuň çäklerindäki ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň bellenilendigini nygtady.

Maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we onuň çäklerinde geçiriljek çäreler toplumyny ýokary derejede, talabalaýyk guramak boýunça öňde durýan wezipeleri we ýerine ýetirilmeli işleri kesgitledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Prezidentimiziň Kararyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, türkmen tarapynyň halkara forumyň maksatnamasyny üpjün etmegi; daşary ýurtly myhmanlaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatynyň wekilleriniň ýurdumyza gelmeginiň meýilleşdirilýändigini göz öňünde tutup, Türkmenbaşy şäherinde, Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan gurluşyk-gurnama, abadanlaşdyrmak, abatlamak, arassalamak we gök zolaklara ideg etmek işlerini ýakyn günlerde tamamlamagy; Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariaty bilen bilelikde halkara maslahatyň açylyş we ýapylyş dabarasynyň maksatnamasyny taýýarlamagy; ýokary derejedäki tematik «tegelek stol» mejlislerine we foruma gatnaşjak türkmen wekiliýetiniň düzümini kesgitlemegi hem-de degişli teklipleri bermegi; türkmen tarapyndan guraljak ugurdaş çäreleriň gysgaça konsepsiýasyny we maksatnamasyny taýýarlamagy, olaryň Birleşen Milletler Guramasynyň üsti bilen hasaba alynmagyny üpjün etmegi; maslahatyň we ugurdaş çäreleriň geçirilýän binalarynda türkmen tarapynyň gurajak sergileriniň sanawyny hem-de görnüşlerini kesgitlemegi we olara jogapkär hökmünde ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasyny bellemegi; Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleriniň çäklerinde guraljak medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konsertiniň konsepsiýasyny we maksatnamasyny taýýarlamagy hem-de olaryň Birleşen Milletler Guramasynyň üsti bilen hasaba alynmagyny üpjün etmegi, milli günler bilen bagly çärelere jogapkär hökmünde Türkmenistanyň Medeniýet hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliklerini bellemegi umumy meseleleriň hatarynda kesgitledi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Läle BERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.