RÖWŞEN GELJEGIMIZ – BAGTYÝAR NESILLER

30-07-25

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahat ýaşaýşyň hözirini görýän türkmen halkymyz ýurdumyzyň geljekgi eýeleri bolan ýaş nesillerimize, olaryň edep-terbiýesine uly üns berip, bu babatda çäksiz uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary esasynda ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek, olaryň saglygyny goramak maksady bilen, eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde döwrebap çagalar baglary, okuw mekdepleri, sagaldyş-dynç alyş merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Okuw-terbiýeçilik edaralary ösen ylmy-innowasion tehnologiýalar, interaktiw-multimediýa enjamlary, kompýuterler bilen doly üpjün edilýär. Bu bolsa biziň röwşen geljegimiz bolan bagtyýar nesillerimize tälim-terbiýe bermegiň netijeliligini artdyryp, olaryň kämil tehnologiýalary ele almaklaryna giň ýol açýar.

Her bir çaga maşgalanyň dowamaty hem-de berkleşdiriji güýçdür. Bagtyýar çagalar bilen her bir ojak şatlyk-gülki bilen beslenýär. Maşgala döwletiň kiçijik bir bölegi bolup nesliň dowamat bolýan, däp-dessurlarynyň berjaý edilýän ýeridir. Her bir bagtyýar maşgalada çaganyň dogulmagy iň şatlykly pursatlaryň biridir. Çaga terbiýesi köp ýagdaýlary öz içine alýar. Ösüp barýan çagany wagtly-wagtynda naharlamak, uky wagtyny saýhallamak, eşiklerini arassa saklamak, dogry gundamak, arassa howa, tebigata gezelenje çykarmak, dürli kesellerden goramak enäniň esasy borjy bolup durýar.  Mekdebe çenli bilim edaralarynda-da körpeleri milli ruhda terbiýelemek işi ýokary derejede alnyp barylýar. Muňa ýurdumyzyň çagalar bakja-baglarynda terbiýelenýän körpeleriň aýratyn üns-alada, mähir bilen gurşalyp alynmagynyň we döwrebap terbiýelenmeginiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda sözleýşi ösdürmek sapagy çagalar üçin has hem gyzyklydyr. Çagalar munuň üsti bilen birnäçe ertekileri, goşgulary özleşdirýärler. Multimedia tagtasynda görkezilýän slaýd şekillerdäki suratlara çagalar uly gyzyklanma bilen seredýärler. Olara şol suratlaryň içinden belli harplara degişli sözleri tapmak tabşyrylýar. Çagalar şonda öwrenen harplary boýunça suratdaky şekilleri ýeke-ýeke atlandyrýarlar we berlen ýumşy dogry ýerine ýetirmek üçin yhlas edýärler. Sapaklary täsirli edip gurasaň, çagalar hem şonça işjeň gatnaşýarlar. Olaryň ünsüni esasan janly-jandarlaryň suratlary, miweleriň şekilleri we erteki gahrymanlary çekýär. Şonuň üçinem görkezme esbaplaryny bular bilen baglanyşdyrmak, her mysaly çagalary gyzyklandyrjak wakalar bilen utgaşdyrmak zerur şertleriň biri bolup durýar.

Çagalar baglarynda terbiýelenýän körpelere daş-töwerekde bolup geçýän ähli hadysalara gyzyklanma, olar barada köp zatlary bilmek islegi döredilýär. Munuň üçin, elbetde, terbiýeçiniň körpelere meýilnama boýunça öwredilýän maglumatlary gowy diňlemeklerini, onuň gürrüňine düşünmeklerini we düşünen maglumatlary barada gürrüň bermeklerini öwretmegi zerurdyr. Mälim bolşy ýaly, sapaklar esasan gürrüň we söhbetdeşlik hem-de körpeleriň özleriniň işjeň gatnaşmaklary arkaly alnyp barylýar. Şonuň bilen birlikde öwretmegiň dürli oýun görnüşleri-de bar. Sapak guralanda tema boýunça körpeleriň ýaşyna, öňki alan bilimine görä mazmunyny giňeltmek mümkindir.

Mekdebe çenli bilim edaralarynda körpeleriň diňlemek, gepleşmek, gürrüň bermek başarnyklary hem ösdürilýär. Hemme çagalarda başarnygy gyradeň döretmek mümkin bolmaýar. Şonuň üçin terbiýeçi toparlaýyn däl-de, ikiçäk gürrüňdeşlikleri, oýunlary hem guramaly bolýar. Bu işleri amala aşyrmakda goşgulardyr aýdymlaryň, oýunlardyr ertekileriň, hekaýajyklardyr sahnajyklaryň ähmiýeti örän uludyr. Mysal üçin, käbir ertekileri sahnalaşdyryp, oňa çekinjeň körpelerden hem gatnaşdyryp, olaryň özüne bolan ynamyny ýokarlandyrmak mümkindir. Goşgular, aýdymlar, ertekiler, sanawaçlar, nakyllar halk terbiýesiniň çeşmesidir, çeper di­liň aý­dyň nus­ga­sy­dyr. Ola­ry sa­pak guralanda geçilýän tema gönükdirip, körpelere öwretmek, olaryň temany höwesli, düşünjeli ýat tutmagyna ýardam berýär.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ylym-bilimiň ösmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ynha, şeýle giň mümkinçilikler körpelere bilim hem-de terbiýe bermekde has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Şeýle giň mümkinçilikleri döredýän, ylym-bilimi has-da ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Hurmagül BALLYÝEWA,
Daşoguz şäherindäki 33-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.