Döwletli maslahat – oňyn tejribeler

02-08-25

Dünýäniň çar künjünden myhmanlary garşylamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýan gözel Awazada geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde guraljak möhüm çäreleriň biri-de Parlament forumy bolup durýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 4-nji awgustynda badalga aljak foruma milli parlamentleriň wekilleri, şol sanda Parlamentara Bileleşigiň we Arkalaşygyň Parlament birleşiginiň wekilleri, şeýle-de gyzyklanma bildirýän beýleki taraplar gatnaşar.

Parlament forumy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin täze Hereketler maksatnamasyny durmuşa geçirmekde kanun çykaryjy edaralaryň ornuna bagyşlanar. Bu möhüm syýasy forumda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň gün tertibinde durýan esasy meseleler, ýüze çykýan mümkinçilikler babatda pikir alyşmak, Wena hereketler maksatnamasyndan gazanylan oňyn tejribeleri, köptaraplaýyn söwda ulgamyny, netijeli dolandyryş we hasabatlylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Forumyň ýokary derejeli giriş bölümi bilen başlanyp, parlament agzalarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, ylmy jemgyýetçiligiň, halkara guramalaryň we raýat jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda interaktiw görnüşdäki ara alyp maslahatlaşmalar bilen dowam etmegine garaşylýar.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda, üstaşyr ýurtlarda we beýleki hyzmatdaşlarda parlamentler kanunlarydyr maksatnamalary işläp düzmekde, olary ýerine ýetirmekde, baha bermekde netijeliligi, aýanlygy we hasabatlylygy ýokarlandyrýar. Şeýle-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin täze Hereketler maksatnamasynyň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini we ileri tutýan ugurlarynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmekde wajyp orny eýeleýär. Parlamentler hukuk çäkleri kesgitleýän kanunçylyk hem-de syýasy gurallar arkaly degişli kanunlary işläp düzýär. Şunuň bilen baglylykda, parlament wekilleri tarapyndan Awaza Hereketler maksatnamasynda öňe sürüljek wezipeleri, maksatlary, şol sanda söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, infrastrukturany ösdürmek we sebitleýin hyzmatdaşlyk babatda zerur işler durmuşa geçiriler.

Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Diýarymyza sapar bilen geljek dürli döwletleriň parlamentleriniň wekilleri bilen geçiriljek duşuşyklar sebitde we dünýäde diplomatiýany ösdürmekde aýratyn orna eýe bolar. Bu forum kanun çykaryjylyk işinde we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýolunda öňde durýan wezipeleri oňyn çözmekde halkara tejribesini baýlaşdyrmak üçin döredijilikli syýasy meýdança öwrüler.

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Mähri DAŇATAROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasy mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.