SEBITLEÝIN ÖSÜŞE TÄZE ITERGI
02-08-25
Berkarar döwletimiziň durmuşynda bolup geçýän her bir taryhy waka häzirki döwrüň, geljegiň bähbidine gönükdirilendir. 2025-nji ýylyň 13-nji iýulynda Gahryman Arkadagymyz guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny guramaçylykly geçirmek babatda geçiren maslahaty hem halkara horumyň üstünlikli geçjekdiginiň beýany boldy.
Guramaçylyk döwlet toparynyň maslahatynda nygtalşy ýaly, geçiriljek çäreleriň toplumy jemi 7 sany esasy ugry öz içine alýar. Hususan-da, maslahat bilen ugurdaşlykda Merkezi Aziýa döwletleriniň medeni çäreleri, parlamentara forum, ýaşlar forumy, zenanlaryň forumy we beýleki çäreler, işewürlik duşuşyklary guralar. Bularyň ählisi ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine tagallalary birleşdirmäge ýardam berer. Nobatdaky maslahatda BMG-niň Baş sekretarynyň gatnaşmagyna garaşylmagynyň özi-de hoşniýetli gatnaşyklaryň ýokary derejesini görkezýär. Maslahata gatnaşýan döwletler hem-de halkara guramalar we edaralar tarapyndan geçiriljek çäreler, şol sanda türkmen tarapynyň ýerüsti ulag we arabaglanyşyk, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, ýaşlar syýasaty, durnukly energetika, sirkulýar ykdysadyýet bilen baglanyşykly guraljak ugurdaş çäreleri, tematik sergiler, şol sanda türkmen tarapynyň gurajak sergileri forumyň ähmiýetini has-da artdyrar.
Bilşimiz ýaly, halkara forum «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly mowzuk boýunça geçiriler. Maslahat dünýä ilatynyň 7 göterimine golaýyny emele getirýän we 32 ýurtda ýaşaýan 570 milliondan gowrak ilatyň geljegi bilen gönüden-göni baglanyşykly örän möhüm duşuşyk bolmak bilen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň mümkinçiliklerini herekete getirer.
Hoşniýetli gatnaşyk, bir-birege bolan ynam, dost-doganlyk islendik ýurduň ösüşinde möhüm ähmiýete eýedir. Bu ýagdaýlar her bir ýurduň halkara giňişlikde abraýynyň artmagyny şertlendirýär. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň mazmunynda-da halkymyzyň durmuş filosofiýasy, milli aňyýeti, müňýyllyklaryň taryhy hakydasy jemlenendir. Bu hakykat bolsa hoşniýetlilik, açyklyk, beýleki milletlere, olaryň medeniýetine, däp-dessurlaryna hormat goýmak ýaly ýagşy häsiýetlerde ýüze çykýar. Munuň özi häzirki şertlerde ýakyndaky goňşular, alysdaky ýurtlar bilen hem parahat-abadan gatnaşykda bolmak, umumy ösüşiň, hemmeleriň ýagty geljeginiň hatyrasyna sazlaşykly, netijeli hyzmatdaşlyk etmek ýaly maksatlara ýetmegi nazarlaýar.
Bu günki gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä ýüzünde hoşniýetli gatnaşyklary, şol bir wagtyň özünde myhmansöýerlik ýörelgesi bilen uly at-abraýa eýedir. Muny sanlyja günden Awazanyň tylla kenarynda ýaýbaňlanjak halkara horum nobatdaky sapar beýan eder.
Berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän şanly ýylynda şeýle ýokary derejeli maslahatyň geçirilmegi ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterer. Ata Watanymyzyň dost-doganlygyň hem-de bütin adamzadyň gülläp ösüşiniň hatyrasyna beýik işleriň amala aşyrylýan mekanyna öwren hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Jemal ÇARYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň öwreniji mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.