BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ BILIM ÖZGERTMELERI
06-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary ahlak sypatly, watansöýüji, ynsanperwer, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, bazar hojalygynyň we demokratik döwletiň talaplaryna laýyk gelýän ýaş nesilleri kemala getirmek ata Watanymyzda ileri tutulýan döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Ylymyň we bilimiň mazmuny we hili, onuň elýeterliligi aýratyn şahsyýetiň isleglerine laýyk gelmegi köp babatda häzirkizaman jemgyetiň intellektual mümkinçilikleriniň ýagdaýyny kesgitleýär. Bu ulgama maglumat we innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň esasynda ony çalt depginler bilen ösdürmek milli derejede ileri tutulýan möhüm ugur bolup durýar.
Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, ýadawsyz zähmeti, döredijilikli, parasatly, ynsanperwer syýasaty bilen ýurdumyzyň bilim, ylym pudagy ösüşiň täze basgançaklaryna çykaryldy, döwletimiziň milli bilim ulgamy dünýäniň bilim giňişliginde özüniň mynasyp ornuny tapdy. Döwletimiziň ähli künjeklerinde häzirki zaman dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim ojaklary, sport desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Ulanylmaga berilýän bilim-terbiýeçilik edaralarynyň kompýuter tehnologiýalary, multimediýa enjamlary, bütindünýä internet aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edilmegi ýaşlara berilýän bilimiň hiliniň halkara ülňülerine laýyk gelmegini üpjün edýär.
Ýaşlaryň okamagy, terbiýe almagy, ruhy taýdan ösmegi, beden taýdan taplanmagy bilen bir hatarda, kesp-kär edinmegi, ylymlar dünýäsine aralaşmaklary Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ýaşlar barada ýöredýän syýasatynyň, geçirilýän bilim özgertmeleriniň esasy mazmunyny düzýär. Hut şu nukdaýnazardan alanymyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamy 12 ýyllyk umumy orta bilim ulgamyna geçirilmegi ýaş nesilleriň sazlaşykly ösmegini we olara ýokary hilli bilimiň berilmegini üpjün etdi. Bilim özgertmelerini durmuşa geçirmegiň hukuk binýady berkidildi. Umumy bilim berýän orta mekdeplerde ykdysadyýetiň esaslary, ekologiýa, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, özüňi alyp barmagyň medeniýeti, informasiýa-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalary, modelirleme we grafika ýaly okuw dersleriniň girizilmegi orta mekdebi tamamlaýan ýaşlaryň diňe bir dünýä ülňülerine laýyk bilim almaklaryny, jemgyýetiň, tebigatyň gurluşyna we ösüşine düşünmeklerini, göz ýetirmeklerini üpjün etmän, eýsem, olaryň geljekde hünär saýlap almaklaryna, döwletimiziň ösmegine we kuwwatlanmagyna mynasyp goşant goşýan nesiller bolup ýetişmeklerine ýardam edýär.
On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda, bilim hem-de terbiýeçilik işlerine okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary, innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Bilim edaralarynyň resmi web-saýtlaryny we elektron resminama dolanyşygy ulgamyny döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan bilim özgertmeleri ýokary okuw mekdeplerininde-de üstünlikli durmuşa geçirilýär. Täze ýokary okuw mekdepleriniň döredilmegi, ozal bar bolanlaryna täze, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän okuw binalarynyň sowgat edilmegi, olarda täze hünärleriň girizilmegi, ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sanynyň artdyrylmagy, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin zerur bolan şertleriň, mümkinçilikleriň döredilmegi bilim ulgamynyň belent sepgitleri nazarlaýandygyna şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen bilim ulgamyny gurşap alan toplumlaýyn özgertmeler diňe bir ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almaklaryny, olaryň giň dünýägaraýyşly, çuň gözýetimli kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerine ýardam etmän, eýsem mekdeplerde işleýän mugallymlaryň sanyny artdyrmak bilen birlikde goşmaça iş orunlaryny döredýär, hünärmenleriň iş bilen üpjünçiligini, ýaşaýyş durmuş şertlerini ýokarlandyrýar. Özleri barada döwlet derejesinde şeýle uly aladalaryň edilmegi mugallymlaryň hünär derejesiniň ýokarlanmagyny, olaryň öz kärlerine söýgi we jogapkärçilik, ynam we maksada okgunlylyk, belent borja wepalylyk duýgulary bilen çemeleşmeklerini talap edýär. Bu aladalar mugallymlaryň hünär taýýarlygyna döwlet derejesinde berilýän ünsüň artýandygynyň nyşanydyr.
Okatmak işini doly derejede awtomatlaşdyrmak we maglumatlaşdyrmak wezipesi döwletiň ileri tutýan möhüm wezipeleriniň derejesine çykaryldy. Şunuň bilen baglanyşykly, täze gurulýan bilim desgalaryna bildirilýän talaplar ülňüler derejesinde berkidildi, şol talaplara laýyklykda bilim desgalary, kompýuterleri, interaktiw okuw enjamlaryny, global ulgamyň elýeterli bolmagyny goşmak bilen, ylmyň iň soňky gazanan derejesine laýyklykda enjamlaşdyryldy.
Öz hünärlerine ussat, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, jemgyýetimiziň, ykdysadyýetiň we medeniýetimiziň ösmegine mynasyp goşant goşýan, türkmen, iňlis, rus dillerini suwara bilýän hünärmenleri taýýarlamak işi barha kämilleşdirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşini üpjün etmäge, bilimiň hilini, ýokarlandyrmaga hem-de halkymyzyň ägirt uly ylmy-döredijilik kuwwatyny ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Selbi ÖWLÝAKULIÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistrleri taýýarlamak okuwynyň ylym we bilim işlerini dolandyrmak ugrunyň 2-nji ýyl talyby.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.