Azyk bolçulygynyň binýady pugtalanýar
30-04-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda ýaýbaňlandyrlan giň möçberli özgertmeler ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda oba hojalyk pudagyny hem gurşap aldy. Oba hojalygyny özgertmek, ösdürmek, öndürilýän önümleriň görnüşini we möçberlerini artdyrmak, şeýle hem oba zähmetkeşleriniň durmuş hal ýagdaýlaryny has-da gowulandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutýan esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde däneçilik pudagy azyk bolçulygynyň binýady hökmünde oba hojalyk önümçiliginiň düzüminde aýratyn orny eýeleýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagy ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy. Ýurdumyzda tarp ýerler yzygiderli özleşdirilýär, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça oňyn çäreler durmuşa geçirilýär. Obasenagat toplumynyň düzümleriniň hem-de hyzmat edýän pudaklaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, döwrebaplaşdyrylmagyna, elewatorlaryň, gaýtadan işleýän oba hojalyk kärhanalarynyň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň, suw hojalyk desgalarynyň gurluşygyna uly möçberli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy ak bugdaýyň bol hasylyny almagyň özeni bolup durýar.
Türkmen halky gadymy ekerançylyk medeniýetleriniň esaslandyryjylarynyň biri bolmak bilen, müňlerçe ýyllaryň dowamynda bugdaýyň we beýleki däneli ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdiripdirler. Häzirki döwürde türkmen daýhanlarynyň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertleriň döredilip berilmegi, olaryň halal zähmetine mynasyp baha berilmegi edermen daýhanlarymyzyň ene topraga yhlas siňdirip, ondan bol hasyl öndürmäge, tutanýerli zähmetiniň hözirini görmäge höwesini has-da artdyrdy.
Halkymyzda çörek rysgal-bereket hasaplanylýar. Watanymyzyň ýylsaýyn beýgelýän altyn öwüşginli bugdaýly harmanlary türkmen saçaklarynyň bolçulygyny, abadançylygyny, ýurdumyzyň we halkymyzyň rowaçlygyny alamatlandyrýar. “Däneçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny özgertmäge, ylymyň gazananlaryny oba hojalyk pudagyna giňden ornaşdyrmaga we ilatyň durmuş-ykdysady derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirlendir. Kanunyň esasy maksady Türkmenistanda azyk bolçulygyny, ýurdumyzyň we halkymyzyň rowaçlygyny aňladýan däne önümleriniň öndürilmeginiň, taýýarlanylmagynyň, gaýtadan işlenilmeginiň, saklanylmagynyň, ýerlenilmeginiň, daşalmagynyň we ulanylmagynyň, şeýle hem ýurdumyzda däneçilik boýunça döwlet gözegçiligini amala aşyrmak babatdaky işiniň hukuk esaslaryny düzgünleşdirmekden ybaratdyr. Kanunda däneçilik, däneli ekinler, däneçilik işi, däne öndüriş, azyklyk däne, döwlet däne serişdeleri we başga-da birnäçe adalgalaryň mazmuny giňişleýin beýan edilýär.
Kanunda aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem, dänäni kabul edýän we taýýarlaýan kärhanalaryň wezipeleri hem-de borçlary anyk kesgitlenilýär. Şeýle-de, däneçilik babatda hünärmenleri taýýarlamak, ylymy taýdan üpjün etmek ýaly kadalaryň düzgünleşdirilmegi bu pudagyň geljekde has-da ösmegini şertlendirýär. Däneçilik işiniň kanunçylyk binýadynyň kämil derejede üpjün edilmegi ýurdumyzda öndürilýän däneli ekinleriň hasyllygynyň möçberlerini artdyrmaga, şonuň bilen birlikde, bäsleşige ukyply ýokary hilli däne önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmäge, şeýle hem döwletimiziň azyk bolçulygyny has-da berkitmäge hem-de daşary ýurtlara eksport edilýän önümleriň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmaga uly mümkinçilik döredýär.
Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy eşretli durmuşa alyp barýan, onuň halkara derejesindäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.