Ahalteke bedewi — türkmeniň milli buýsanjy
27-04-23
Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giň gerimde bellenilip geçildi. Uludan toýlanan bu baýram öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, häzirki döwürde bagtyýar nesillerimize miras galan ýelden ýyndam ahalteke bedewlerimiziň türkmen halkynyň dünýä çykaran gaýtalanmajak sungatydygyny nobatdaky gezek aýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Biz milli medeniýet ulgamymyzy döwrebap ýagdaýa getirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işleri dowam etdireris. Şeýle hem taryhy-medeni mirasymyzyň desgalaryny abat saklamak hem-de öwrenmek, taryhy we medeni ýadygärliklerimizi dikeltmek işlerini-de alyp bararys. Şonuň ýaly-da, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin bu desgalaryň sanyny artdyrmak boýunça hem iş geçireris» diýen jaýdar sözlerinden ugur alyp, halkymyzyň medeni mirasyny, taryhy gymmatlyklaryny öwrenmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Dogrudanam, taryhyň islendik döwrüne ser salanyňda-da, biziň milli gymmatlyklarymyz dünýä alymlarynyň hem-de jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekip gelipdir. Gadymy antik döwründe bu topraga nesibesi çekip gelen daşary ýurtly jahankeşdeleriň ençemesiniň nazary bolsa köp halatda halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewlerinde eglenipdir. Hatda beýik serkerde Aleksandr Makedonskiý hem grek taryhçysy Arrianyň ýazmagyna görä, türkmen bedewlerine: «Bu bedewler edil esger ýaly düşbi we gaýduwsyz, olar esgeriň pikirini we oý-hyýalyny edil gözünden okaýar...» diýip, ýokary baha beripdir.
Türkmen halkynyň nusgawy şahyrlary Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň, Seýdiniň, Mätäjiniň şygyrlarynda duş gelýän türkmen bedewiniň waspy hemmeleri haýran edýär. Türkmen halkynyň baý ruhy mirasynyň biri bolan «Görogly» şadessanynda ynsan bilen behişdi bedewiň arasyndaky sazlaşyk has täsirli beýan edilipdir. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly ajaýyp kitaby halkymyzyň gadymdan gelýän seýisçilik we atşynaslyk sungatynyň şöhratyny has hem beýgelden eserleriň biridir. Bedew türkmeniň ruhy baýlygynyň özenini özünde jemleýän täsinlikdir. Sebäbi bedew bilen bagry badaşan ata-babalarymyz ony mukaddeslik derejesine ýetiripdirler.
Goý, türkmen halkyny we milli gymmatlyklarymyzy äleme ýaýmakda ýadawsyz aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Berdimyrat ANNAÝEW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.