Sport – sagdynlyk, ruhubelentlik
24-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adamlaryň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagy üçin ähli zerur şertler döredilendir. Çünki Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we sportuň ösdürilmegi milletiň saglygynyň berkidilmegine, berk bedenli we belent ruhly hem-de hyjuwly ýaşlaryň kemala gelmegine gönükdirilen syýasatymyzyň baş ugrudyr.
Ynsan saglygyny gorap saklamagy ýurdumyzyň baş ýörelgesine öwren hormatly Prezidentimiz saglyk ulgamy bilen bir hatarda bedenterbiýäni we sporty, syýahatçylyk pudagynyň işini has-da döwrebaplaşdyrmak ugrunda giň gerimli işlere badalga berdi. Ata Watanymyzyň dürli künjeklerinde döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan sport toplumlarynyň, täze sport mekdepleriniň, ýörite sport mekdep internatlarynyň, sport toplumlarynyň, syýahatçylyk we şypahana binalar toplumynyň ulanylmaga berilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, raýatlarymyzyň saglygyny gorap saklamak ugrunda durmuşa ornaşdyrýan işleriniň kändigine şaýatlyk edýär.
Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň milli maksatnamalary hem ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny berkitmek, bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek, türkmen sportuny dünýä çykarmaga gönükdirilen wezipeler toplumlaýyn esasda alnyp barylýar.
Ýurdumyz Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň agzasy bolmak bilen sporty köpçülikleýin ösdürmäge hem öz mynasyp goşandyny goşýar. Ýurdumyzda halkara ýaryşlarynyň guralmagy Türkmenistan döwletimiziň dünýäniň sport ulgamynda kämilleşmegine, bütin dünýäde türkmen sportuny äşgär etmäge, türgenleriň ussatlyklaryny ýokarlandyrmaga, esasan hem, ösüp gelýän ýaşlarda sporta bolan gyzyklanmany ösdürmäge, sportuň dürli görnüşlerini wagyz etmäge uly ýardam berýär.
Saglyk ajaýyp tebigatyň adamzada eçilen bahasyz baýlygydyr. Sagdynlygyň, sagdyn durmuşyň rowaçlanmagy bolsa döwletiň her bir raýatynyň bagtyýar durmuşyna oňaýly täsir edýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň diňe bir bilimini ösdürmek bilen çäklenmän, olaryň berk bedenli, sagdyn dünýägaraýyşly bolmagy ugrunda döwletimizde bimöçber işleriň durmuşa geçirilmegi hem diýseň guwandyryjy ýagdaýdyr. Güneşli aprel aýynyň dowamynda halkymyz asylly däbe öwrülen sport baýramyny ýaýbaňlandyrýar. Onuň netijesinde Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hasaplanylýar.
Türkmen döwletini bagtyýarlyga alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda sport bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredilýär. Bu bolsa her bir türkmen raýatynyň, geljekki ýaş nesliň beden taýdan sagdyn bolmagyna alyp barýar. Watanymyzy iri sport ýurduna öwrüp, dünýä derejesinde dabaralanmagy üçin uly aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň hoşallyklarymyzyň çägi ýok.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Ýazmuhammet ORAZBERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.