Halk Maslahaty - Türkmenistanyň milli jebisliginiň nyşany

28-07-26

Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli guramasydyr. Onuň işi «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny esasynda düzgünleşdirilýär we döwlet bilen jemgyýetiň arasynda arabaglanyşyk bolup hyzmat edýän demokratiýa, açyklyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy we jemgyýetçilik pikir ýörelgelerine esaslanýar. 

Bu institusional gurluş ata-babalarymyzyň mukaddes däpleriniň gös-göni beýany bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Halk Maslahatynyň döredilmegi döwleti dolandyrmakda we adalatly jemgyýeti gurmakda müňýyllyklaryň dowamynda emele gelen milli tejribe ýörelgelerine esaslanýar. Halk Maslahaty ýaşulularyň danalylygy ýaşlara ýol görkeziji bolup çykyş edýän, nesilleriň dowamlylygyny üpjün edýän we milli jebisligi pugtalandyrýan gepleşik meýdançasy bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde dabaraly ýagdaýda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde belledi.

Döwlet Baştutanymyz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda geçiriljek umumymilli forumda döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň jemleriniň jemlenjekdigini, şeýle hem Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz umumymilli forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen degişli tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisine we Halk Maslahatyna Ministrler Kabineti, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde forumy ýokary derejede guramak boýunça taýýarlyk işlerine başlamak tabşyryldy. Şeýle hem wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisini çagyrmak boýunça guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak barada degişli karary kabul etmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Bellenişi ýaly, Halk Maslahatynyň işi döwrebap durmuş-ykdysady ösüşiň we netijeli dolandyryşyň täze mehanizmlerini kemala getirmäge gönükdirilendir.

Ata Watanymyzyň naýbaşy baýramy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda has-da bagtyýar geljegi gurmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläkde gowulandyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek arkaly innowasion tehnologiýalar ornaşdyrmagyň hasabyna ähli pudaklaryň infrastrukturasyny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda ata-babalarymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, parahatsöýüjilik ýörelgelerine eýerip, agzybirlikde, jebislikde degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Halk maslahatyna barýan ildeşlerimizde çäksiz buýsanç, şatlyk duýgularyny ýüzlerinden aňmak bolýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri berkitmekden, ýurduň hukuk esaslaryny dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmekden, jemgyýetde demokratik däpleriň ornaşmagyny gazanmakdan hem-de halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Şeýle möhüm meseleleri geňeş gurap, maslahatlaşmakda Türkmenistanyň Halk Maslatynyň ähmiýeti örän ulydyr. Çünki Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 3-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar.

Halk Maslahaty — ýaşulularyň danalylygy bilen ýaşlara ýol görkeziji bolup çykyş edýän, nesilleriň dowamlylygyny üpjün edýän we milli jebisligi pugtalandyrýan gepleşik meýdançasydyr. Halk Maslahatynda gazanylýan her bir çözgüt mähriban halkymyzyň bähbidine gönükdirilendir. Çünki biziň ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!»

Halk Maslahatynyň yzygiderli mejlisleri taryhy ähmiýetli wakalara öwrülip, mejlislerde raýatlaryň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çözgütler kabul edilýär. Ýurtda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler Türkmenistanyň Prezidentiniň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarynda beýan edilen taglymatynyň durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar.

Halk Maslahaty ata-babalaryň däp-dessurlaryny miras alyp, döwletiň milli kuwwatynyň we durnuklylygynyň binýady bolup hyzmat edýän türkmen jemgyýetiniň jebisleşmegine möhüm goşant goşýar. Ýaşuly nesliň zähmetine şeýle-de hyzmatlaryna sarpa goýmak ýörelgesi Halk Maslahatynyň jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini öňe sürmek we milli jebisligiň ösüşiň hereketlendiriji güýjidigini görkezmek bilen alyp barýan işleriniň esasy tarapydyr.

Durdynabat GELDIÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.