GARAŞSYZLYK — GÜLLÄP ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY
22-09-25
Garaşsyzlyk — türkmen ruhuny galkyndyryp, täze ykbal bagyş eýlän mukaddeslik, türkmen üçin ömrüniň aýdymyna deňelýän gymmatlyk, türkmeniň Watan içre Watany hasaplaýan barlygy, halkymyzy müdimilik juwan eýlän baýlyk, agzybirligiň nyşanydyr. Garaşsyzlyk — parahatsöýüjiligiň beýik nusgasy, pederlerden dowam bolan täze eýýamy türkmen ykbalyna ýazan ömrümiziň sowulmajak bahary! Täze döwrüň — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş nesilleriniň ýurdumyzyň öňegidişliklerine goşýan çirksiz goşantlary has-da dabaralanýar. Belentden-belent ösüşlere sary ýol alan eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň, senagatynyň her bir pudagynyň ösüşinde ýaşlaryň ornuny görmek bolýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyz türkmen ýaşlarynyň milli ruhda terbiýelenmegine, pederlerimizden gelýän asylly ýörelgeler esasynda öz öňlerinde maksat goýmagyna, diňe dogry ýol — watansöýüjiligiň ýoly bilen öz arzuw-maksatlaryna ýetmegine şert döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy, hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns-aladasy bilen türkmen ýaşlary diňe bir ýurduň geljegi däl, olar şu günüň hem esasy güýçlerine, döwrümiziň öňdebaryjylaryna öwrüldiler.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň her güni toý, her güni baýram. Ýöne mukaddesligi bilen aýratyn orny eýeleýän Garaşsyzlyk baýramy baýramlaryň täji. Biz bu düşünjäniň mazmunyndan gazanan ýeňişlerimize, ýeten derejämize, eýe bolan bagtymyza doly göz ýetirip bilýäris. Garaşsyzlyk düşünjesi juda belent, örän çuň, ol her bir ynsanyň, jemgyýetiň hem bütin halkyň ykbalyny kesgitleýär. Taryh üçin gysga wagt bolan 34 ýylyň dowamynda Türkmenistan öz syýasaty, ösen ykdysady, täze mazmunly, baý medeniýeti bilen dünýä döwletleriniň arasynda öz mynasyp ornuna eýe boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden hormatly Prezidentimiziň ösüş arkaly parahatçylyk, sebit hem sebitara ylalaşyk, energetika, ekologiýa, ulag meseleleri barada eden teklipleri dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän içeri hem daşary syýasaty biziň her birimizi buýsandyrýar.
Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly toýy mynasybetli Diýarymyzyň ähli sebitlerinde geçirilýän dabaralarda watandaşlarymyzyň kalplaryndaky mähriban Watanymyzyň şöhratly taryhyna, ajaýyp we bagtyýar şu gününe bolan buýsanjyny, nurana gelejegimize ýagty ynamyny görmek bolýar. Bu dabaralaryň ählisinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent döredijilik ruhunyň, özgerdiji güýjüniň buýsançly alamatlary bar.
Garaşsyzlyk — buýsanjymyz. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanyna uludan toýuň toýlanmagy bu mukaddeslige bolan buýsanjymyzy goşalandyrdy. Diýarymyzy toý-baýramlaryň, bagtyýarlygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Baky NEPESOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Epidemiologiýa kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.