GARAŞSYZ WATANYM, BAGTYÝAR HALKYM

22-09-25

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz gysga döwrüň içinde ösen döwletleriň hataryna deňleşdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmeniň göwün islegi sözüň doly manysynda hasyl boldy. Bu gün Garaşsyz Türkmenistany görmäge göz gerek. Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda ak bugdaýy, halysy, saz gurallary, şaý-sepleri ýaly milli gymmatlyklary bilen bütin adamzady haýrana goýup gelýär. Bu gymmatlyklar kämil halk hökmünde milletimiziň gaýtalanmajak aslynyň bardygynyň aýdyň kepilidir. Geçmişde danalary, ylym adamlary, şahyrlary bilen dünýä tanalan, özboluşly däbini, päkize-halal milli gylyk-häsiýetlerini gorap saklap şu günümize çenli sünnäläp getirmegi başaran halkdyr.

Bu gün dünýäniň ähli halklary we döwletleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň kuwwatly döwletdigini ykrar edýär. Milli buýsanjymyz, gözümiziň görejine deňelýän ýaşyl Tugumyz dünýäniň depesinde parlaýar. Garaşsyz Türkmenistan ähli ugurlar boýunça durnukly ösýär.

Megerem, dünýäde şundan uly bagt, şundan uly baýlyk ýok bolsa gerek. Ýurdumyzyň ykdysady, sosial, syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän ösüşler Gahryman Arkadagymyzyň, onuň dowamatyny dowam edýän Arkadagly Serdarymyzyň türkmen halkynyň ykbalyny kesgitlemek barada saýlap alan taryhy ýolunyň dogrudygyny äleme äşgär etdi. Ýurdumyzda döwletimiziň kanunçylyk binýadyndan başlap, ýaşaýşyň, gündelik meselelerine çenli ähli zatlar oňyn özgerýär, döwrebaplaşýar.

Dürli güllere beslenip, iň bezemen toý lybaslaryna geýinen ýaly gözel ilime ajaýyp toýumyz ýetip gelýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygynyň toý-dabaralary ýakynlaşdygyça gözel ýurdumyza buýsanjymyz has-da artýar. Taryh üçin sähelçe bolan şu ýyllar içinde asyrlara barabar üstünlikli ýollary geçen gözel ilimizi taryp etmäge söz gerek. Ak mermerli Aşgabat adyna mynasyp bolan gözel paýtagtymyz ozalky görküni düýpgöter üýtgedip, toý lybasyna beslendi. Belent ymaratlaryň her biri köşki eýwanlar kimin gözleriň ýagyny iýip barýan taýsyz zynata öwrüldi. Milli binagärlik däpleriniň iň gowy nusgalarynyň talaplaryna laýyk gelýän ymaratlary bilen tapawutlanýan şäherimiz dünýä ýurtlarynyň islendik şäherçe gözellige eýe boldy. Medeni-durmuş hem-de gaýry maksatlar bilen düýpgöter täzeden gurulýan şäherimiziň görki görenleri haýran edýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň peşgeşleriniň eýesi bolan ýurdumyzda diňe paýtagtymyzyň görküniň täzelenmegi däl, eýsem gaýry şäherlerimizdir obalarymyzda-da her bir jähtden has amatly, gözelligine söz aýdyp bolmaýan ymaratlar näçe diýseň guruldy. Bagtyýar halkymyzyň rahat hem-de hözirli durmuşy üçin ähli ýerde amatlylygy bilen tapawutlanýan ýaşaýyş jaýlarynyň müňlerçesi guruldy. Obalardyr şäherlerimizde gur­lan bilim, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport,medeni dynç alyş maksatly ymaratlaryň hetdi-hasaby ýokdur. Täze mekdepler, sport mekdepleri hem-de stadionlar, saglyk öýleridir saglyk merkezleri, çagalar edaralary ilatly ýerleriň ählisinde guruldy. Bu işler birjik-de togtadylman ,gaýtam täze depginlere eýe bolýan işler hökmünde üstünlikli dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda kabul edilýän kanunlaryň kämilleşdirilmegini, hemmetaraplaýyn gyşarnyksyz berjaý edilmegini gazanmak maksady bilen alyp barýan işleri hem ýurdumyzyň her bir raýatynyň adalatly jemgyýetde ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Kanunlaryň esasy kadalary türkmen halkynyň ahlak gymmatlyklaryna esaslanyp, şu Kanunlara laýyklykda, ýurdumyzyň her bir raýaty hemişe yhlasly aladadan, ünsden we goragdan peýdalanýarlar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendigi bilen tapawutlanýar. Şeýle bolansoň dünýäniň syýasy kartasynda biziň ýurdumyz diňe bir Garaşsyz, Bitarap döwlet hökmünde däl-de, eýsem dünýäde durnukly ösüşi, parahatçylygy we asudalygy hakykat ýüzünde goldaýan hem-de bu islegiň amala aşmagy üçin iş alyp barýan döwlet hökmünde ykrar edildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwletara gatnaşyklarynyň işjeň häsiýete eýe bolmagyna we dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly üns berýär. Hormatly Prezidentimiziň dünýäniň iň iri we abraýly halkara bileleşigi bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly üns bermeginiň ägirt uly ähmiýeti bar.

Paýtagtymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit Merkeziniň ýerleşmegi alyp barýan syýasatymyzyň halkara derejesinde goldanylýandygynyň alamatydyr. Munuň özi Türkmenistan döwletiniň halkara guramalary bilen bilelikde sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan asylly maksatlarynyň durmuşa ornaşýandygynyň kepili bolup durýar.

Ýurdumyz Garaşsyzlyga, hemişelik Bitaraplyga eýe bolandan soň mähriban Diýarymyzda dabaraly toý tutulyp, baýram edilip bellenilýän şanly seneler watandaşlarymyzyň her biriniň buýsanjyna, milli mertebesine, guwanjyna, şatlygyna, göbek ganynyň daman topragyna bolan çäksiz söýgüsine öwrüldi. Her ýylda bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň baýramy bolsa şol şanly seneleriň, toý-baýramlaryň iň bir naýbaşysy, ýüregimize ýakyny diýsek hakykatdan daş düşmeris. Bu gün biz göz guwanjymyz, ýürek ýagymyz, bagtdan püre-pür şu günümiz, has rowaç boljak ertirimiz bilen berk baglanyşdyrýan şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuna barýarys.

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýylynyň içinde ýetilen sepgitler, mähriban Watanymyza, beýik üstünliklere guwanyp hem buýsanyp ýaşamaga ruhlandyrýar. Mähriban halkymyzyň abadan hem eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Tawus DURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş, bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň okuw müdiri.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.