Garaşsyzlyk – özygtyýarlylyk, erkinlik, bagtyýar durmuş
26-09-25
Parahatçylygyň, dost-doganlygyň mekany hökmünde tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda her ýylyň bereketli güýz paslynda bellenilýän Garaşsyzlyk güni türkmen halkynyň özygtyýarlylyk, erkinlik hakynda asyrlarboýy eden arzuwynyň hasyl bolandygyny, berkarar döwletiň, bagtyýar durmuşyň eýesidigini alamatlandyrýan şanly senedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, «Garaşsyzlyk biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir, beýik geljegimizdir. Garaşsyzlyk biziň dünýä dolan belent abraýymyzdyr hem-de şan-şöhratymyzdyr». Hut şonuň üçinem bu şanly sene her ýylda belent maksatlara galkyndyrýan naýbaşy baýram hökmünde buýsanç bilen bellenip geçilýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçilen menzillere ser salanyňda, kalbyňy buýsançly duýgular gurşap alýar. Çünki niräňe seretseň, göwün göteriji gözellik, asyrlara barabar işler. Ýaşyl Baýdagymyzyň pasyrdap durşuny, asuda asmanyň astynda, parahat Zeminiň üstünde nesilleriň bagtyýarlygyny, gözellikleri keşbine siňdiren Diýarymyzyň ajaýyplyklaryny synlanyňda, Garaşsyzlygymyzyň ykballaryň özgermegine ýetiren täsiri örboýuna galýar. Şol pursatda abadan, erkana ýaşaýşyň hözirini görmegiň tapylgysyz bagtdygy hakynda oýlanýarsyň we şu günki ajaýyp durmuşymyza bolan buýsanjyň artyp, kalbyň joşa gelýär.
Otuz dört ýylyň içinde geçilen menzil Garaşsyz Watanyny tüýs ýürekden söýýän, ony başynyň täjine deňeýän merdana halkymyzy taryhy üstünliklere ýetirip, ýurdumyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna ymykly goşdy. Garaşsyzlyk ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetmegiň esasy bolup, bu günki gün ýurdumyza röwşenlik şuglasyny saçýar.
Garaşsyzlygyň gadyr-gymmaty barha artýan häzirki döwürde halkymyzyň abadan we parahat durmuşynyň üpjün edilmegine, ýurdumyzyň halkara abraýynyň pugtalanmagyna gönükdirilen işler rowaçlyklara beslenýär. Jemgyýetçilik-syýasy özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Obalarymyzy, şäherçelerimizi, şäherlerimizi gözelleşdirmekde, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny kämilleşdirmekde, ýurdumyzy senagat taýdan gülläp ösýän döwlete öwürmekde giň gerimli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlarynda, oba hojalygynda, nebitgaz pudagynda we beýleki ugurlarda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, halk hojalygynda ýetilýän belent sepgitler milli ykdysadyýetimiziň batly depginler bilen ösýändiginiň subutnamasydyr. Ata Watanymyzda gurlan täze-täze önümçilik desgalary, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar Garaşsyzlygymyzyň beren miweleridir. Bu ajaýyplyklar Garaşsyzlygyň halkymyzyň ykbalyndaky hiç zat bilen çalşyp bolmajak taryhy ornuna doly düşünmäge mümkinçilik berýär.
Bu günki gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda tutulýan belent maksatly tutumlaryň rowaçlanýandygy, durmuşa ornaşdyrylýan işleriň üstünliklere beslenýändigi başymyzy göge ýetirýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýan şeýle bagtyýar hem abadan durmuşyň halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň netijesinde bolandygyny bellemek has ýakymlydyr. Şeýle beýik işleriň, taryhy özgertmeleriň şaýady bolýan halkymyz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyş aýdýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň rowaçlyklara beslenýän günlerinde uly ruhubelentlik bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýuny garşy alýarys. Şatlyk-şowhunly dabaralar bilen bellenilip geçiljek baş baýramymyz ýyl geçdigiçe baý many-mazmuna eýe bolup, buýsanjymyza buýsanç goşýar, kalplara joşgun hem ylham berýär.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Rejepgül HAIDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Adam anatomiýasy, topografik anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň uly mugallymy, dosent.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.