Geňeşene giň dünýä
26-09-25
Türkmen halky «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Maslahatly il myrada ýeter», «Geňeşli salamat bolar», «Geňeşene giň dünýä» ýaly ençeme parasatly sözleri döredipdir. Munuň özi ata-babalarymyzyň il-ýurt bähbitli meseleleri maslahatlaşyp çözmekligi durmuş ýörelgesine öwrendiklerini görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de halkymyzyň şeýle asylly ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyna uly ruhubelentlik, zähmet üstünlikleri bilen barýan günlerimizde, 19-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem munuň aýdyň mysaly boldy.
Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen döwletli çözgütler halkymyzy täze, belent maksatlara ruhlandyrýar. Olar ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir.
Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen döwletli çözgütleriň biri-de ýurdumyzda täze etraplaryň döredilmegidir. Elbetde, munuň özi döwletli Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk özgertmeleriniň has netijeli durmuşa geçirilmeginde, ilat üçin täze iş orunlarynyň döredilmeginde, milli ykdysadyýetimiziň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanylmagynda örän ähmiýetlidir.
Umumymilli forumda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagynyň dolandyrylyşyny yzygiderli kämilleşdirmek babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görülýän günlerde ýurdumyzyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri boýunça guramaçylyk toparynyň agzalary täze etraplary döretmek bilen bagly teklipleri öwrenmek, ýüztutmalary seljermek we maslahatlaşmak maksady bilen welaýatlarda iş saparynda boldular. Şeýlelikde, Ahal welaýatynda Altyn asyr etrabyny, Daşoguz welaýatynda Garaşsyzlyk hem-de Gubadag etraplaryny, Lebap welaýatynda Döwletli, Farap, Garabekewül etraplaryny, şeýle hem Mary welaýatynda Oguz han etrabyny döretmek teklip edildi. Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň we zähmetsöýer daýhanlarynyň haýyşnamalarynyň göz öňünde tutulyp, täze etraplary döretmek barada öňe sürlen teklipleriň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken degişli resminamasyna laýyklykda bolsa, Mejlisiň karary bilen döredilen täze etraplaryň häkimlikleri döredildi. Şeýle işler ýurdumyzda adam hakynda döwletimiz tarapyndan edilýän uly aladalardan nyşandyr.
Biz ýerli halk maslahatlarynyň agzalary bolup, sebitlerde ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda Halk Maslahatynyň we onuň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütleriň ähmiýeti dogrusynda wagyz-nesihat duşuşyklaryny yzygiderli geçirýäris. Garaşsyzlyk bilen galkynan, Bitaraplyk bilen beýgelen türkmen halky ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän millilik, döwletlilik, agzybirlik, jebislik ýörelgelerine berk eýerýär. Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler bagtyýar ildeşlerimizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Bu ýokary guramaçylyk derejesinde üstünlikli geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisi babatda hem şeýle.
Goý, mundan beýläk-de halkyň bähbidine, döwletimiziň ösüşine, il-günümiziň asuda, bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilen özgertmeler rowaçlyklara beslensin! Bize şeýle ajaýyp zamanany, bagtyýar durmuşy peşgeş beren Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris!
Rejepgül HAIDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Adam anatomiýasy, topografik anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň uly mugallymy, dosent.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.