Ga­raş­syz­lyk to­ýu­my­zyň şan-şöh­ra­ty dün­ýä dol­sun!

26-09-25

Mähriban halkymyzyň asuda ýaşamagynyň, döretmeginiň we gurmagynyň, ösüşleriň ýolunda has belent sepgitlere ýetmeginiň baş şerti bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýy golaýlap gelýär. Özygtyýarlyk, erkinlik, asudalyk, parahatlyk, şu jümleleriň ählisi “Garaşsyz” diýen nurana sözden gözbaş alýar. Ýurt Garaşsyz bolanda, öz ygtyýarlyklaryny özi kesgitläp bilýär. Garaşsyz döwletiň raýatlary erkin, asuda durmuşda erkana ýaşaýar.  Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň gur­mak, dö­ret­mek ýa­ly mu­kad­des ýö­rel­ge­le­ri­ne eýe­rip, türk­men döw­le­ti­ni äh­li­ta­rap­la­ýyn ber­kit­mek, hal­ky­my­zyň mun­dan beý­läk-de bo­le­lin dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny üp­jün et­mek we ne­sil­le­ri­mi­ze kuw­wat­ly döw­le­ti mi­ras goý­mak ba­ra­da edil­ýän ala­da­lar her bi­ri­mi­ziň kal­by­myz­da çäk­siz buý­san­jy, söý­gi­ni oýar­ýar. 

Ata Wa­ta­ny­myz­da ga­za­nyl­ýan her bir ösüş Ga­raş­syz­ly­gyň bi­ze be­ren mi­we­le­ri­dir. Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­niň dö­re­di­le­ni­ne 34 ýyl bo­la­nam bol­sa, bu dö­wür­de asyr­la­ra ba­ra­bar ne­ti­je­li iş­ler edil­di. Gys­ga ta­ry­hy döw­rüň için­de bi­ti­ri­len iş­ler, ýe­ti­len sep­git­ler sa­nar­dan, akyl ýe­ti­rer­den has köp­dür. Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan döw­le­ti di­ňe bir bi­ziň ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­de ýa­şa­ýan türk­men­ler üçin däl, eý­sem yk­ba­lyň em­ri bi­len dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­de ga­lan türk­men­le­riň hem Wa­tan ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­nyň ha­syl bol­ma­gy­dyr. In­di Türk­me­nis­tan dün­ýä iç­re yk­rar edi­len uly döw­let­le­riň ha­ta­ry­na go­şul­dy. Ga­raş­syz­lyk türk­men hal­ky­nyň ab­raý-mer­te­be­si­ni be­len­de gö­te­ren, mil­le­ti­mi­zi je­bis­leşdi­ren we döw­le­ti­mi­ziň ösü­şi­ne ba­dal­ga be­ren be­ýik ta­ry­hy pur­sat­dyr. Şo­nuň üçin hem biz Ga­raş­syz­lyk gü­nü­ni giň ge­rim­de, ag­zy­birlikde uludan bel­le­ýä­ris.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de paý­tag­ty­myz­da we welaýatlarda gur­lan dur­muş mak­sat­ly des­ga­lar, bi­na­lar sa­nar­dan kän. Bu bol­sa il-gü­nüň başyny göge ýetirýär. «Bi­le­gi güýç­li bi­ri­ni ýy­kar, bi­li­mi güýç­li mü­ňi­ni» di­ýen söz­ler ýö­ne­li­ge dö­rän däl­dir. Nä­me üçin gy­zyl köz ýa­ly ne­pis ha­ly­la­ry­myz, syç­rap du­ran dal be­dew­le­ri­miz äle­mi haý­ra­na goý­ýar? Se­bä­bi bu be­hiş­di gymmatlyklar türk­me­niň öz dö­re­den aja­ýyp eser­le­ri. Gü­lä­lek­li meý­dan ýa­ly ha­ly­la­ry­my­za eli çe­per türk­men ge­lin-gyz­la­ry hal­ky­my­zyň ta­ry­hy­ny ne­pis keş­de­ler bi­len ýa­zyp­dyr­lar. Türk­me­niň uçar ga­na­ty, da­şa­ry ýurt­ly ja­han­keş­de­ler ta­ra­pyn­dan «as­man at­la­ry» diý­lip ba­ha ber­len behişdi be­dew­le­ri­mi­ziň kä­mil de­re­jä ýet­me­gi üçin, gör, nä­çe se­ýis­ler, at­ba­kar­lar maň­laý de­ri­ni dö­ken­dir.

Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­myz ata Wa­ta­nyň her bir kün­je­gi­ni sö­ýüp ýa­şa­ma­ga, gy­sym top­ra­gy­nyň ga­dy­ry­ny bil­mä­ge we go­rap sak­la­ma­ga güýç ber­di. Ga­raş­syz­lyk hal­ky­my­za özü­ni go­ra­ma­ga ukyp­ly bo­lan we dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi bi­len aýak­daş gid­ýän ra­ýat jem­gy­ýe­ti­niň esa­sy­ny goý­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di. Al-as­man­da par­lap du­ran ýa­şyl Tu­gu­my­za ýa-da mil­li tug­ra­my­za se­re­de­niň­de, eli­ňi ýü­re­giň üs­tün­de go­ýup, Döw­let se­na­sy­ny ýe­ri­ne ýe­ti­re­niň­de, ru­hu­ňy gö­ter­ýän pur­sat­lar wa­tan­çy­lyk ru­hu­my­zyň gös-gö­ni jan-ten duý­gu­la­ry­my­za öw­rül­ýän ha­la­ty­dyr.

Ili­miz­de şanly se­nä ba­gyş­la­nyp, toý tut­mak dä­bi ýör­gün­lidir. Her ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Ga­raş­syz­lyk to­ýu­ny ulu­dan bel­le­ýän hal­ky­myz eş­ret­li wa­ka­la­ryň şa­ny­na şat­la­nyp, öz ýü­rek ar­zuw­la­ry­ny, kö­ňül owaz­la­ry­ny dün­ýä ýaý­ýar. Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 34 ýyl­lyk to­ýu­ny uly üs­tün­lik­ler, ýe­ňiş­ler bi­len gar­şy al­ýan il-gü­nü­miz bu to­ýuň da­ba­ra­sy­ny, at-owa­za­sy­ny Ar­şa gö­te­rer. Yk­ba­ly­my­za nur ça­ýan, ýo­lu­my­za röw­şen­lik be­ren Ga­raş­syz­lyk to­ýu­my­zyň şan-şöh­ra­ty dün­ýä dol­sun! Ba­ky bag­ty­ýar­lyk ýo­lu­na dü­şen türk­men hal­ky­nyň ýo­ly do­wa­mat do­wam bol­sun!

Baýmyrat ÇARYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Ýürek-damar hirurgiýasy okuwly gospital hirurgiýasy kafedrasynyñ assistenti.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.