Garaşsyzlyk güni — bagtyýarlygyň baýramy
26-09-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şatlyk-şowhuna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuna ruhubelentlik bilen taýýarlyk görülýär. Garaşsyzlyk baýramy türkmen halkynyň naýbaşy toýudyr, berkararlygyň, bagtyýarlygyň dabaralanmasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde Watanymyzyň baş baýramynyň il agzybirliginde, ýurt parahatçylygynda giňden bellenip geçilýänligi döwletlilikden, bagtyýarlykdan alamatdyr. Bu baýram halkymyzy ösüşiň we rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýar, kalplara joşgun berýär.
Mälim bolşy ýaly, güneşli Diýarymyza her ýyl tylla güýz gelende, ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda bagtyýar halkymyzyň kalby ruhubelentlik we buýsanç duýgularyna beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň halkymyzyň ýüreginde Watana bolan söýgi, onuň güýç-kuwwatyna we geljegine bolan ynam, gurmaga, döretmäge bolan höwes, depginli ösüşini üpjün etmek islegi pugta orun aldy. Biz beýik işlerimizi Watanymyza bolan söýgimiz bilen amala aşyrýarys» diýen sözlerinde bu beýik hakykat has aýdyň görünýär. Hakykatdan-da, Garaşsyzlygymyzyň 34 ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň ähli ugurlarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler asyrlara barabarlygy bilen ähmiýetlidir. Ýurdumyzyň bu döwür içinde ägirt uly taryhy galkynyşy başdan geçirendigi hem ýokardaky aýdanlarymyza doly şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda ata Watanymyzyň ýeten sepgitlerine nazar aýlanymyzda, ýurdumyzda senagatyň dürli pudaklarynda, ylym, bilim, oba hojalyk, söwda, ulag-logistika, medeniýet, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda alnyp barylýan sazlaşykly işleriň, gazanylýan üstünlikleriň şaýady bolýarys. Günsaýyn gözelleşip, ajaýyp keşbe girip, «Aziýanyň merjeni» diýen ada mynasyp bolan, ak mermere beslenen gözel paýtagtymyz Aşgabadyň we beýleki şäherlerdir obalarymyzyň durkuny synlanlaryň her biri Garaşsyzlyga eýe bolup galkynan halkymyzyň bir supranyň başyna jemlenip, bir döwlete gulluk edip, beýik işleri amala aşyrýandygyna doly göz ýetirýär. Şu ýerde aýratyn bir zady belläp geçmek juda ýerlikli bolsa gerek. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýerine ýetirilen işleriň, durmuşa geçirilen özgertmeleriň hemmesi halkymyzyň söýgüsine mynasyp bolan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşdy.
Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ähli ugurlarda guwandyryjy netijeler gazanýar. Berkarar döwletimizde alnyp barýan «Açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde, hemişelik bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alnyp, halk hojalygynda uly işler alnyp barylýar, halkara hyzmatdaşlygy barha işjeňleşdirilýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyz hem-de hemişelik Bitaraplygymyz döwlet syýasatynyň mizemez sütünleridir. Türkmen topragynda ýaşaýan bagtyýar halkymyz Garaşsyzlygyň eçilýän miwelerini her ädimde görüp we duýup ýaşaýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan saýlap alan milli ösüş ýolunyň berkdigini we netijelidigini subut etdi. Şonuň üçin ýurdumyzyň Garaşsyzlygyna guwanyp, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de pajarlap ösmegi ugrunda raýatlarymyzyň her biriniň yhlasly zähmet çekmegi maksadalaýyk bolup durýar.
Bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany hökmünde dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. Eziz Diýarymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolmak bilen, bu syýasata uly ähmiýet berýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy, häzirki zamandaky ähmiýetli orny we ýurduň güýji baky Bitaraplygymyz bilen ygtybarly berkidildi. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk — ýurdumyzyň beýik ösüşleriniň berk sütünlerine öwrüldi.
Ata Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!
Şamämmet GARAJAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.