Garaşsyzlyk — başymyzyň täji

26-09-25

Ýur­du­my­zyň özyg­ty­ýar­ly ösü­şi­niň 34 ýy­ly­nyň do­wa­myn­da ýur­du­myz­da äh­li ugur­lar bo­ýun­ça uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­dy, be­lent sep­git­le­re ýe­til­di. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýur­du­myz­da köp san­ly oba­dyr şä­her­çe­ler dö­re­dil­di, önüm­çi­lik we me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly bi­na­lar­dyr des­ga­la­ryň en­çe­me­si işe gi­ri­zil­di, äh­li amat­lyk­lar bi­len üp­jün edi­len ýa­şa­ýyş jaý­la­ry gu­rul­dy. Wa­ta­ny­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de hä­zir­ki döw­rüň iň kä­mil en­jam­la­ry or­naş­dy­ry­lan mek­dep­ler, ça­ga­lar bag­la­ry, has­sa­ha­na­lar, dynç alyş we sa­gal­dyş mer­kez­le­ri gur­lup ulan­ma­ga be­ril­di. Ga­raş­syz­ly­gyň hal­ky­my­za eçi­len bag­ty­na gu­wan­mak, ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň saz­la­şyk­ly ösüş­le­ri­ne gö­nük­di­ri­len asyl­ly iş­le­re my­na­syp go­şant goş­mak ug­run­da ir­gin­siz zäh­met çek­mek her bi­ri­mi­ziň be­lent bor­ju­myz­dyr.

«Türk­men hal­ky­nyň Ga­raş­syz­lyk we döw­let­li­lik, wa­tan­sö­ýü­ji­lik, yn­san­per­wer­lik dü­şün­je­le­ri göz­ba­şy­ny müň­ýyl­lyk­lar­dan alyp gaýd­ýar. Bu dü­şün­je­ler bi­ziň gün­le­ri­miz­de halk­la­ryň ýa­kyn­laş­ma­gy­na, dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­ga ýar­dam ed­ýän mil­li we umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li tag­ly­mat­la­ra öw­rül­di. Mil­li bi­te­wü­li­gi eme­le ge­ti­rip, döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­nyň esas­la­ry­ny düz­di». Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bu söz­le­rin­de döw­let ber­ka­rar­ly­gy­my­zyň, mil­li bi­te­wü­li­gi­mi­ziň we pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li ýö­rel­ge­le­ri­mi­ziň öza­ra bag­la­ny­şy­gy, düýp maz­mu­ny aý­dyň hem-de düş­nük­li gör­nüş­de açy­lyp gör­ke­zil­ýär. Türk­men hal­ky­nyň be­ýik şa­hy­ry, dün­ýä­niň akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň «Bir sup­ra­da eda bol­sun aşy­myz» di­ýen şy­gyr se­ti­rin­de be­ýan edi­len şol je­bis­li­giň, ber­ka­rar­ly­gyň, ag­zy­bir­li­giň we özyg­ty­ýar­ly­ly­gyň bin­ýa­dy Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de has-da ber­ki­dil­di.

Ine, akyl­dar, da­na şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ar­zuw­lan za­ma­na­syn­da ýe­ne-de baý­ram­la­ryň naý­ba­şy­sy — Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my ýe­tip gelýär. Bi­ziň iň gym­mat­ly baý­ly­gy­myz bo­lan ýurt Ga­raş­syz­ly­gy­myz mil­le­ti­mi­zi özerk­li ýa­şaý­şa, döw­let­li döw­ran­la­ra ýe­tir­di. Be­lent umyt-ar­zuw­ly, aý­dyň mak­sat­ly za­ma­na­nyň al­tyn ga­py­la­ry­ny aç­dy. Bi­zi be­ýik Py­ra­gy­nyň türk­men döw­let­li­li­gi ba­ra­da eden uly ar­zuw­la­ry­nyň wy­sa­ly­na eýe et­di.

Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 34 ýyl­lyk baý­ra­my­na uly taý­ýar­lyk gö­rül­ýän gün­ler­de paý­tag­ty­myz­da, şeý­le-de ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da döw­re­bap bi­na­la­ryň, oba­dyr şä­her­çe­le­riň açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi baý­ram­çy­lyk şat­ly­gy­my­zy go­şa­lan­dyr­dy. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da paý­tag­ty­my­zyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky se­na­gat top­lu­my­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän çüý­şe önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän önüm­ha­na­nyň, mer­mer şä­her Aş­ga­ba­dyň gu­ja­gyn­da döw­re­bap­laş­dy­ry­lan «Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň XV ýyl­ly­gy» se­ýil­gä­hi­niň, Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň Sa­rahs ser­het bi­rik­me­si­niň tä­ze bi­na­lar top­lu­my­nyň, Kö­ne­ür­genç et­ra­by­nyň Tä­ze ýol ge­ňeş­li­gin­de tä­ze şä­her­çä­niň hem-de aw­to­mo­bil köp­rü­le­ri­niň, Ak bug­daý et­ra­by­nyň Öňal­dy ge­ňeş­li­gin­de Döw­let­li me­kan oba­sy­nyň, Ka­ka et­ra­by­nyň Gow­şut ge­ňeş­li­gin­de Bagt­ly za­ma­na oba­sy­nyň açyl­ma­gy ata Wa­ta­ny­myz­da hal­kyň hal-ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak ug­run­da edil­ýän ta­gal­la­laryň anyk hem buý­san­dy­ry­jy ne­ti­je­le­ri­dir.

 

Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­ni — Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my hök­mün­de ta­ry­hy­my­za al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lan be­lent se­ne. Ba­ry-ýo­gy 34 ýy­lyň için­de ýur­du­myz äh­li ugur­lar bo­ýun­ça asyr­la­ra ba­ra­bar ta­ry­hy ösüş­le­ri ga­zan­dy, Watanymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty älem-ja­ha­na ýaý­ra­dy. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň «Hor gal­ma­syn puşt­dan puş­tum, ber­ka­rar döw­let is­tä­rin» di­ýen ar­zu­wy Gah­ry­man Ar­kadagy­myzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ama­la aşyp, pe­der­le­riň ar­zuw­lan Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­ny dün­ýä ýaň sal­dy.

Şu gün­ler­de ildeşlerimiziň ýü­rek­le­ri buý­sanç­dan do­lup, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 34 ýyl­lyk şan­ly baý­ra­my­na tä­ze zäh­met sow­gat­la­ry bi­len bar­ýar. Ga­raş­syz­lyk hem-de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk ýyl­la­ryn­da ýur­du­myz­da dün­ýä do­lýan be­ýik iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ri­lip, mäh­ri­ban Di­ýa­ry­myz ta­nal­maz de­re­je­de öz­ger­di. Biz hem şeý­le be­lent mak­sat­ly iş­le­ri amal et­mek­de gi­je­le­ri­ni gün­diz edip zäh­met çek­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, pe­der ýo­lu­ny my­na­syp do­wam edip, hal­ky­ny ak ýol­dan öňe alyp bar­ýan Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň he­mi­şe jan­la­ry­nyň sag, baş­la­ry­nyň be­lent bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris!

Ýelena ZAWODÇIKOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň uly mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.