Geňeşli il – döwletli il
26-09-25
Milli we döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli wajyp wezipeleri, möhüm meseleleri halka sala salyp, köpçülik bilen geňeşip çözmek, ara alyp maslahatlaşmak, ýaşululara sarpa goýmak halkymyzyň owaldan gelýän asylly, döwletli ýol-ýörelgeleridir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem munuň aýdyň güwäsi boldy.
Mälim bolşy ýaly, bu maslahatlar türkmen halkynyň ynsanperwer we ahlak ýörelgelerini kemala getirýär. Her bir şahsyýetiň öz halkynyň ykbalyna bolan jogapkärçiligini, jemgyýetçilik aňyny we syýasy düşünjeliligini terbiýeleýär. Häzirki döwürde şahsyýetiň watansöýüjiligi we raýatlyk duýgusy, tutanýerliligi, ululara sylag-hormaty, mertebeliligi, halkyň aladasy bilen ýaşamagy, zähmet çekmegi – bularyň hemmesi şu günki jemgyýetimiziň oňyn özgerişleriniň hereketlendiriji güýji bolup hyzmat edýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, ilkinji nobatda, halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän edara hökmünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilmelidigini belleýär we bu ugurda nusgalyk tagallalary durmuşa geçirýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi ata-babalarymyzyň hem eýeren, halkymyzyň döwletliliginiň esaslaryny düzýän, milliligimize mahsus kadalara esaslanýar. Şol kadalar demokratiýadan, aýanlykdan, adalatlylykdan, kanunyň hökmürowanlygyndan, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmakdan, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňliginden, adamyň hukuklaryna hem-de azatlyklaryna hormat goýmakdan, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmakdan we kabul etmekden, jemgyýetçilik pikirini nazara almakdan ybaratdyr.
Bu taryhy mejlise Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine girýän döwlet hem häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, ýurdumyzyň ähli sebitlerine wekilçilik edýän jemgyýetçilik wekilleri, beýleki çagyrylan adamlar gatnaşdylar.
Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipelerine garaldy. Mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň maksatnamalaýyn çykyşynyň ähli halkymyz tarapyndan ruhubelentlik bilen garşylanmagy agzybirligiň uly güýçdügine ynanyp, gurýan, döredýän, halal zähmet çekip, rehnedini görýän halkymyzyň ýürek joşgunyny alamatlandyrdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kesgitlenen wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilmek bilen, mejlisde garalýan meseleleriň döwlet derejesinde ähmiýetiniň ýokarydygyny görkezýär. Halk hojalygynyň dürli ugurlarynda ýetilen beýik sepgitler diňe bir döwlet derejesinde gazanan üstünligimiz bolman, eýsem, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän hem-de döwletlerdir halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan ýurt hökmünde ata Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrýar.
Halkymyzyň gadymdan bäri, ilki bilen, öňe sürýän durmuş ýörelgeleri agzybirlikdir we maslahatly işlerdir. Agzybirlik we jebislik jemgyýetimiziň gymmatlyklary, döwlet berkararlygymyzyň synmaz sütünleri bolup, ýurdumyzda uly ösüşleriň gazanylmagynda, halkymyzyň bähbitlerine, röwşen geljegine gönükdirilen ägirt uly özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Aýna KULIÝEWA-HUDAÝKULIÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Pedagogika fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.