GARAŞSYZLYK — ÖZBAŞDAKLYGYŇ, ERKANALYGYŇ ÝOLY
23-09-25
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, tagallalary bilen ösüşlerden ösüşlere barýan Diýarymyzyň gujagynda bagtyýar zamanada şanly seneleriň şatlygy kalbymyzy gurşap alýar. Her bir güni guwandyryjy wakalara beslenýän ýurdumyzda gazanylýan ösüşler ajaýyp baýramçylyk duýgulary bilen birleşýär. Halkymyza täze durmuşy peşgeş beren mukaddes Garaşsyzlygymyz hem halkymyzyň her ýyl uly dabara bilen belleýän baýramlarynyň biri bolup, özbaşdak, erkana döwletimiziň ähli ýeten sepgitleriniň ilkinji we dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna ýetiren ösüş basgançagy boldy.
Türkmenistan bagtyýar, abadan, eşretli durmuşda ýaşaýan adamlaryň mekanyna öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýy ep-esli ýokarlandy. Türkmen milletiniň ruhy galkynyp, bagtyýar zamana getirdi. Şonuň üçin hem mukaddes Garaşsyzlyk gününi halkymyzyň altyn eýýamynyň başlanýan güni hökmünde dabaraly belläp geçýäris.
Beýik ösüşleri maksat edinip, bedew bady bilen ýagty geljege sary barýan parahat Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda beýik özgertmeleri başdan geçirdi. Ýurdumyzyň ähli ulgamlary täze, dünýäniň öňdebaryjy tejribesine esaslanýan derejelerde kämilleşdirildi. Aýratynam, soňky ýyllarda ähli pudaklary dünýä ülňülerine laýyk derejede ösdürmek, olarda sanly ulgamy ornaşdyrmak ýaly döwrebap işler amala aşyryldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dünýä ýüzünde beýik at-abraýa eýe bolýar. Bu günki gün ata Watanymyz, mermer paýtagtymyz Aşgabat dünýä derejesindäki maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi.
Ýurt Garaşsyzlygynyň gazanylmagy bilen taryhy, edebi gymmatlyklarymyz gaýtadan dikeldildi. Milli mirasymyz — maddy we ruhy gymmatlyklarymyz öwrenilip, halkymyzyň baý geçmişi esasynda şu ösüşli günlerine ýetildi. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerinde ýeňillikler döredildi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täzeçe enjamlar bilen üpjün edilen mekdepleriň, çagalar baglarynyň, sport desgalarynyň, döwlet edaralarynyň binalarynyň ýüzlerçesi gurlup ulanylmaga berildi. Bu işleriň ählisi halkymyzyň durmuşyny gowulandyrmak maksady bilen, şeýle-de ýaş nesliň ylymly-bilimli, täze tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin edilýän işlerdir, biziň bagtly ýaşaýşymyzy üpjün edýän Garaşsyzlygyň bize beren miweleridir.
Garaşsyzlykdan başlanýan döwletlilik milli Liderimiziň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde barha kämilleşýär. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz Diýarymyzy durnukly ösüşiň aýdyň ýoly bilen öňe alyp barýar. Bu ösüşli ýol bilen Watanymyzyň öňe gitmegine mynasyp goşant goşmak bolsa her birimiziň raýatlyk borjumyzdyr.
Halkymyzyň ruhy medeniýetinden gelip çykýan milli ýörelgeleri döwletimiziň garaşsyzlyk derejesiniň medeni esaslarydyr. Garaşsyzlyk parasatly pederlerimiziň arzuw-isleglerinden wysal bolup, halkymyza eşretli durmuşy bagyş etdi. Garaşsyzlygyny gazanyp galkynan, hemişelik Bitaraplygy ykrar edilip, mertebesi beýgelen halkymyzyň bu gymmatlyklary bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toyuna barýan ajaýyp pursatdan peýdalanyp, bagtyýar zamanada, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barýan döwletde şanly seneleri uly dabara bilen bellemäge giň şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Gözel ÇARYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyñ assistenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.