Buýsanjymsyň, Garaşsyzlyk!

18-09-25

Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň bagtyýar, bolelin ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrýan beýik işleri halkymyzyň ruhubelentligini gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer, parahatsöýüjilikli syýasaty Watanymyzyň halkara abraýyny barha artdyrýar. Döwletimiziň berkararlygy, eşretlere eýlenen zamanamyz, ygtybarly ertirlerimize berk ynamymyz türkmen milletiniň döwletli-döwranyny, döwletimiziň binýadynyň mizemezligini nazarlaýan taglymatlaryň jemidir.

Häzirki wagtda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, dünýäde ylym-bilimde täze gazanylanlar durmuşa ornaşdyrylyp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşini çaltlandyrmak we özgerişleriň täze basgançaklaryna ýetmek ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Şol beýik işler jemgyýetimizi ösdürmegiň hereketlendiriji güýjüniň özenidir. Kämil maksatlar halkymyzyň watançylyk duýgusynyň ýokarlanmagyna, her bir adamyň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işlere dahylly bolmak, olara öz goşandyny goşmak höwesiniň artmagyna getirýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimize bolan uly söýgi ildeşlerimiziň kalbyny buýsanç, guwanç duýgularyna besleýär.

Biz bu gün ata-babalarymyzyň ynam-yhlasyndan binýat bolan türkmen binasyny «berkarar döwlet», güýç-gaýraty bilen gazanan döwletli döwranyny «bagtyýarlyk» diýip atlandyrýarys. Bu bagtyýarlyk atalaryň irginsiz yhlasy we aladasy, halal zähmeti we ýaşaýşa söýgüsi bilen dörändir. Bu berkarar döwlet bolsa Pyragynyň yşkynyň kemaly, arzuwlarynyň wysaly. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — yşkdan binýat bolan türkmen binasy.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň ady, şöhraty, mertebesi bu gün dünýä dolýar. Garaşsyzlyk bu Türkmen halkynyň mukaddes baýramlarynyň biridir, ata-babalarymyz, pederlerimiziň taryhynda müňýyllyklaryň dowamynda Garaşsyz bolmak barada arzuw edip gelipdirler. Şol merdana pederlerimiziň, ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde ýaşap gelen arzuw-umytlary, erk-islegleri nesil dowamatynda täze ruhda, täze öwüşgünde 1991-nji ýylda hasyl boldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen bagtynyň täze belentlige  göterilmesidir. Garaşsyzlyk nury halkyň bagtyýar eşretine uzaýan ak ýoluna baky öçmejek ýalkym saçdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň ykbaly gülledi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan hem-de onuň peder ýoluny dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyçlary bilen bu gün ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dünýäniň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan täze önümçilik desgalarynyň, medeniýet merkezleriniň, ylym-bilim, saglyk toplumlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, obalaryň halkara derejesinde abadanlaşdyrylyp, döwrebap şäherleriň we obalaryň peýda bolmagy şeýle-de ençeme desgalar Garaşsyzlygyň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň baş ymaratydyr. Garaşsyzlyk özbaşdak döwletlilik beýik pederleriň arzuwlan  Watanydyr!

Dünýäde parahatçylyk ýoly bilen gadam basmakdan, deňi-taýy bolmadyk gözellikleri döredip, onda öz bagtyňy şöhlelendirmekden, älemde beýik ynsanperwer ýörelgeler bilen tanalmakdan uly bagt barmy?! Ine, şol bagtyň agzybirlige ýugrulan sergin şemaly halkymyzy abadan ýaşaýşyň ruhuna gaplap aldy. Merdana pederlerimiziň jahany baglan şan-şöhraty bilen berkarar bolan ýurt Garaşsyzlygy — pederlerimiziň arzuwlan parahatçylygynyň durmuşa ornaşdyrylan subutnamasyna öwrüldi.

Bu gün türkmen halky her bir ynsanyň bagtly bolmagy, gijeleriniň rahat, gündizleriniň parahat bolmagy üçin alada edilýän beýik zamanada eşretli durmuşda ýaşaýar. Ýene sanlyja günden şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuny zähmet üstünlikleri bilen garşy alýar. Garaşsyz Watanymyzyň ylymda-bilimde, medeniýetde, sungatda, saglygy goraýyşda, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda, içeri we daşary syýasatynda uly üstünlikler gazanmagy döwletimiziň gün-günden artýan halkara abraýyny has ýokary göterýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde ýaş nesillerimiziň hem egsilmez paýy bar. Täze döwrüň — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş nesilleriniň ýurdumyzyň öňegidişliklerine goşýan goşantlary has-da dabaralanýar. Bu gün belentden-belent ösüşlere sary ýol alan eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň, senagatynyň islendik pudagynyň ösüşinde ýaşlaryň ornuny görmek bolýar. Ýaşlarymyzyň her biri Garaşsyzlyk toýuna özleriniň mynasyp zähmet ýeňişleri bilen barýarlar.

Garaşsyzlyk döwrüniň nesli indi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe atalarynyň altyn ýoluny dowam edýärler. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu babatda: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip ynam bildirýär. Ynam mukaddesdir. Ynama ygrarly, borjuna wepaly watançy nesiller il-günümiziň guwanjydyr. «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýmeginde hem ýene ýaş nesle — beýik geljege ynam bar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ylymly-bilimli ýaşlar bilen öňe barýar. Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, bagtyýar durmuşymyz hem-de beýik geljegimiz üçin gijesini gündiz edip alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Merjen ANNAMYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby gigiýena, epidemiologiýa we toksikologiýa kafedrasynyň mugallymy.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.