Garaşsyzlygyň batly gadamlary
14-09-25
Garaşsyzlyk Watanymyzyň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr. Watan Garaşsyzlygy mukaddeslik saýylýan närseleriň hatarynda durýar. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Liderimiziň: «Adam üçin uly bagt — Watanyň Garaşsyzlygy, topragyň asudalygy, çagalaryň şadyýan gülküsidir» diýen çuňňur parasatly sözleri hem tassyklaýar.
Garaşsyz döwlet özygtyýarlylygyň we öz ykbalyňy özüň kesgitlemegiň aňlatmalary bolmak bilen bir hatarda dünýä bilen döwrebaplygy, milli mirasyň köklerine daýanmagy hem alamatlandyrýan düşünjedir.
Arzyly gymmatlyklaryň hatarynda durýan Garaşsyzlyk halkyň, Watanyň barlygydyr. 34 ýyl mundan ozal halkymyz syýasy nukdaýnazardan öňdengörüjilikli we ykdysady taýdan döwlet Garaşsyzlygyna eýe boldy. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda, şol sanda ykdysadyýetde, syýasatda, oba hojalygynda, bilimde, saglygy goraýyşda, medeniýetde, sportda ýokary ösüşler gazanyldy.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly toýunyň giňden bellenilýän günlerinde döwletliligiň esasy alamatlary bolan Konstitusiýa, Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy we Döwlet senasy milli miras paýhaslarynyň jemlenen beýany bolmak bilen, ýurdumyzda we bütin dünýäde dabaralanýar. Halkymyzyň ruhy medeniýetinden gelip çykýan milli ýörelgeleri döwletimiziň garaşsyzlyk derejesiniň medeni esaslarydyr. Garaşsyzlyk parasatly pederlerimiziň arzuw-isleglerinden wysal bolup, halkymyza eşretli durmuşy bagyş etdi. Garaşsyzlygyny gazanyp galkynan, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ykrar edilip, mertebesi has-da belende galan halkymyzyň bu gymmatlyklary bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr.
Garaşsyzlyk döwrümiziň her bir güni biziň üçin buýsançdan doly bagtly günlerdir. Bagtyýarlyk döwrümiziň uly ösüşlerine beslenen durmuşymyz şatlykdan doly. Türkmenistan Watanymyzyň täze taryhynda bolup geçýän wakalar bolsa biziň buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Türkmenistan Watanymyzyň parasatly Lideriniň başlangyjy bilen kabul edilýän halkara möçberindäki umumadamzat bähbitli maksatnamalar ýurdumyzyň syýasat ulgamyndaky üstünligine şaýatlyk edýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyz baky bagtyýarlygymyzyň girewine öwrülip, asudalygyň, parahatçylygyň girewi bolup, bu gün göwünlere ganat, ruhlara joşgun, döredijilige ylham berýär. Eziz Diýarymyzyň alyp barýan daşary syýasaty diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem, goňşy halklaryň hem parahat ýaşamagy üçin edilýän oňyn başlangyçdyr.
Garaşsyzlykdan başlanýan döwletlilik milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde barha kämilleşýär. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz Diýarymyzy durnukly ösüşiň aýdyň ýoly bilen öňe alyp barýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 34 ýyllyk şanly toýuny toýlaýan Garaşsyz Watanymyzy beýik özgerişliklere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Maral ÖWLÝAKULYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyñ assistenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.