BILIMLI NESIL - KÄMIL TERBIÝE
08-10-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ylym we bilim ulgamynda uly tutumly işler alnyp barylýar. Ýaşlary terbiýelemekde we netijeli bilim bermekde ýokary okuw jaýlarynda we ýörite orta mekdeplerde ylmyň iň soňky gazanan tehnikalary we tehnologiýalary giňden peýdalanylýar. Sanly bilim ulgamyna geçmek bilen biziň baş maksadymyz ýaşlary okatmakda we bilim, terbiýe bermekde dünýäniň ösen döwletleri bilen aýakdaş gidip, ýurdumyzyň ösüşini mundan-da has pugtalandyrmakdyr. Hormatly Prezidentimiz biziň geljegimize — ýaşlara uly ynam bildirýär. Ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenip, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda uly tagallalary durmuşa geçirýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da giňeldilýär. Hususan-da, ylym-bilime höwesi artdyrmak ýaşlar baradaky syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şonuň üçinem okuwa kabul edilýän talyplaryň sany ýylba-ýyldan artýar, ýokary okuw mekdeplerinde täze-täze hünär ugurlary açylýar. Talyp ýaşlarymyz ylmy-döredijilik işine giňden çekilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň Ylymlar akademiýasy, ylmy-barlag institutlary bilen sazlaşykly işi ýola goýlup, ýaş alymlaryň kemala gelmegini, olaryň ylmy-barlag işlerine döredijilikli çemeleşmegini gazanmak boýunça uly işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň özleri hakyndaky ýadawsyz aladasyny ýaşlar her ädimde duýýarlar. Ýaş raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini gowulandyrmaga, olaryň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşini gazanmaga, ata-babalarymyzyň watansöýüjilik, adamkärçilik, agzybirlik, zähmetsöýerlik ýaly nusgalyk ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmekleri üçin şert döretmäge gönükdirilen işler ýaşlarymyzyň kalbyny buýsanja besleýär. Şonuň üçinem olar Watana wepalylygyň ajaýyp nusgasyny görkezip, döwletimiziň abraý-mertebesini mundan beýläk-de belende götermekde, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmekde perzentlik yhlasyny gaýgyrmaýarlar.
Hawa, bu gün ýaşlaryň öňünde täze wezipeler durýar. Yhlasly okap, ylym-bilimleri başarnykly ele almak, döredijilik we sport bilen meşgullanyp, ruhy taýdan baý, beden taýdan sagdyn bolup ýetişmek, zähmeti söýmek, özüňde raýat jogapkärçiligini terbiýeläp, şahsy-jemgyýetçilik başlangyçlar bilen çykyş edip durmak, jemgyýetçilik birleşiklerine işjeň gatnaşmak, halallygy we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylygy baş ýörelgäňe öwürmek şol wezipeleriň esasyny düzýär.
Biz — ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky bimöçber aladalaryna jogap edip, öňde duran wezipeleri durmuşa geçirmäge bolan yhlasymyzy gaýgyrmarys. Öz saýlap alan hünärimizi geljekde ak ýürekden ýerine ýetirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly bolarys. Ýaş nesilleriň häzirki we geljekki bagtyýar durmuşyny üpjün etmek barada edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys!
Guwanç SAPAROW,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Howa ulaglaryň ulanylyşy kafedrasynyň talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.