Tebigat – biziň öýümizdir
29-04-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň badalga berýän beýik işleri Türkmenistanda kämil jemgyýeti döretmäge gönükdirilendir. Adamlaryň saglygy olaryň edýän işleriniň rowaçlygynyň girewidir. Daşky gurşawy goramak il-halk bähbitli möhüm meseleleriň biridir.
Tebigat — bu biziň mähremligi, gözelligi babatda hiç bir öý bilen çalşyp bolmajak umumy öýümizdir. Ol öýi goramak, arassa saklamak, gözelleşdirmek biziň borjumyzdyr. Şol gözelligi gorap saklamak üçin ösüp gelýän ýaş nesle ekologik bilim-terbiýe bermek häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň biridir. Bu babatda bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýaş nesle ýörite tassyklanan okuw maksatnamalary esasynda ekologik düşünje berilýär. Adamyň gündelik ýaşaýşynda tebigatyň, tebigy baýlyklaryň uly ähmiýeti bardyr.
Tebigat bilen adam aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şol baglanyşygyň dowam etmegi üçin hem dünýäde daşky gurşawy, biologik köpdürlüligi, tebigatyň haýwanat we ösümlik dünýäsini goramak, tebigy serişdelerden aýawly peýdalanmak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek esasy wezipeleriň hatarynda goýulýar. Türkmen halkynyň taryhykökleri mähriban topragy, gözel tebigaty, uç-gyraksyz Garagum sährasy, bereketli dag-düzleri, gojaman Hazar deňzi, onuň ajaýyp kenary bilen aýrylmaz baglydyr. Tebigat bilen ajaýyp sazlaşygy türkmeniň däp-dessurlarynda, Döwlet nyşanlarynda, egin-eşiginde, häsiýetinde görmek bolýar. Türkmeniň sadalyk, päk göwünlilik, dogry sözlülik ýaly häsiýetlerinde tebigat bilen arabaglanyşyk bar.
Ekologik terbiýe, ekologik düşünje halkymyzyň iň ileri tutan taglymatlarynyň biridir. Ýaşlaryň arasynda ýurdumyzda ähli bilimler bilen bir hatarda ekologik bilimi, ekologik sowatlylygy artdyrmaga uly üns berilýär. Güneşli Diýarymyzyň tutuş taryhy mähriban ülkämiziň tebigaty, uç-gyraksyz Garagum sährasy, Köpetdagyň belent gerişleri we gojaman Hazaryň ajaýyp kenary bilen baglydyr.
Halkymyzyň asyrlarboýy ene topraga söýgi bilen çemeleşip, alada bilen gurşalanda, bereketli hasyl eçilýändigi baradaky mukaddes ynamy halal ýaşamaga, tebigat bilen sazlaşykly ömür sürmäge ruhlandyryjy güýç bolup gelipdir. Şonuň üçinem, söz ussatlarymyz tebigaty gözel baga, adamyň kalp mährini topraga, ýürek söýgüsini bolsa, teşneligi gandyrýan suwa meňzedipdirler. Türkmen topragynyň gözelligini geljekki nesiller üçin aýap saklamak, Watanymyzyň gülläp ösmegini üpjün etmek her bir türkmenistanlynyň borjudyr.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.