GARAŞSYZLYK BILEN GALKYNAN DÖWÜR
27-09-26
Mukaddes Garaşsyzlygymyz halkymyzyň bagtyýarlygynyň gözbaşydyr. Her ýyl tylla güýzüň ilkinji aýynda berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk gününi dabaraly toý-baýram edip belläp geçýäris. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýy il agzybirliginde, ýurt parahatçylygynda giňden baýram edildi. Şanly toýuň şatlyk-şowhuny has uzaklara aşdy. Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Döwlet münberi toplumynda bolan baýramçylyk ýörişi gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaralara baý öwüşgin çaýdy.
Ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda her bir toý-baýram, şanly seneler uly dabara, şatlyk-şowhun bilen bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzy ösen döwletleriň hataryna goşmaga, mukaddes Garaşsyzlygymyzy berkitmäge, Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşleriniň depginlerini çaltlandyrmaga gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyz netijesinde belent sepgitlere ýetilýär, ýokary netijeler gazanylýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň we mähriban halkymyzyň gazanýan üstünlikleriniň her biri bizi buýsandyrýar, göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Munuň özi halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda anyk, netijeli we beýik işleriň amala aşyrylýandygynyň subutnamasydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň bagtyýar, bolelin ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrýan beýik işleri halkymyzyň ruhubelentligini gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer, parahatsöýüjilikli syýasaty Watanymyzyň halkara abraýyny barha artdyrýar. Döwletimiziň berkararlygy, eşretlere eýlenen zamanamyz, ygtybarly ertirlerimize berk ynamymyz türkmen milletiniň döwletli-döwranyny, döwletimiziň binýadynyň mizemezligini nazarlaýan taglymatlaryň jemidir.
Häzirki wagtda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, dünýäde ylym-bilimde täze gazanylanlar durmuşa ornaşdyrylyp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşini çaltlandyrmak we özgerişleriň täze basgançaklaryna ýetmek ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Şol beýik işler jemgyýetimizi ösdürmegiň hereketlendiriji güýjüniň özenidir. Kämil maksatlar halkymyzyň watançylyk duýgusynyň ýokarlanmagyna, her bir adamyň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işlere dahylly bolmak, olara öz goşandyny goşmak höwesiniň artmagyna getirýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimize bolan uly söýgi ildeşlerimiziň kalbyny buýsanç, guwanç duýgularyna besleýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyz merdana türkmen halkynyň asyrlarboýy ýüreginde beslän arzuw-umytlarydyr. Bu günki gün Türkmenistan ykdysady we senagat taýdan ýokary ösüşlere eýe bolýan döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz türkmen döwletiniň abraýy, milli medeniýeti we sungaty dünýäniň çar künjünde dabaralanýar.
Berkarar ýurdumyzyň döredijilik kuwwaty, beýik ösüşleri, halk hojalygynyň pudaklarynda ýetilen sepgitler, halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşy baýramçylyk ýörişinde öz beýanyny tapdy. Bu dabaralar ulus-ilimiziň agzybirligini we jebisligini äşgär etdi. Bilim işgäri hökmünde ýurt Garaşsyzlygy ýyllary içinde bilim ulgamynyň düýpgöter özgerip, kämilleşdirilendigini uly buýsanç bilen belläsim gelýär. Häzirki döwürde bilim işgärleri özleri üçin döredilen giň amatlyklardan peýdalanyp, döredijilikli zähmet çekýärler, döwrümize mynasyp, Watana wepaly, kämil bilimli, hünärli, ilhalar nesilleri kemala getirmekde yhlasyny gaýgyrmaýarlar.
Ata Watanymyzyň ähli pudaklary bilen bilelikde, bilim ulgamy hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyzlyk baýramyny ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen garşylady. Bilim ulgamynyň sazlaşykly ösüşini gazanmaga, ýaşlarymyzyň ylym-bilim almagy üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen beýik işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda bilim ulgamynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler has-da ýokarlanyp, uly rowaçlyklara beslenýär. Halk arasynda kämillik hakynda ajaýyp düşünje bar. Munuň özi her bir adamda asylly maksatlaryň bolmagyny, her bir şahsyýetiň kämilligiň belentliklerine, üstünliklere ýetmegini, täze bilimleri yzygiderli özleşdirmegini şertlendirýär. Kämil bolmak üçin yzygiderli okamak, tejribe alyşmak, özara maslahatlaşmak, işiňe döredijilikli çemeleşmek zerurdyr.
Hormatly Prezidentimiz: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine we jebisligine ynam bildirýär. Bu günki gün ýurdumyz parahatçylygyň mekany hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Watanymyzyň ösmegi, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Döwran DJUMAGULYÝEW,
20910 harby bölümiň serkerdesiniň terbiyeçilik işleri boýunça orunbasary, maýor.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.