Döwletimiziň hukuk binýady

12-03-26

Baş Kanunymyz bolan Konstitusiýa döwlet gurluşynyň esaslaryny düzýär, döwletlilik ýörelgelerimizi ulgamlaşdyrýar. Bu diňe bir jemgyýeti dolandyrmagyň, ony durnukly we asuda saklamagyň, ösüşe ugrukdyrmagyň hereketlendiriji güýji bolmak bilen çäklenmän, ol jemgyýetçilik syýasy ösüşiň täze basgançaklaryny meýilleşdirip, durmuşa geçirmegini üpjün edýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ösüşiniň hem-de kämilliginiň hukuk esasy bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklarynyň özgermegini şertlendirdi, döwlet-hukuk institutlarynyň mazmunyna, döwlet häkimiýetiniň guralyşyna üýtgetmeleri girizdi. Döwlet-hukuk institutlarynyň ewolýusiýasy düýpli özgerişlikleri bilen tapawutlanýar. Bu, aýratyn-da, döwlet häkimiýetiniň guralyşyny düzgünleşdirmek, kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet edaralarynyň ulgamyny gurmak we bölmek babatynda has aýdyňdyr. Türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ösüşinde we kämilleşmeginde Konstitusion esaslar Türkmenistanyň çäginde has netijeli hereket etmegi üçin ykdysady, syýasy we durmuş ulgamlarynda düzülýär.

Türkmenistanda ýurdy ösdürmegiň uzak möhletleýin maksatlarynyň oňyn netijelerini gazanmakda möhüm şert bolan döwleti dolandyryşynyň kämil ulgamyny döretmek meselesi esasy wezipe bolmagynda galýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň jar edilmegi demokratik we hukuk döwletini döretmäge girişilmegine mümkinçilik berdi. Özygtyýarly Türkmenistanyň Konstitusiýasy GDA döwletleriň arasynda ilkinji kabul edilen Konstitusiýadyr. Konstitusiýanyň kabul edilmegi hukuk esasynda demokratiýalaşdyrmak işleriniň giň gerim bilen öňe ilerlemegi üçin binýat boldy. Türkmen halky ata-babalarymyzyň ýoly bilen ýöräp, Konstitusiýada halk häkimiýetliliginiň öz nusgasyny saýlap aldy. Milli demokratiýa dünýä tejribesiniň gazananlaryny hem-de milli däpleri we aýratynlyklary özünde jemledi.

Konstitusiýa türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň uzak möhletli ösüşiniň esasy ýörelgelerini beýan edýär. Geljekde-de Esasy Kanunymyz Türkmenistanyň özygtyýarly we garaşsyz döwlet hökmünde mundan beýläk hasda pugtalanmagyna, möhüm durmuş-ykdysady özgertmeleriň geçirilmegine we tutuş ösüşine ýardam eder. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň raýatlarynyň konstitusion hukuklaryny üpjün etmäge yzygiderli üns berilmegi olarda jemgyýetçilik işjeňligine höwes döredýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy biziň döwletimiziň ösüşini täze belentliklere göterdi, okgunly öňe barýan Garaşsyz döwletimizde syýasy asudalygy, halk bitewüligini mundan beýläk-de berkitdi. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kanunçylyk-hukuk kepili bolup çykyş edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetiň ösüşiniň esasy bolup durýar. Bu gün hukuk we jemgyýetçilik durmuşynyň konstitusion-hukuk esaslaryny kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň hormatly Prezidenti tarapyndan amala aşyrylýan çäreler syýasy we ykdysady durmuşy demokratiýalaşdyrmak, raýat jemgyýetini kemala getirmek we ösdürmek, ýurdumyzy dünýäniň hemmetaraplaýyn ösen demokratik döwletleriniň hataryna goşmak ýolunda Türkmenistanyň üstünlikli öňe gitmeginiň möhüm alamatyna öwrüldi. Geljek nesillerimiz üçin Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň Esasy Kanuny hökmünde syýasy, jemgyýetçilik we hukuk ulgamlarynyň ösmegine, kämilleşmegine ýardam berjekdigi, şeýle hem kämilleşdirilen döwletiň we jemgyýetiň türkmen nusgasynyň binýady bolup çykyş etjekdigi barada hiç hili şübhe ýok.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda amala aşyrylýan işleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Şamyrat ATDOWOW,
Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýuristi.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.