Gözel tebigatyň melhem ösümlikleri
22-10-25
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler hem barha rowaçlanýar. Çünki ilatyň saglygyny, abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy maksadydyr. Bu hakykat 10-njy oktýabrda ýurdumyzda giňden bellenilen Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çäreleriň mysalynda-da aýdyň açylýar.
Halkymyzyň saglygynyň goragynda duran türkmen lukmanlarynyň hünär baýramy mynasybetli «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat, Diýarymyzyň dürli künjeklerinde saglygy goraýyş desgalarynyň düýbüni tutmak, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze saglyk merkezlerini ulanmaga bermek dabaralary ýokary ruhubelentlikde geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň hem-de «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy şanly senäniň ähmiýetini has-da artdyrdy. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiň nobatdaky jildinde şypaly hazyna hasaplanýan 107 sany dermanlyk ösümlik barada doly we düýpli maglumatlar berilse, «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitapda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginden bäri geçen 30 ýylyň dowamynda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatda gazanylan üstünliklerden söz açylýar.
Lukman Arkadagymyz täze kitabynda: «Saglygyň höküm sürýän ýerinde geljege ynam hem güýçlüdir. Çünki saglyk geljegi gurmakda iň esasy sütündir» diýip belleýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýän ýurdumyzda amala aşyrylýan «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeleriň binýadynda hem, ilkinji nobatda, raýatlarymyz, olaryň bagtyýar geljegi hakyndaky aladalar durandyr. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde soňky ýyllarda ýurdumyzda halka hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleri giňeldildi we hili ep-esli ýokarlandyryldy. Diýarymyzyň çar künjeginde Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen bejeriş-anyklaýyş, ylmy-kliniki merkezleri, köpugurly hassahanalar, saglyk öýleri yzygiderli gurlup ulanmaga berildi.
Saglygy goraýyşda ykdysady usullar giňden ornaşdyrylyp, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlyk barha giň gerime eýe bolýar. Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglyk» Döwlet maksatnamasy: şanly sepgitler, möhüm wezipeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» ady bilen geçirilen ylmy-amaly maslahata germaniýaly, türkiýeli tejribeli lukmanlaryň hem gatnaşmagy munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Şu günler bolsa «akylly» şäheriň lukmançylyk edaralarynda lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň nobatdaky jildiniň we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär.
Milli saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler keselleriň öňüni almak we bejermek bilen birlikde, ilatymyzyň durmuş goraglylygy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy, ähli ýaşdaky raýatlarymyzyň, ýaş nesillerimiziň sagdyn ösüşi üçin amatly şertleri döretmek ýaly asylly maksada gönükdirilendir. Lukmanlaryň hünär baýramçylygynyň bellenilen gününde, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, şu ugurda uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly zähmeti, ýokary hünär ussatlygy bilen tapawutlanan saglygy goraýyş işgärleri döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy.
Halkymyzyň saglygyny goramak, ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek babatda döredýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys. Goý, Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun!
Ogulsadap DURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.