Dermanlyk ösümlikleri - tebigatyň eçilen şypa çeşmesi
07-01-26
Türkmen halkynyň Milli Lideri, lukman Arkadagymyz Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygy we «Saglyk» Döwlet maksatnamamyzyň 30 ýyllygy mynasybetli halkymyza «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik işiniň XVII jildini, şeýle hem «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabyny peşgeş berdi. Şeýle gymmatly kitaplaryň çapdan çykmagy ýurdumyzyň ylym-bilim işgärlerine, lukmanlara, professor-mugallymlara, talyp ýaşlarymyza, umuman, ylmy jemgyýetçilige baýramçylyk sowgady boldy.
Lukman we alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik işi dünýäniň lukmançylyk ylmynyň ösüşine, ynsanlaryň ömrüniň uzalmagyna ýardam ediji gymmatly kitapdyr. Däp bolşy ýaly, bu ensiklopedik kitabyň XVII jildinde-de, Gahryman Arkadagymyz gözel Diýarymyzda bitýän 107 sany dermanlyk ösümlik hakynda giňişleýin maglumat berip, öňki sanawyň üstüni ýetirýär. Şonuň bilen birlikde, XVII jiltde 30 sany endemik we dünýäde seýrek duş gelýän dermanlyk ösümliklere häsiýetnama we maglumatnama berilýär. Maglumaty berilýän ösümlikleriň 75 göterimi otjumak we 25 göterimi agaçjumak maşgalasyna degişlidir. Dermanlyk ösümlikleriň türkmen, iňlis we rus dillerindäki ady, häsiýeti, ýaýraýyş aýratynlygy, tebigy gory, dermanlyk täsiri, himiki düzümi, peýdalanylyşy we ulanylyşy barada giňişleýin berilýän maglumatlar, ilatymyz tarapyndan olaryň haýyrlanmasyny ýeňilleşdirýär.
Bu kitap diňe bir türkmen tebigatynyň ösümlikler dünýäsiniň ynsanlara şypa beriji dermanlyk häsiýetini ylmy taýdan esaslandyrman, eýsem, onda ösümlikleriň kesel bejerijilik we keselleriň öňüni alyjylyk häsiýetleri hem açylyp görkezilýär. Fitoterapiýanyň esasy sowallaryny özünde jemleýän bu kitap Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň derman senagatyny ekologik taýdan arassa dermanlaryň hasabyna ösdürmek boýunça edýän atalyk aladasynyň aýdyň beýanydyr. Güneşe baý Diýarymyzda bitýän derman ösümlikler bolsa, adam bedeni üçin zerur gerek minerallara, witaminlere we beýleki biologik işjeň maddalara diýseň baýdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe derman önümçiligi bilen meşgullanýan kärhanalarymyz täze innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly dermanlyk ösümlikleriň farmakologik we farmasewtik derňew işlerini geçirip, täze derman görnüşlerini taýýarlaýarlar. Ýurdumyzyň ähli şypahanalarynda, saglyk öýlerinde, saglygy dikeldiş merkezlerinde bedene şypa beriji, ekologiýa taýdan arassa bu önümler dertleri dep ediji serişde hökmünde hödürlenýär. Dermanlyk serişdeler fitoçaý otaglaryny bezäp, müşderilere döwrebap lukmançylyk hyzmatyny etmäge, keselleriň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Şeýle bolansoň, bu kitap her bir türkmen maşgalasy üçin tapylgysyz şypa çeşmesi bolup hyzmat edýär. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabyň dünýäniň birnäçe diline terjime edilmegi hem oňa gyzyklanmanyň uludygynyň güwäsidir, şeýle-de dünýä ylmynda we lukmançylygynda ykrar edilmesiniň kepilnamasydyr.
Milli Liderimiziň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynda saglyk ulgamynda gazanylan üstünlikler beýan edilýär. Ynsanlaryň gymmatly baýlygy bolan saglygy goramagyň döwrebap usullary hakynda täsirli söhbet edilýär. «Geçen 30 ýylyň dowamynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, saglyk babatyndaky düşünjelere täze mazmun berdi. Taryhy döwrüň dowamynda döwletimizde saglygy goraýyş ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri durmuşa ornaşdyryldy, milli lukmançylygyň gazananlary baýlaşdyrylyp, ulgamyň ösüş binýady pugtalandyryldy» diýýän lukman Arkadagymyz bu ulgamda amala aşyrylan we amala aşyrylýan beýik işler hakynda anyk delilleri mysal getirýär. Kitapdaky: «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlardaky, şäherlerdäki we etraplardaky gulluklaryň täze binalaryny gurmak, ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi, Halkara Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi, Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary şäherinde welaýat hem-de şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasy açylyp ulanmaga berildi. Bu desgalar häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan lukmançylyk edaralary — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, Halkara Pediatriýa we Stomatologiýa merkezleri bilen birlikde, geljekde ilatyň saglygyny berkitmekde uly ähmiýete eýe bolar» diýen ýaly anyk maglumatlar biziň döwletimizde ynsan saglygy üçin edilýän uly aladanyň aýdyň görkezijileri bolup durýar. Şeýlelikde, bu kitap türkmen milli lukmançylygynyň ýeten belent derejesini dünýä ýaýýan ajaýyp eserdir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş, sportdur bedenterbiýe ulgamlarynda ýetilýän sepgitler hut Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öz halkyna bolan çuňňur söýgüsiniň, ynsanperwerliginiň aýdyň subutnamasydyr. Çünki gysga wagtyň içinde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-tehniki binýady kämilleşdirilip, dünýä derejesine çykaryldy. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygy bellenýän günlerde Aşgabatda hem-de welaýatlarymyzda döwrebap saglyk binalarynyň açylmagy we saglyk sahawatly işler hem onuň aýdyň mysallarydyr.
Goý, Milli Liderimiziň keselleriň öňüni almakda, ynsanlaryň saglygyny berkitmekde ynamdar çeşme bolan, lukmançylyk ulgamynda ýetilen belent sepgitleri dünýä wagyz edýän şeýle kitaplarynyň höwri köp bolsun!
Imam BAÝRAMOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Fakultet hirurgiýasynyň mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.