Sagdyn iýmitlenmek - bagtyýar durmuş

07-03-26

Her bir yn­sa­nyň iň uly is­le­gi sag­dyn ýa­şa­mak­dyr. Soň­ky ýyl­lar­da sag­dyn dur­mu­şy nä­dip üp­jün edip bol­jak­dy­gy we adam öm­rü­ni nä­dip uzalt­ma­ly­dy­gy ba­ra­da köp göz­leg iş­le­ri ge­çi­ril­di. Şon­da dog­ry iý­mitlen­me­giň, zy­ýan­ly iý­mit­ler­den daş­da dur­ma­gyň, sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­gyň äh­mi­ýe­ti­niň ulu­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy.

Ýaz paslynyň gelmegi bilen gök we miwe önümleri iýlende, gigiýeniki talaplary berk berjaý etmeli. Ýiti iýmit zäherlenmeleriniň hem-de ýiti içege ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän gigiýeniki talaplary doly we dogry berjaý etmeli. Günüň dowamynda 2 litrden az bolmadyk möçberde arassa agyz suwuny içmeli. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygyny berk berjaý etmeli. Lukman Arkadagymyzyň peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhemlik çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmeli. Gan basyşyny we ganyň düzümindäki süýjini elmydama gözegçilikde saklamaly. Lukmanyň beren bejergisini talabalaýyk ýerine ýetirmeli. Derman serişdelerini, şol sanda antibakterial derman serişdelerini özbaşdak kabul etmeli däl.

Pasyl çalşygy we sepgit döwründe möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin esasy şertleriň biri hem kadaly, arassa iýmitlenmek we fiziki işjeň ýagdaýda bolmakdyr. Sagdyn iýmitlenmek süýjüli diabetden, ýürek-gan damar kesellerinden, insultdan hem-de beýleki ýokanç däl kesellerden goraglylygy üpjün edýär. Her paslyň öz aýratynlyklaryna laýyklykda iýmitlenmek bolsa sagdyn durmuş ýörelgesiniň möhüm şertidir.

Bu en­dik­ler kese­liň dö­re­me­gi­niň öňü­ni al­ýar we uzak ýa­şa­ma­ga şert dö­red­ýär. Sagdyn iý­mit­len­mek­den baş­ga-da, wi­ta­min­ler we an­ti­ok­si­dant­lar hem sagly­gy­my­zy ber­kit­mek­de mö­hüm orun tut­ýar. Olar be­de­ni­miz üçin ze­rur bo­lur dur­ýar.

Be­de­ni­mi­ze ze­rur bo­lan köp gör­nüş­li wi­ta­minler bar. Olar­dan A, B1, B2, B3, B6, B12, C, D, E, K wi­ta­min­le­ri­ni ag­za­mak bolar. Ola­ryň her bi­ri­niň sagly­gy­my­za peý­da­sy örän ulu­dyr. Ag­za­lan wi­ta­minle­riň kä­bi­ri­niň hä­si­ýet­le­ri bara­da du­rup geç­sek, B1 wi­ta­mi­ni ba­gyr­da we ýu­murt­ga­da bol­ýar. Onuň ýet­mez­çi­li­gi myş­sa ke­sel­leri­ne se­bäp bol­ýar.

B2 wi­ta­mi­ni ba­gyr­da, et­de we dä­ne önüm­le­rin­de bol­ýar, ýetmez­çi­li­gi ga­naz­ly­ga we de­ri­niň bo­zul­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. B3 wi­ta­mi­ni ba­lyk­lar­da, et­de we hoz­da bol­ýar. Onuň ýet­mez­çi­li­gi nerw bo­zul­ma­la­ry­na we de­ri ke­sel­le­ri­ne ge­tir­ýär. B5 wi­ta­mi­ni ýu­murt­ga­da, gök önüm­ler­de bol­mak bi­len, bu wi­ta­min ýet­mez­çi­lik eden­de myş­sa­da nä­saz­lyk­lar, ga­har­jaň­lyk ýü­ze çyk­ýar.

B6 wi­ta­mi­ni gök önüm­ler­de, dä­ne­ler­de we et önüm­le­rin­de bol­ýar. Onuň ýet­mez­çi­li­gin­de yn­san be­de­nin­de ga­naz­lyk we ener­gi­ýa­nyň pesel­me­gi ýa­ly nä­saz­lyk­lar bo­lup bil­ýär. Ba­gyr­da we gy­zyl et­de bol­ýan B12 wi­ta­mi­ni­niň ýet­mez­çi­li­gin­de ga­naz­lyk we ener­gi­ýa­nyň ýit­me­gi dö­ re­ýär. C wi­ta­mi­ni li­mon­da, apel­sin­de, man­da­rin­de, gök önüm­ler­de we ýe­ral­ma­da bol­ýar. Ol de­ri­niň hi­li­ne we de­ri­niň go­wu­laş­ma­gy­na oňyn tä­sir ed­ýär. D wi­ta­mi­ni bol­sa, ba­lyk we süýt önüm­le­rin­de bol­mak bi­len, onuň ýet­mez­çi­lik eden ýag­da­ýyn­da süňk­le­riň bo­zul­ma­gy ýü­ze çyk­ýar.

Ýurdumyzy sagdynlygyň hem ruhubelentligiň, ylym-bilimiň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Jora MYRADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Maşgala lukmançylygy boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň assistenti.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.