Şöhratly, şanly bedew
30-04-23

Ahalteke atlary dünýäde iň gowy atlar hasaplanyp, olaryň ady gadymy ahal topragy bilen baglanyşyklydyr. Hünärmenleriň tassyklamalaryna görä, gadymy awtorlaryň biri «Nusaýyň ähli atlary altyn öwüsýär» diýen ýazgyny galdyrypdyr. Olara şeýle ýokary baha berilmeginiň sebäbi bu ajaýyp atlary ýetişdiren seýisler behişdi bedewleriň esbaplaryna altyn çaýypdyrlar, owadan şaý-sepler bilen bezäpdirler. Bedewiň üstüni Süleýmanyň tagtyndan-da zyýada hasap edipdirler.
Göwüsbent bezegi atanaklaýyn dakylýan, ýüzi kümüş guşgözli owadan ýaşyl gaýyş bolupdyr. Aýlanyp dakylýan alagaýşyň ýüzüni bölek-bölek kümüş şaýlary bilen bezäpdirler. Bedew zynatynyň toplumyna alagaýşyň iki-üç görnüşi degişli bolupdyr. Uýanlarynyň, agyzdyryklarynyň we bilinçesiniň uçlaryny altyn bilen haşamlapdyrlar. Halkymyz öz parasatlylygyny, at bilen bagly bolan garaýyşlaryny müň bir öwüşgin bilen beýan edip bilipdir. Munuň özi, türkmeniň atşynaslygy sungat derejesine ýetirip bilen halkdygyny aňladýar.
Gamyşgulak argamaklaryny gardaşy saýan halkymyz onuň asylly gylyklaryny, ýüwrükligini, çydamlylygyny, edil säher şapagynyň şuglasy ýaly lowurdaýandygyny mahabatlandyrmagy gowy görüpdir. Jandan eziz görülýän behişdi bedewe milli garaýyşlar örän güýçli bolupdyr. Şonuň üçinem uzak ýyllaryň dowamynda «At rysky bilen», «Dili bar ile düşer, aty bar ýola», «At almankaň eýer al», «At armaz, göwün arar», «At münen alysy gözlär» ýaly nakyllaryň ençemesi döräpdir.
At münmek, onuň üstünde gezelenç etmek bedeniň işjeňligini artdyrýar. Lukmanlarymyz atyň üstünde oturmagyň hereket sazlaşygyny, esasanam, oňurga üçin peýdalydygyny, gan aýlanyşygyny kadalaşdyrýandygyny, eliň-aýagyň hereketini işjeňleşdirmekde ýardam berýändigini, nerw ulgamyny rahatlandyrýandygyny, şähtiňi açýandygyny tekrarlaýarlar.
Ata bolan beýik garaýşy, hormaty öz perzentleriniň kalbyna guýup bilen pederlerimiziň asylly ýol-ýörelgeleri çaga terbiýesine hem özüniň oňat täsirini ýetiripdir. Behişdi bedew çaganyň asylly terbiýä ymtylyşyna, akylly-paýhasly hereket etmegine itergi berýär.
Türkmen toýuny atsyz göz öňüne getirmek kyn. Şonuň üçin, ilimizde «At agynan ýerde toý bolar» diýilýändir. At çapdyrylyp tutulýan toýlaryň dabarasy islendik ynsanyň hakydasynda müdimilik orun alýandyr. Toýuň öňünden uludan jar çekdirilip: «Aý, halaýyk, eşitdim-eşitmedim diýmäň, pylany toýunda at çapdyrýandyrla-how» diýip, oba-ile habar ýetirilýändir. Adamlar bu hoş habary eşidip, toý gününde at çapylýan ýere üýşüp barýarlar hem-de çapyşyga tomaşa edýärler. Özlerem «Berekella!», «Tüweleme!» diýşip, çapyksuwarlara, atlara özleriniň ýyly sözleri bilen hemaýat edýärler, ýeňijileriň halat-serpaýlary ýetirilýär.
Milli gymmatlygymyz bolan ahalteke bedewlerimize berilýän üns bagtyýarlyk zamanamyzda has-da güýçlendi. Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde gurlup, ulanylmaga berilýän döwrebap atçylyk sport toplumlary munuň aýdyň mysalydyr. Atlary idetmekde, seýislemekde ähli amatlyklary bolan bu toplumlarda halkara derejesindäki ýaryşlara gatnaşmaga ukyply türgenleri taýýarlamaga, olaryň türgenleşik işlerini talabalaýyk ýola goýmaga ähli şertler döredilendir. Meşhur atşynaslaryň neberesinden bolan Gahryman Arkadagymyz hem, hormatly Prezidentimiz hem bütin dünýäde bedew janköýeri we atçylyk sportunyň ussady hökmünde tanalýarlar. Goý, atçylygy, atşynaslygy ýokary derejede ösdürmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Daýançgeldi MEREDOW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.