Sagdyn nesil – kuwwatly Watan

30-04-26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen sportunyň uly ösüşlere eýe bolýan, dünýä ýol salýan döwri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň eýe eden şu ajaýyp döwründe gurlan we gurulýan sport desgalary, stadionlar, aýlawlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary ýurdumyzyň şäherleridir obalarynyň bezegine öwrüldi. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde hem-de saglygyň özeni bolan sport bilen meşgullanmakda nusgalyk görelde görkezýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen barha giň gerimde ýaýbaňlanýan köp sanly sport ýaryşlarynyň, welosipedli ýörişleriň, milli spartakiadalaryň, Saglyk ýoluna ýörişleriň, şeýle hem köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň toplumy döwletli Diýarymyzda berk bedenli, sagdyn we ruhubelent nesilleri kemala getirmeklige gönükdirilendir. Döredilýän mümkinçilikler, geçirilýän dabaralardyr ýaryşlar ýurdumyzda halkymyz baradaky edilýän aladanyň aýdyň görkezijisi bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň, esasan hem, ýaş nesliň saglygynyň goralmagyny döwlet derejesindäki ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde görkezip, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmeginiň uzakmöhletleýin umumymilli maksatnama mahsus bolan guramaçylykly häsiýete eýe bolmagyna badalga berdi. Hut şu ugurda eýýäm anyk we yzygiderli ädimler ädildi. Muňa mysal edip, ýurdumyzda umumymilli spartakiadalaryň we sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlarynyň guralmagyny, sportuň maddy-tehniki binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyny we ösdürilmegini görkezmek bolar.

7-nji aprelde Bütindünýä saglyk gününi halkara derejesinde giňden belläp geçmeklik hem döwrebap däpleriň birine öwrüldi. Bütindünýä saglyk gününiň baýram edilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sport, ekologiýa abadançylygyna gönükdirilen çäreler geçirilýär.

Uly üstünliklere, ösüşlere we şanly wakalara beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Tutuş ýurdumyzy gurşap alýan uly, ählihalk sport baýramçylyklaryna bagtyýar raýatlarymyz işjeň gatnaşýarlar. Sport bilen meşgullanyp, ruhubelentligini galdyrýarlar.

Türkmenistan döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlary bilen welosiped sporty halkara derejesine göterildi. BMG-niň ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Türkmenistanyň başlangyjy bilen şu ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamany kabul etdi. Bu Kararnamanyň döredijileri bolup 62 sany döwlet çykyş etdi.

Bilşimiz ýaly, mähriban Watanymyzyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylda Milletler Bileleşigi 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnama kabul etdi. Her ýyl yzygiderli görnüşde dürli ýaşdaky raýatlarymyzyň işjeň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri guralýar. Bütindünýä welosiped gününi ebedileşdirmek maksady bilen, paýtagtymyzyň ajaýyp keşbine görk berýän «Welosiped» binasynyň açylmagy bolsa Garaşsyz ýurdumyzda ulagyň ýokary ekologiýa görnüşi hasaplanylýan welosipede berilýän uly ähmiýetiň aýdyň subutnamasy boldy.

Biz durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi wagyz etmek we onuň jemgyýetçilik ulag ulgamyna girizilmegini goldamak işini mundan beýläk hem maksatnamalaýyn esasda dowam ederis diýip, Gahryman Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belläp geçýär.

Ýurdumyzda şunuň ýaly uly möçberli çäreler bedenterbiýe-sagdynlyk hereketiniň hil taýdan täze derejä ýetirilmegini, giň gerimli jemgyýetçilik işleriniň geçirilmegini alamatlandyrýar, bularyň maksady bolsa türkmen halkynyň, her bir raýatyň abadan, bagtyýar we göwnejaý ýaşaýşyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Halkynyň saglygyny hemme zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Berkarar Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetirjek beýik başlangyçlary has-da rowaç alsyn!

Halym HALYMOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Çaga hirurgiýasy kafedrasynyň assistenti.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.