Sagdyn nesliň goragynda
22-10-25
                Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz aladalary bilen raýatlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda, kopçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdurmek, ýurdumyzyň abadançylygyny gowulandyrmak ugrunda uly tagallalar edilýar. Sagdynlygyň hem-de gülläp ösüşleriň, ruhubelentligiň mekany bolan Türkmenistan Watanymyzda ýurdumyz üçin uly baýlyk bolan adamyň jan saglygynyň goragyny ýokary derejä ýetirmek maksady bilen uly işler alnyp barylýar.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän, zyýanly endiklerden daşda durýan raýatlaryň yzygiderli artýandygyny, ýaşlaryň arasynda sport we bedenterbiýesi bilen meşgul bolýanlaryň köpelýändigi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz-nesihat etmekde, ilatyň saglygyny goramakda alyp barýan toplumlaýyn-ulgamlaýyn häsiýetli giňişleýin çäredir, işleriniň netijesi bolup durýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak diýmek öz saglygyňy goramak diýmekdir, sagdyn nesliň dünýä inmegini üpjün etmek diýmekdir, umuman sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak, beden we ruhy, sosial we durmuş, ruhy we medeni taýdan bagtyýar, döwletli, atly-abraýly ýaşamak diýmek bolup durýar.
Bu günki gün, ýagny täze eýýamda, galyberse-de, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli baýlyk hökmünde adamyň, jemgyýetiň, halkyň saglygyny gorap saklamak meseleleri ilkinji orna çykaryldy. Sagdyn jemgyýet - bu ruhubelent we maksada okgunly adamlaryň jemgyýeti bolup, olar umumymilli maksatlaryň daşynda jebisleşýär, ol ýurtda durnukly durmuş-syýasy ýagdaý hem-de durnukly ösüş, raýat we demokratik kämilligi bolup durýar. Ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek üçin döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär.
Mälim bolşy ýaly, durmuş ugurly “Saglyk” Döwlet maksatnamasy her bir raýatyň saglygynyň umumymilli gymmatlygyň aýrylmaz bölegidigi bilen bagly ýörelgä esaslanýar. Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Il saglygy - ýurt baýlygy” diýen şygardan ugur alyp, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berýär. Döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde bina edilýän täze, iň döwrebap saglygy goraýyş desgalarynyň ulanmaga berilmegi esasynda ýurdumyzyň hatda iň alysdaky künjeklerinde-de halkymyz halkara ölçeglere kybap gelýän giň gerimli, ýokary hünär derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny alýar. Şunuň bilen birlikde, dermanhanalaryň ulgamyny giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar, şolarda isleg bildirilýän derman serişdeleriniň hem-de lukmançylyk maksatly önümleriň giň görnüşleri hödürlenilýär.
Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän sagdyn ýaşaýyş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrýan dabaralar ýaş nesliň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlaryny ilkinjiler bolup goldaýandyklaryny ýene bir ýola subut edýär. Sporty ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek şu günümiziň ajaýyp nyşanyna öwrüldi. Döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan ýaşlarymyz bu günki gün Watanymyzda we halkara derejesinde geçirilýän sport bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýaşyl Tugumyzy al asmanda parladýarlar. Ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri bolsa bizi çäksiz buýsandyrýar.
Ýurdumyzda köpçülikleýin sagdyn durmuş ýörelgesiniň ösdürilmegi, azyk ulgamynyň düzüminiň we görnüşleriniň gowulandyrylmagy, arassaçylyk-ekologiýa kadalarynyň üpjün edilmegi, adamlaryň zähmet çekmek, durmuş hem-de dynç alyş şertleriniň gowulandyrylmagy üçin döredilýän mümkinçilikleriň ählisi, halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Munuň üçin her birimiziň kalbymyzda Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlarymyz çäksizdir.
Mähri JÜMMIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Inçekesel kafedrasynyñ assistenti.
«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR
Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar.
BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.
        HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.