ÝAŞ NESLIŇ SAGLYGY – ÝURDUMYZYŇ BAŞ BAÝLYGY
30-12-25
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki ugurdaş maksatnamalardyr taslamalar yzygiderli amala aşyrylyp, degişli düzümiň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Diýarymyzyň çar künjeginde ýokary halkara ölçegleriň ähli talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş, bejeriş-şypahana, sport düzümleriniň desgalary guruldy we gurluşyklary dowam edýär. Täze Arkadag şäherinde bolsa innowasion lukmançylyk klasteri kemala gelýär.
Her ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Hünär baýramy mynasybetli halkara serginiň we ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi, täze saglygy goraýyş desgalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň çapdan çykmagy halkymyza ajaýyp sowgat boldy. Täze saglygy goraýyş desgalary bejerijilik, sagaldyş-dikeldiş ähmiýeti boýunça ilat arasynda uly gyzyklanma eýe bolýar.
Häzirki zaman lukmançylygy we dermanlyk serişdeleriň önümçiliginiň tehnologiýasy, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, ekologiýa we genetika ýaly mowzuklar bar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi we ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen bilelikde zerur işler alnyp barylýar.
Ýiti respirator keselleri pasyl çalşanda, güýz-gyş aýlary has-da köpelýär hem-de köpçülikleýin ýaýraýar. Bu has hem çagalaryň arasynda ýygy duş gelýär. Ýiti respirator keselleriniň çagalarda ýygy-ýygydan gaýtalanmagy bogazyň, bronhlaryň we öýkeniň dowamly kesellerine öwrülmegine, bronhial demgysma, tonzillitler, adenoitler, bronhitler, öýken sowuklamasy ýaly gaýraüzülmelere getirip biler. Mundan başga-da, ýiti respirator keselleriň gaýtalanmagy çagalarda bedeniň dürli dermanlara bolan duýujylygyny ýokarlandyrýar we allergiýa bilen bagly keselleriň döreme howpuny artdyrýar.
Keseli dörediji wiruslar asgyranyňda ýa-da üsgüreniňde, ýüzbe-ýüz durup gepleşilende näsagdan sagdyn adama geçip, ýokary dem alyş agzalarynyň nemli bardasynyň dokumalarynda köpelýär. Ýiti respirator wirusly keselde wirus ýokuşandan soň, keseliň ilkinji alamatlaryna çenli döwür örän gysga bolup, birnäçe sagatdan 1-1,5 güne çenli dowam edýär. Kesel ýiti başlanýar. Beden gyzgynynyň ýokarlanmagy bolup geçýär, üşütme peýda bolýar. Kellede, bogunlarda, el-aýaklarda güýçli agyry peýda bolýar. Gözi ýaşarýar, burnundan suw akýar. Seýrek ýagdaýlarda ýüregi bulanýar, işdäsi kesilýär, içi bozulýar.
Çagalar ýiti respirator keselleri bilen kesellän wagtynda hökmany suratda maşgala lukmanyny çagyrmaly we çaganyň keseliniň agyrlyk derejesini kesgitlemeli hem-de bejergini öý şertindemi ýa-da hassahanadamy, nirede dowam etmelidigini anyklamaly. Eger öý şertlerinde bejergi almaly bolsa onda mümkin boldugyça, köp ýyly suwuklyklary içirmeli. Eger çaga ene süýdi bilen iýmitlendirilýän bolsa, onda ony adatdakydan ýygy iýmitlendirmeli. Ýyly suwuklyklar çaganyň bogazyny ýumşadýar we agyryny aýýar. Sowuklan wagty çagany adatdakydan ýygy naharlamaly. Oňa witaminlere baý bolan iýmitlerden köp bermeli. Çaganyň burnuny ýygy-ýygydan arassalap durmaly. Ony ýyly geýindirmeli, emma çendenaşa dolamaly däl. Eger maşgalada sowuklamaly adam bar bolsa, onda agyz-burnuny ýapmak üçin örtükleri ulanmaly we çagany ondan daşda saklamaly.
Ýiti respirator keselleriniň öňüni almakda arassaçylyk kadalaryny dogry ýerine ýetirmek maslahat berilýär. Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmaly. Öý we iş otaglaryny wagtal-wagtal ýelejiredip, penjireleri açyp, howasyny çalyşmaly. Mebelleri, düşemeleri çygly esgi bilen ýygy-ýygydan süpürmeli.
Çagalarda sowuklama ýa-da ýiti respirator wirus ýokançlaryň öňüniň alnyşy barada şu maslahatlar berjaý edilmeli:
- alty aýy dolmadyk çagalary diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmeli, ene süýdi bilen iýmitlendirmegi 2 ýaşa çenli dowam etmeli, daşyndan goşmaça naharlary bermeli;
- çagalary dürli-dümen witaminlere baý bolan iýmitler bilen naharlamaly, öňüni alyş sanjymlaryny wagtly-wagtynda almaly;
- çagany wagtly-wagtynda suwa düşürmeli we arassa saklamaly;
- çaga bolýan otaglary ýelejiredip durmaly we onuň bilen günde daşarda gezelenç etmeli.
Çagalaryň saglygy ene-atalara bagly, sagdyn nesli kemala getirmek her birimiziň borjumyzdyr.
Halkynyň saglygyny hemme zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Berkarar Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetirjek beýik başlangyçlary has-da rowaç alsyn!
Çemengül BAÝRAMGELDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Anesteziologiýa we reanimatologiýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.