SPORT — SAGDYNLYGYŇ ÖZENI

25-10-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen sportunyň uly ösüşlere eýe bolýan, dünýä ýol salýan döwri boldy. Hormatly Prezidentimiziň eýe eden şu ajaýyp döwründe gurulan we gurulýan sport desgalary, stadionlar, aýlawlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary ýurdumyzyň şäherleriniňdir obalarynyň bezegine öwrüldi. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde hem-de saglygyň sakasy bolan sport bilen meşgullanmakda nusgalyk görelde görkezýän hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ata Watanymyz barha giň gerimde ýaýbaňlanýan köp sanly sport ýaryşlarynyň ýurduna öwrüldi.

Indi mähriban Diýarymyzda Bütindünýä saglyk gününi halkara bileleşigi bilen ählihalk baýramçylygy hökmünde giňden belläp geçmeklik hem döwrebap däpleriň birine öwrüldi. Şu uly üstünliklere, ösüşlere we şanly wakalara beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” ady bilen sport oýunlarynyň hem-de bedenterbiýe - sagaldyş hereketi giňden geçirilýär. Tutuş ýurdymyzy gurşap alýan bu uly, ählihalk sport baýramçylygyna bagtyýar raýatlarymyz işjeň gatnaşýarlar.

Sport saglygyň sakasy. Onuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan her bir adamyň bedeni berk, ruhy belent, jany sag bolýar. Şonuň üçin-de «Sagdyn durmuş ýörelgesi adamy bezeýär, çünki saglyk milletiň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr» - diýip, buýsanç bilen nygtaýan hormatly Prezidentimiziň baş bolmagynda bu günki sagdyn durmuş ýörelgeleri ýurdumyzda köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. Bu mizemez ýörelge täze eýýamyň Galkynyşy döwrümizde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülip, bu günki gün bagtyýar ýurdumyzyň bagtyýar raýatlaryna saglyk paýlaýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär, adam häsiýetini kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär. Adamda özüne ynamy, güýç-kuwwaty, ruhubelentligi terbiýeleýär. Şonuň üçin raýatlarymyzy, aýratyn-da, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar” diýip nygtamagy Döwlet Baştutanymyzyň halkyň saglygyny goramak barada anyk meseleleri öňde goýýandygyna şaýatlyk edýär. Şol meseleleri amala aşyrmak üçin iň bir möhüm serişdeleriň biri hem bedenterbiýe we sportdyr. Hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinden gelip çykýan wezipelerden ugur alsak hem ýaşlar sportuny we bedenterbiýesini goldamak sport ulgamynyň öňündäki esasy maksat bolup durýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, ýöriteleşdirilen halkara sport birleşikleri bilen gatnaşyklary işjeň ýagdaýda pugtalandyrýar we giňeldýär. Bütin dünýä Türkmenistanyň Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklaýan iri halkara sport forumlaryny guramak ukybyny hakykatdanam görkezýändigine we subut edýändigine şaýatdyr. 

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynda raýatlaryň saglygyny goramak we berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda rowaçlandyrmak, sporty giň gerimde ösdürmek hemişe ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Sebäbi ilatyň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagy jemgyýetiň sazlaşykly ösmeginde uly ähmiýete eýedir.

Bedenterbiýäni we sporty hemra edinip, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek üçin güneşli Diýarymyzyň islendik künjeginde zerur bolan ähli şert-mümkinçilikler bar. Döwrebap stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleridir meýdançalar bagtyýar raýatlarymyzyň gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öndengörüjilikli syýasaty asuda jemgyýetimiziň bagtyýar raýatlarynyň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmaga, olarda sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmäge gönükdirilendir. Öz halkynyň sagdyn, bolelin hem-de eşretli durmuşda ýaşamagy üçin dyngysyz aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Gunça AKYÝEWA, 
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Epidemiologiýa kafedrasynyň mugallymy.

«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.


BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň  hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.


SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR

Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.


BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar. 


BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly  Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.