SAGDYN DURMUŞYŇ GÖZBAŞY

27-10-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramaga gönükdirilen maksatlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Saglygyň, sagdyn durmuşyň gözbaşy bolsa bedenterbiýe we sportdur. Şonuň üçin hem ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmäge uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda bedenterbiýe we sport her bir adamyň, hususan-da, ýaşlaryň iň ýakyn hemrasyna öwrüldi. Berk bedenli, sagdyn, ruhubelent nesli terbiýeläp ýetişdirmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Şonuň üçin ýurdumyzyň ähli künjeklerinde stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sport mekdepleri bar. Şeýle döwrebap sport mekdeplerinde ýaşlarymyz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, saglyklaryny berkidýärler hem-de tälim alýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly ajaýyp kitabynda: “Biz ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutup, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýäris. Döwletimiziň bu asylly maksatlarynyň amala aşyrylmagynda sport esasy orunlaryň birini eýeleýär” diýip nygtaýar. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ynsan saglygyny goramakda sportuň we bedenterbiýäniň uly ähmiýeti bardyr. Her ýylyň 7-nji aprelinde eziz Watanymyzda asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Halkara senä gabatlanyp geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy bolsa sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy bolan sportuň döwlet syýasatynda esasy ugurlaryň biridigini aýdyň tassyklaýar.

Saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin hem uly gymmatlykdyr, çünki ol beden taýdan sagdynlygyň, güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, bir söz bilen aýdylanda, abadan durmuşyň gözbaşydyr. Her ýylyň 7-nji apreli milli senenamamyzda dostlugyň, parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde aýratyn orun tutýar. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welosipedli ýörişler, dürli bedenterbiýe-sagaldyş we sport çäreleri, ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyryldy.

Halkara senä bagyşlanan köpçülikleýin baýramçylyk çäreleri türkmenistanlylaryň sagdyn durmuş kadalaryna, parahatçylygyň we sagdynlygyň aýrylmaz bölegi bolan halkara sport we ekologiýa hereketiniň ýörelgelerine ygrarlydygyny, mähriban halkymyzyň bitewüligini we jebisligini ýene bir gezek bütin dünýä äşgär etdi. Türgenlerimiziň gazanýan üstünlikleri Milli Liderimiziň başlangyçlarynyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ol başlangyçlary paýhasly dowam etdirýändiginiň aýdyň netijesidir. Sportuň sagdyn bolmagyň gözbaşydygyny işjeň wagyz edýän we onuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesi ildeşlerimizi sport hereketine hem-de sagdyn durmuş ýörelgesine goşulyşmaga höweslendirýär. Ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda dünýä ölçeglerine kybap gelýän, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýän stadionlar, sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri guruldy.

Milli atçylyk sportuny dünýä derejesine çykarmak üçin sebitde ilkinji “akylly” şäher adyna eýe bolan Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy gurlup ulanylmaga berildi. Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň taýsyz tagallasy, alyp barýan köptaraply işleri netijesinde ilatyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak boýunça ýola goýlan giň gerimli çäreleriň hatarynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketini ösdürmek üçin iň oňaýly şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.

Eziz Diýarymyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynda hem möhüm ugurlaryň biri hökmünde bedenterbiýäniň we sportuň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň öňe sürülýändigi guwandyryjydyr. Ajaýyp zamanamyz - Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ynsan saglygyny goramakda, sportda hem uly üstünliklere, galkynyşlara eýe bolunýan eýýam hökmünde taryha altyn harplar bilen ýazylýar. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Ýazgeldi BEKNAZAROW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Hirurgiýa kafedrasynyň mugallymy.

«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.


BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň  hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.


SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR

Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.


BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar. 


BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly  Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.