Milli saglygy goraýyş ulgamy ösüş ýolunda

12-05-26

Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş durmuş derejesini gowulandyrmak, milli saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny kämilleşdirmek ugrundaky döwlet syýasaty üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmenistanda raýatlara dürli kesellere garşy döwlet tarapyndan tölegsiz berilýän derman serişdeleriň ýokary hilli bolmagy hem-de öz wagtynda üpjün edilmegi berk gözegçilikde saklanýar. Ýurdumyzda öndürilýän derman serişdeleriniň, sanjym we beýleki saglygy goraýyş maksatly önümleriň görnüşlerini artdyrmak boýunça hem zerur çäreler amala aşyrylýar.

Türkmenistan dünýäniň döwletleri, iri halkara guramalary bilen saglygy goraýyş ulgamy boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklary barha berkeýär. Telelukmançylyk we telemaslahatlar arkaly özara tejribe alyşmak,amaly lukmançylyga öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak ýaly möhüm ugurlar boýunça ylmy diplomatiýa babatda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öňe sürmek bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýöriteleşdirlen, düzümleri, şol sanda, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk ösdürilýär.

Türkmenistanyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak döwlet derejesinde ileri tutulýar we ilat arasynda giň goldaw tapýar. Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň  işjeň agzasy hökmünde  ýurdumyzda we bütin dünýäde  adamlaryň saglygyny goramak, olaryň saglygyna we ömrüne howp salýan dürli nogsanlyklary aradan aýyrmak, ýokanç keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek babatda  nusgalyk işleri durmuşa ornaşdyrýar.

Milli saglygy goraýyş ulgamyny standartizasiýalaşdyrmak üçin lukmançylyk hyzmatlarynyň hiline, bejeriş-öňüni alyş merkezleriniň bejeriş-anyklaýyş mümkinçiligine baha bermek maksady bilen, kadalaşdyryjy resminamalar, şeýle-de hassahanalaryň derejesine laýyklykda lukmançylyk hyzmatlarynyň ýeke-täk klassifikasiýasy işlenilip düzülýär. Lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça keselleri anyklamagyň we bejermegiň beýanlary taýarlanýar.

Halkyň abadan durmuşda ýaşamagy ýurduň egsilmez baýlygy hasaplanýar. Şol sebäpden her bir ynsanyň öňünde goýýan esasy maksady öz saglygyny berkitmekden ybarat bolup durýandyr. Bilşimiz ýaly, biz halkymyzyň saglygyny gorap saklamak, onuň gadyryny bilmek babatda asylly ýörelgeleriň durmuşa geçirilýän döwründe ýaşaýarys. Mähriban Diýarymyzda bagtyýar raýatlarymyzyň saglygyny goramak maksady bilen gurulýan binalardyr desgalaryň üsti ýetirilip durulýar. Saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, halkara ölçeglere laýyk gelýän saglygy goraýyş-anyklaýyş we ylmy-kliniki merkezleriň, köpugurly hassahanalaryň, şypahanalaryň yzygiderli gurlup, ulanmaga berilmegi, olarda döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň ornaşdyrylmagy raýatlara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, keselleriň döremeginiň öňüni almaga ýardam berýär. Munuň özi ýurdumyzda halk we onuň abadan hem sagdyn durmuşy barada edilýän aladanyň aýdyň beýanydyr.

Köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen öňe sürlen we işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, soňky ýyllarda bu ulgamyň düzümleri giňeldilip, maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, ulgama innowasion tehnologiýalar, iň gowy dünýä tejribeleri we lukmançylyk ulgamyndaky gazanylanlar işjeň ornaşdyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ilaty bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmek, öňüni alyş işlerini geçirmek, dürli gelip çykyşly keselleri irki döreýiş wagtynda anyklamak we netijeli bejermek möhüm wezipeleriň biridir.

Ýurdumyzyň ähli künjeginde daşary ýurtly önüm öndürijileriň öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrylan döwrebap lukmançylyk merkezleriniň, ugurdaş desgalaryň gurulmagy hem-de ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagy bilen, türkmenistanlylar halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik aldylar. Bularyň ählisi kesellemegiň derejesiniň peselmegi, netijede, ilatyň ortaça ömür dowamlylygynyň artmagy ýaly kesgitleýji görkezijilerde öz aýdyň beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak baş wezipedir. Bu wezipe halk tebipçiliginiň köpasyrlyk tejribesini, dünýä lukmançylygynyň öňdebaryjy ýörelgelerini sazlaşykly utgaşdyrýan saglygy goraýyş ulgamynyň milli nusgasyny yzygiderli ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň öňe süren «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlaryna eýerilip, bu möhüm durmuş ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar.

Berkarar döwletimizde yglan edilen 2026-njy — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda halkymyzyň saglygyny goramak, sporty ösdürmek ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän, ýurdumyzda sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi, raýatlarymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda dünýä nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Ogulnur KITAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kesel bejeriş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.