«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» - gymmatly gollanma
09-01-26
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildi ýurdumyzda giňden bellenilen hünär baýramynyň — saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda çap edildi. Ol ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýan hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi.
Bu düýpli ylmy iş ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň, miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler hem-de milli fitoterapiýa baradaky baý mazmunly ensiklopediýa dünýäniň köp dillerine terjime edilip, daşary ýurtly okyjylara ýurdumyzyň tebigaty bilen ýakyndan tanyşmaga hem mümkinçilik döreder.
Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp kitabynyň täze jildi 3 dilde, ýagny türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilip, tebigy baýlyklarymyzyň owadan reňkli suratlary bilen bezelipdir. Onuň sahypalarynda 107 sany halk lukmançylygynda ägirt uly ähmiýete eýe bolan ösümliklere giňişleýin maglumat berilýär. Kitabyň esasy maksady lukmançylyk ulgamynyň işgärlerine, dermanlyk çig mallary taýýarlaýanlara we ýygnaýjylara dermanlyk ösümlikler barada öz bilimleriniň üstüni ýetirmek, olaryň gurluşy, bitýän ýerleri, ýaýraýşy, himiki düzümi, ösüş şertleri, lukmançylyk tejribesinde peýdalanylyşy, şeýle-de ýygnamaklygyň möhleti, usullary, saklamagyň düzgünleri, ekologik ähmiýetliligi baradaky maglumatlary giňeltmekden ybaratdyr.
Kitabyň nobatdaky XVII jildinde tebigatymyzyň endemik ösümlik görnüşleriniň halk lukmançylygynda has giňden peýdalanylýan, saglygy goraýyş ulgamynda ulanylmadyk we öwrenilmedik birnäçe ösümliklere aýratyn ähmiýet berlip, olaryň şypaly häsiyetleri açylyp görkezilýär. Kitap iki bapdan ybarat bolup, onuň birinjisi dermanlyk ösümliklerine degişli häsiýetnamalardan, ikinjisi bolsa ösümliklere degişli maglumatnamalardan ybaratdyr. Has takygy, birinji bapda derman ösümlikleriň häsiýetleri, ýaýrawy, tebigy gorlary, dermanlyk çig mallary, himiki düzümi, dermanlaryň taýýarlanyşy, ulanylyşy hakynda ylmy maglumatlar berilýär. Ikinji bapda bolsa dermanlyk ösümlikleriň türkmençe-latynça-rusça sözlügi, çig mallary ýygnamagyň senenamasy, saklanyş möhletleri we peýdalanylan edebiýatlar ýerleşdirilipdir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 30 ýyl doldy. Milli Liderimiziň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby hem şu geçen döwürde milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatda ýetilen sepgitlere, öňde duran maksatlara bagyşlanýar. Bu döwürde maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde, saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly ösüşler gazanyldy. Ulgamyň ähli düzümlerine häzirki zamanyň ösen tejribesi, döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Täze neşir ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilen ägirt uly işleri anyk delilleriň, statistiki maglumatlaryň üsti bilen täsirli beýan edýän 22 sany bölümden ybaratdyr. Gahryman Arkadagymyzyň eseri türkmen, iňlis we rus dillerinde giň okyjylar köpçüligine ýetirildi.
Alym Arkadagymyzyň paýhasyndan döreýän eserleri okyjylar köpçüligi üçin gymmatly gollanma öwrülip, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly, netijeli işewür gatnaşyklaryň, şol sanda ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna goşant goşýar.
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2026-njy — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda il-günüň bagtyýar durmuşda sagdyn we uzak ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Aýjahan KADYROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.