Saglygy goraýyşdaky belent sepgitler

27-10-26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamynda hem uly işler durmuşa geçirilýär. Bu ulgamy innowasion taýdan ösdürmek we dünýä ülňülerine laýyk getirmek işlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda lukmançylyk ulgamynda keselleriň öňüni almakda, anyklamakda we olary bejermekde öňdebaryjy tehnologiýalar, täzeçil işläp taýýarlamalar önümçilige ornaşdyrylýar. Şonuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda her bir raýatyň sagdyn bolmagy ugrunda ähli zerur şertler döredilýär.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy maksady ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, raýatlar üçin saglygy goramak babatda hemmetaraplaýyn deň mümkinçilikleri we şertleri üpjün etmek, kämil hem-de ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek bolup durýar. Agzalan maksatnamany durmuşa geçirmegiň esasynda ýurdumyzda hassahanalar, saglyk merkezleri açylyp ulanylmaga berilýär.

Gahryman Arkadagymyz ak mermerli paýtagtymyzda üstünlikli geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisindäki çykyşynda: «Sagdyn jemgyýet gülläp ösýän döwletiň daýanjy bolup durýar. Şonuň üçin biz 30 ýyl mundan ozal, ýagny 1995-nji ýylda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny kabul etdik. Milli saglygy goraýyş ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyryp, ösüşiň hil taýdan täze basgançagyna çykardyk. Sebäbi halkyň saglygy diňe bir ýurduň baş baýlygy bolman, eýsem, türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar geljeginiň hem berk binýadydyr» diýip bellemegi saglygy goraýyş ulgamynyň has-da ösdürilýändiginiň aýdyň beýany bolup durýar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň dabaralarynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan ösüşlere, ýetilen sepgitlere nazar aýlanymyzda beýik üstünliklere buýsanjymyz goşalanýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugry bolup durýar. Saglygy goraýyş ulgamynda halkymyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary hödürlenilýär.

Milli lukmançylygyň hünär baýramy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen paýtagtymyz Aşgabatda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Halkara pediatriýa we Stomatologiýa merkezleriniň, şeýle hem meşhur “Arçman” şypahanasynyň täze binalar toplumynyň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi täze taryhy döwürde ynsan saglygyny goramaga aýratyn ähmiýet berilýändigini äşgär etdi. 

Baýramçylyk günlerinde geçirilen Halkara ylmy maslahatda soňky wagtda ýurdumyzda kabul edilen «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli strategiýanyň», «Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň», «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamanyň», «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» ähmiýetine hem üns çekildi. “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda işlenilip düzülen bu möhüm strategiýalarda ilatyň saglyk ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça işler öz beýanyny tapýar.

Berkarar Watanymyzda halkymyzyň saglygy we bagtyýar geljegi hakda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

Sülgün ORAZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Ortopedik we hirurgik stomatologiýa kafedrasynyň assistenti.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.