Sagdyn ýörelge — sagdyn jemgyýet
30-10-25
                Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen sportunyň uly ösüşlere eýe bolýan, dünýä ýol salýan döwri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň eýe eden şu ajaýyp döwründe gurlan we gurulýan sport desgalary, stadionlar, aýlawlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary ýurdumyzyň şäherleridir obalarynyň bezegine öwrüldi.
Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde hem-de saglygyň özeni bolan sport bilen meşgullanmakda nusgalyk görelde görkezýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen barha giň gerimde ýaýbaňlanýan köp sanly sport ýaryşlarynyň, welosipedli ýörişleriň, milli spartakiadalaryň, Saglyk ýoluna ýörişleriň, şeýle hem köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň toplumy döwletli Diýarymyzda berk bedenli, sagdyn we ruhubelent nesilleri kemala getirmeklige gönükdirilendir. Döredilýän mümkinçilikler, geçirilýän dabaralardyr ýaryşlar ýurdumyzda halkymyz baradaky edilýän aladanyň aýdyň görkezijisi bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň, esasan hem, ýaş nesliň saglygynyň goralmagyny döwlet derejesindäki ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde görkezip, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmeginiň uzakmöhletleýin umumymilli maksatnama mahsus bolan guramaçylykly häsiýete eýe bolmagyna badalga berdi. Hut şu ugurda eýýäm anyk we yzygiderli ädimler ädildi. Muňa mysal edip, ýurdumyzda umumymilli spartakiadalaryň we sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlarynyň guralmagyny, sportuň maddy-tehniki binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyny we ösdürilmegini görkezmek bolar.
Uly üstünliklere, ösüşlere we şanly wakalara beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Tutuş ýurdumyzy gurşap alýan uly, ählihalk sport baýramçylyklaryna bagtyýar raýatlarymyz işjeň gatnaşýarlar. Sport bilen meşgullanyp, ruhubelentligini galdyrýarlar.
Türkmenistan döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlary bilen welosiped sporty halkara derejesine göterildi. BMG-niň ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamany kabul etdi. Bu Kararnamanyň döredijileri bolup 62 sany döwlet çykyş etdi.
Bilşimiz ýaly, mähriban Watanymyzyň başlangyjy bilen Milletler Bileleşigi 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnama kabul etdi. Her ýyl yzygiderli görnüşde dürli ýaşdaky raýatlarymyzyň işjeň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri guralýar. Bütindünýä welosiped gününi ebedileşdirmek maksady bilen, paýtagtymyzyň ajaýyp keşbine görk berýän «Welosiped» binasynyň açylmagy bolsa Garaşsyz ýurdumyzda ulagyň ýokary ekologiýa görnüşi hasaplanylýan welosipede berilýän uly ähmiýetiň aýdyň subutnamasy boldy.
Biz durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi wagyz etmek we onuň jemgyýetçilik ulag ulgamyna girizilmegini goldamak işini mundan beýläk hem maksatnamalaýyn esasda dowam ederis diýip, Gahryman Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belläp geçýär.
Ýurdumyzda şunuň ýaly uly möçberli çäreler bedenterbiýe-sagdynlyk hereketiniň hil taýdan täze derejä ýetirilmegini, giň gerimli jemgyýetçilik işleriniň geçirilmegini alamatlandyrýar, bularyň maksady bolsa türkmen halkynyň, her bir raýatyň abadan, bagtyýar we göwnejaý ýaşaýşyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Halkynyň saglygyny hemme zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Berkarar Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetirjek beýik başlangyçlary has-da rowaç alsyn!
Şöhrat BERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik anatomiýa kafedrasynyň mugallymy.
«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR
Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar.
BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.
        HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.